Makalalar
1655b1fb60099f.jpg
Gazçylaryň baýramçylyk zähmet sowgatlary
20.11.23 - 13:58

«Türkmengaz» döwlet konserniniň hem-de «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Mary welaýatyndaky edara-kärhanalarynyň gazçylary döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň ýetip gelýän şanly 28 ýyllyk baýramçylygyna hem-de Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň gününe zähmet sowgatlary bilen barýarlar.


165530f672f95a.jpg
Gazçylaryň jogapkärli möwsümi
14.11.23 - 11:10

Häzirki günlerde «Marygazüpjünçilik» müdirliginiň Mary welaýatynyň şäherlerindäki, etraplaryndaky gaz hojalyk edaralarynyň işgärleri ilatyň tebigy gazyň köp sarp edilýän döwri bolan gyş paslynda «mawy ýangyç» bilen üpjünçiliginde bökdençligiň ýüze çykmazlygy üçin möwsüme taýýarlyk işlerini bellenilen meýilnama laýyklykda ýokary hilli geçirýärler.


1654a1e48e09d1.jpg
Başarjaňlar her bir işde görelde
07.11.23 - 16:23

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň geologiýa bölüminiň başlygy Berdi Kutlyýewden öňdebaryjylar hakynda soranymyzda, ilkinjileriň hatarynda buraw ussasy Oraz Durdykulowyň adyny tutdy hem-de onuň ýaş bolsa-da, özüniň tabynlygyndaky toparyň agzalaryna başarjaňlyk bilen ýolbaşçylyk edýändigini, işleri netijeli guraýandygyny sözüniň üstüne goşdy. Oraz Durdykulow müdirligiň guýulary ýerasty we düýpli bejeriji böleginde göreldeli zähmet çekýän eken. Şondan soňra bizde ýaş hünärmen bilen ýakyndan tanyşmak höwesi döredi.


165410365aa4f7.jpg
Institutyň durky döwrebaplaşdyrylan binasy we täze ýaşaýyş jaýlary dabaraly açyldy
31.10.23 - 18:38

Balkan welaýatynda üstünlikli amala aşyrylýan taslamalar, alnyp barylýan dürli maksatly gurluşyklar, öňden bar bolan ymaratlaryň durkunyň döwrebaplaşdyrylmagy bu sebitiň ýurdumyzyň möhüm künjegine öwrülmegine giň ýol açýar. Geçen hepdäniň çarşenbe güni «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabatdaky «Nebitgazylmytaslama» institutynyň durky döwrebaplaşdyrylan iki gatly binasynyň dabaraly ýagdaýda işe girizilmegi hem muňa doly şaýatlyk edýär.


16537666ba531a.jpg
Goturdepeli nebitçileriň ynamly gadamlary
24.10.23 - 11:38

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 14-nji iýulynda bolup geçen giňişleýin mejlisinde milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynda bitirilen işlere mynasyp baha bermek bilen, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň kabul edilen we onuň senagat hem-de eksport kuwwatlyklarynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen ösüş maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň zerurdygyny aýratyn nygtady.


1652e2e2ebe6f9.jpg
Geologiýa bagyşlanan ömür
17.10.23 - 11:48

Alym zenan Toty Rozyýewa 50 ýyla ýakyn zähmet ýoluny geolog hünärine bagyşlapdyr. Saralyp giden arhiw ýazgylaryň arasyndaky dürli ýyllarda neşir edilen gazet-žurnallarda ol barada ýazylan makalalar, onuň öz ýazan makalalary, baş sahypalarda çap edilen suratlary bizi has-da gyzyklandyrdy we şu ýazgylaryň döremegine sebäp boldy.


1652e2dd5d8473.jpg
Öňdebaryjy kärhana
17.10.23 - 11:46

Ýurdumyzyň nebitgaz senagaty milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biridir. Şonuň netijesinde türkmen topragynyň tebigy baýlyklaryny netijeli peýdalanmak bilen ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak milli energetika strategiýasynyň esasyny düzýär. Ýurdumyzyň nebitgaz senagatynyň ösüşine saldamly goşant goşýan baýry kärhanalaryň biri-de Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumydyr.


16524e8e9c021d.jpg
Rowaçlyklara beslenýän menziller
10.10.23 - 11:02

— Her gezek ulaglar kärhanamyzyň derwezesinden çykyp, uzak menzillere ýola rowana bolanda olary ýagşy arzuw-niýetler bilen ugradýarys. Sürüjilerimiz ymgyr Garagumuň gollarynyň arasynda ýerleşýän gaz känlerine, önümçilik desgalaryna möhüm ýükleri bökdençsiz daşaýarlar, zerur işleri bitirýärler. Möhüm ýükleriň degişli ýerine öz wagtynda, abat ýagdaýda eltilmegi, gaz geçirijileri, desgalary abatlamak bilen bagly işleriň ýokary hilli bitirilmegi bolsa umumy işlerimiziň barha öňe ilerlemegine uly ýardam berýär — diýip, Gurbangeldi Bekiýew gürrüň berýär.


164ffffab1a50b.jpg
Üstünlige mynasyp goşant
12.09.23 - 11:05

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň agzybir işgärleri Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny üstünliklere beslemek ugrunda janypkeşlikli zähmet çekýärler. Olaryň birleşen tagallalary ýerine-de düşýär. Baýlyk çykaryjylar tarapyndan üstümizdäki ýylyň tamamlanýan her bir aýy ýokary önümçilik görkezijilerine beslenýär.


164ed887338c96.jpg
Baş baýramymyzy sowgatly garşylaýarlar
29.08.23 - 10:56

«Daşoguzgazakdyryş» müdirliginiň düzümine girýän edara-kärhanalaryň işçi-hünärmenleri ýylyň başyndan bäri welaýatda hereket edýän gaz akdyryjy, gaz gysyjy hem-de gaz paýlaýjy desgalar bilen bir hatarda, dolandyryş we önümçilik binalarynyň ýyladyş ulgamlaryny güýz-gyş möwsümine taýýarlamak ugrunda giň göwrümli işleri durmuşa geçirdiler.


164ed88bfa482b.jpg
Baş baýlygyň goragynda
29.08.23 - 10:57

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Marygazçykaryş» müdirliginiň durmuş taýdan dolandyryş edarasyna degişli «Şatlyk» keselleriň öňüni alyş şypahanasy indi ençeme ýyllardan bäri il-halkymyza ýokary medeniýetli hyzmat edip, bagtyýar raýatlarymyzyň saglygynyň pugtalandyrylmagyna öz goşandyny goşýar.


164e44c7391e1a.jpg
Suw gözleýjileriň rowaç işleri
22.08.23 - 10:49

Daşoguz gidrogeologiýa ekspedisiýasynyň agzalary barha golaýlaşýan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk şanly senesini mynasyp toý sowgatlary bilen garşylamaklyga şu günlerden uludan taýýarlyk görýärler.


164dc744002fe2.jpg
Döwrebap zähmetiň datly miwesi
16.08.23 - 12:01

Bu öňdebaryjy kärhanada şu ýylyň geçen ýedi aýynda konserniň burawlaýjуlarydyr guýulary düýpli abatlaýjylaryna agregat hyzmatlaryny ýola goýmak baradaky meýilnamanyň 138,8 göterim berjaý edilmegi-de muňa aýdyň şaýatlyk edýär.


164dc73a34314f.jpg
Nebiti gaýtadan işleýjileriň gaýratly işleri
16.08.23 - 11:58

Ýurdumyzyň ykdysadyýetinde möhüm orny eýeleýän nebitgaz toplumynyň iri kärhanalarynyň biri bolan Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny şowly jemlemek, nebit önümleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak ugrunda netijeli işler alnyp barylýar. Gaýtadan işleýjileriň gaýratly we maksada okgunly zähmet çekmegi arkaly şanly ýylyň tamamlanan ýedi aýy üstünlikli jemlenildi.


164d21932274bc.jpg
«Malaý — Bagtyýarlyk» gaz geçirijisiniň «mawy ýangyç» akymy
08.08.23 - 15:30

«Türkmengazakdyryş» birleşiginiň «Gündogargazakdyryş» müdirliginiň iň iri önümçilik düzümi bolan «Bagtyýarlyk» önümçilik meýdançasy döwrebap tilsimatly enjamlar bilen enjamlaşdyrylan häzirki zaman senagat kärhanasydyr.