Makalalar
160a4b90e6272e.jpeg
Şanly senelere mynasyp sowgat bilen
19.05.21 - 17:06

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň başarjaň işgärleri tamamlanýan her bir aýy zähmet üstünliklerine besleýärler. Nebiti gaýtadan işleýjiler «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň taryhy senelerini, ilkinji nobatda bolsa, ýurt Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny we hünär baýramyny zähmet ýeňişleri bilen garşylamagy maksat edinip, artdyrylan gaýrat bilen zähmet çekýärler. Munuň şeýledigine kärhana boýunça üstümizdäki ýylyň geçen dört aýynda gazanylan maliýe-ykdysady görkezijilere ser salanyňda hem aýdyň göz ýetirip bolýar.



1609a2a1436b62.jpeg
Sementlemek arkaly guýulary abatlamak
11.05.21 - 16:54

Nebit we gaz ýataklaryny özleşdirmegiň tehnologiýasy we toplumlaýyn mehanikasy hünäri boýunça 50 ýyla golaý «Goturdepe» guýulary düýpli abatlaýyş müdirliginde işläp, geçen ýyl hormatly dynç alşa çykdym. Biz guýulary düýpli abatlamak işinde örän çylşyrymly we jogapkärli hasaplanylýan sementlemek işini geçirmegiň tärleri barada «Nebit-gaz» gazetiniň üsti bilen ýaşlara hem-de hünärmenlere gürrüň bermegi makul bildik.


1609a2a85bbf54.jpeg
Ýerasty baýlyklaryň mesgeni
11.05.21 - 16:56

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazçykaryş» trestiniň «Keýmir» nebitgaz çykaryş müdirligi (NGÇM) Balkanabat şäherinden 210 kilometr daşlykda ýerleşen, Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynyň günorta sebitindäki nebitgaz känleriniň dördüsini — Ekerem, Akpatlawuk, Keýmir we Kemer meýdançalaryny özüne birleşdirýär.


1609a2ac746926.jpeg
Eşretli ýaşaýşyň hyzmatynda
11.05.21 - 16:57

Halkymyza durmuşy eşretleriň barha elýeterli bolmagy ugrunda alnyp barylýan giň gerimli işler özüniň gözbaşyny hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesinden alýar. Ýaşaýşy abadançylyga besleýän eşretleriň biri-de tebigy gazdyr.


1609a2af98c870.jpeg
Mübärek aý
11.05.21 - 16:58

Oraza bütin musulman ymmatynyň baýramydyr. Musulman senenamasynyň dokuzynjy aýy bolan «Aýlaryň soltany» adyny alan Oraza aýy haýyr-sahawata, ynanç-ygtykatlara, ýagşy niýet-pällere, alkyş-dileglere, mähir-muhabbete, sogaplara beslenen aýdyr.


160990f45097d1.gif
Aşgabat — täsin rekordlaryň şäheri
10.05.21 - 20:47

Taryhy maglumatlardan belli bolşy ýaly, şäheriň Aşgabat ady (eshq «söýgi») we (abad «şäher») diýen pars sözlerinden gelip çykypdyr.


160ae50d0613eb.jpeg
Şöhratly şäher
07.05.21 - 23:43

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda paýtagtymyz Aşgabat şäheri öz ajaýyp görküni has-da gözelleşdirýär.



16090e4426efa4.jpeg
Taryhy wakalar beýik işlere badalgadyr
04.05.21 - 16:05

Toýlary toýa ulaşýan Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizde Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherinde ýokary guramaçylyk ýagdaýynda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň birinji mejlisi «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň möhüm ähmiýetli taryhy wakalarynyň birine öwrüldi.


16090e49d7d579.jpeg
Maksat — önüm öndürilişini artdyrmak
04.05.21 - 16:07

Mukaddes senäni — Türkmenistanyň beýik Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny zähmet üstünlikleri bilen garşylamak, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösüşlerine mynasyp goşant goşmak «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň agzybir işgärleriniň üstümizdäki ýyldaky baş maksadydyr.


16090e5367de11.jpeg
Türkmenistan — ÝB: energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk
04.05.21 - 16:09

2021-nji ýylyň ahyryna çenli Ýewropa komissiýasy Ýewropa Bileleşiginiň elektrik energetikasy we gaz ulgamynda umumy gyzyklanma döredýän taslamalaryň täze sanawyny tassyklar (PCI). Bu sanawa Ýewropanyň energetika bazary üçin zerur bolan hem-de ÝB-niň elýeterli, howpsuz we durnukly energiýany üpjün etmek boýunça energetika syýasatynyň maksatlaryna ýetmek üçin möhüm bolan taslamalar girizilýär.


16090e595ec2fc.jpeg
Tebigy gaz öý-ojaklara eşret paýlaýar
04.05.21 - 16:11

Hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak baradaky sahawaty esasynda döwletimiz tarapyndan ilatymyza berilýän milli baýlygymyz — tebigy gaz her bir öý-ojaga eşret paýlaýar. Bagtyýar halkymyzyň tebigy gaz bilen üznüksiz üpjün edilmeginde «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň önümçilik düzümleriniň gazçylarynyň mynasyp paýy bar.


16090e6969381d.jpeg
Döwrüň ruhuna mahsus işler
04.05.21 - 16:12

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda barha rowaçlyga beslenýän üstümizdäki ýylymyzyň her bir aýyny ýokary iş görkezijileri bilen jemleýän «Daşoguzgazakdyryş» müdirliginiň gazçylary barha golaýlaşýan ak mermerden paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly senelerini mynasyp zähmet sowgatlary bilen garşylamak ugrunda şu günlerden uludan taýýarlyk görýärler.


1608e70afd4ea3.jpeg
BINAGÄRLIGIŇ GUDRATY
02.05.21 - 19:28

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň ýüregi — Aşgabat şäheriniň ajaýyp keşbi kalbyňda iň ýagşy arzuwlary döredýär we ruhuňy göterýär. Bu täsinligi gözel paýtagtymyzyň özboluşly sazlaşygy emele getirýän ak mermer binalarynda, suw çüwdürimli seýilgählerinde, reňbe-reň açylan güllerinde, saýaly baglarynda, şugla saçýan döwrebap ýollarynda, innowasion tehnologiýalaryň sazlaşygynda, şeýle-de adamlaryň şadyýanlygynda we bagtlylygynda görmek bolýar.