Makalalar
16908eb56322a5.jpg
Zähmet gadamy batlanýar
04.11.25 - 09:15

«Türkmengaz» döwlet konserniniň gazçylarynyň ýurdumyzyň sebitleriniň çäklerinde ýerleşýän gaz känleriniň ulanyş guýularyny burawlap, «mawy ýangyjyň» akymyny almak ugrundaky netijeli işlerinde konserniň beýleki edara-kärhanalarynyň işgärleri bilen birlikde, Ulaglar müdirliginiň hünärmenleridir işçileriniň hem goşantlarynyň saldamlydygyny aýtmak gerek. Kärhananyň işgärleri konserniň edara-kärhanalaryna buýurmalar esasynda ulag hyzmatlaryny öz wagtynda bökdençsiz ýerine ýetirýärler.


16908eb15cd938.jpg
«Mawy ýangyç» — ojaklaryň höziri
04.11.25 - 09:10

Indi onlarça ýyldan bäri bagtyýar ildeşlerimiz gyşyn-ýazyn türkmen topragyndan alynýan «mawy ýangyjyň» hözirini görüp gelýär. Şol bir wagtyň özünde-de täze döreýän obalara, şäherçelerdir şäherlere gaz geçirijiler çekilýär.


169035faa64300.jpg
Läle Begnazarowa «Nebit-gaz» gazetiniň redaksiýasynda myhmançylykda
30.10.25 - 17:52

Türkmenistanyň halk artisti Läle Begnazarowadan söz açsaň, bada-bat «Hä, «Selbinyýazy» aýdýan bagşymy?» diýilýär. Ömrüni sungata bagyş eden ynsan üçin adynyň öz gahrymany bilen bile tutulmagyndan uly lezzet barmyka?! Bu gün halk arasynda adygyp, ussatlyga ýeten bagşy zenan «Siz Arkadag, Arkadagly Gahryman Serdar», «Jan Türkmenistan», «Aşgabat», «Jan ejemden aýyrma», «Seni küýsedim» ýaly aýdymlary bilen diňleýjileriň uly söýgüsini gazandy.


168f653a2be5bb.jpg
Gidrogeologlaryň döwrebap işleri
21.10.25 - 09:15

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň iň baýry hem öňdebaryjy kärhanalarynyň biri bolan «Marygidrogeologiýa» ekspedisiýasynyň hünärmenleridir işçileri şu günler Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk şanly toýuny ýokary önümçilik görkezijileri bilen garşy almak üçin öz zähmet gadamlaryny has-da batlandyrýarlar.


168f652f4eb11b.jpg
«Mawy ýangyjyň» çykarylyşy artdyrylýar
21.10.25 - 09:10

Asty-üsti hazyna türkmen topragyndan Çyn-Maçyna ojaklary ýyladýan «mawy ýangyç» indi ençeme ýyldan bäri yzygiderli iberilýär. Bu asylly işe «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň gaýratly gazçylary hem önjeýli goşant goşýarlar. Olar Malaý — Bagtyýarlyk gaz geçirijisi boýunça eksport ugurly akdyrylan «mawy ýangyjyň» möçberini göz öňünde tutulanyndan has köpeltmegiň hötdesinden geldiler.


168ed4a03e2b8c.jpg
Ynamly gadamlar bilen
14.10.25 - 09:15

«Türkmennebit» döwlet konserniniň düzümindäki iň baýry kärhanalaryň biri bolan «Nebitgazçykaryş» trestiniň «Nebitdagnebit» nebit-gaz çykaryş müdirliginiň «gara altyn» ussatlary Garaşsyz Diýarymyzyň esasy ýerasty baýlyklarynyň biri bolan uglewodorod


168e3f9466fb95.jpg
Guwandyryjy görkezijiler, aýdyň maksatlar
07.10.25 - 09:20

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň ýerlerdäki gaz hojalyk edaralarynyň zähmetsöýer işçi-hünärmenleri demirgazyk welaýatyň ilatyny we edara-kärhanalaryny tebigy gaz bilen üpjün etmekde şu ýylyň 9 aýyny netijeli jemlediler.


168d17c8b142de.jpg
Burawlaýjylaryň zähmet üstünligi
23.09.25 - 09:05

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň gazçylary ýurdumyzyň sebitlerindäki gäz känleriniň ulanyş guýularynda burawlaýyş işlerini üstünlikli alyp barýarlar. Gazçylar döwletimiziň şanly Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramçylygynyň giňden toýlanylýan günlerinde ajaýyp zähmet üstünligini gazandylar.


168c84553ed492.jpg
Suw arassalaýjylaryň hyzmaty
16.09.25 - 09:15

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Marygazçykaryş» müdirliginiň Durmuş taýdan dolandyryş edarasynyň suw, bug üpjünçilik sehiniň «Garybata» suw arassalaýjy desgasy hem kuwwatly kärhanalaryň biridir.


168bf1408358d8.jpg
Has çuň gatlaklara aralaşyp
09.09.25 - 09:15

Hormatly Prezidentimiz geçen aýyň 29-ynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň sekiz aýy boýunça alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlap, sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň işini has-da kämilleşdirmegiň möhümdigini belläp


168b5e17325b44.jpg
Tebigy gazyň eşreti
02.09.25 - 09:10

Döwletimiz tarapyndan halkymyza berilýän eşretleriň biri — tebigy gaz bilen ilaty ýylyň bütin dowamynda bökdençsiz üpjün etmek gaz hojalyk edaralarynyň işgärleriniň baş aladasy bolup durýar. Häzirki günlerde bolsa olar gaz geçirijileri, gaz desgalarydyr enjamlaryny jogapkärli döwür hasaplanylýan güýz-gyş möwsümine taýýarlamak işlerini tehnologik talaplara laýyk ýokary depginde alyp barýarlar.


168ac94d61276f.jpg
Nebitçileriň ýakyn ýardamçylary
26.08.25 - 09:15

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazçykyryş» trestiniň Gaz toplaýyş we akdyryş müdirliginiň «Goturdepe» gaz gysyjy desgasynyň hünärmenleridir işçileri ýokary sepgitlere eýe bolmak bilen netijeli zähmet çekýärler.


168a3587cebf19.jpg
Kämil tehnikalar gujurly gollarda
19.08.25 - 09:15

Türkmen topragy öz goýnunda gymmatly tebigy baýlyklaryň uly goruny saklaýar. Şol baýlyklary agtaryp tapmak, onuň möçberlerini anyklamak, gazyp almak ýaly biri-birine utgaşykly işlerde «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Lebap geofizika ekspedisiýasynyň agzybir we başarjaň işgärleri tutanýerlilik hem-de maksada okgunlylyk görkezýärler. Olaryň birleşen tagallalary ýerine-de düşýär.


168a357d5707a8.jpg
Şypasy-da bar, sapasy-da
19.08.25 - 09:05

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Marygazçykaryş» müdirliginiň Durmuş taýdan dolandyryş edarasynyň «Şatlyk» keseliň öňüni alyş şypahanasy kyrk ýyldan köpräk wagt bäri ýurdumyzyň nebitgaz senagatynyň işgärleri bilen birlikde, ähli künjeklerden gelen dürli ýaşdaky adamlara hyzmat edip gelýär.


168a3582138002.jpg
Ümzükleri ileri, maksatlary aýdyň
19.08.25 - 09:10

«Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň baýry zähmet köpçüliginiň biri bolan «Daşoguzşähergaz» gaz hojalyk edarasynyň işçi-hünärmenleri şu ýylyň 7 aýynyň iş tabşyryklaryny üstünlikli berjaý etmek bilen, awgust aýynyň işlerini guramaçylykly dowam edýärler.