Türkmenistanda nebiti gazyp almagyň taryhyndan
25.06.24 - 07:21Türkmen topragynda nebit barada ilkinji ýatlamalar gözbaşyny baryp XIII asyrdan alyp gaýdýar. Şol döwürde Nebitdagda bu çig mal guýy gazmak arkaly çykarylypdyr. 1782-nji ýylda Çelekende (halk arasynda «nebitli ada» diýlip atlandyrylypdyr) nebit guýularynyň 20-si işläp, olardan bir ýylda 4 müň puda çenli nebit çykarylypdyr — meşiklere (malyň derisinden ýasalan halta) guýlup, gaýyklar bilen daşalypdyr.
Üstünlikde paýlary bar
25.06.24 - 07:13«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň guýulary ýerasty we düýpli bejeriji böleginiň agzybir we başarjaň işgärleri tutanýerli zähmet çekýärler. Olar şanly ýylyň geçen bäş aýynda guýularyň 11-sini abatlamagyň hötdesinden geldiler we bu baradaky meýilnamany berjaý etdiler.
Baýlyk çykaryjylar öňdeligi saklaýarlar
18.06.24 - 04:05Ýurdumyzyň uly baýlygy bolan tebigy gazyň gazylyp alnyşyny, onuň sarp edijilere iberilişini artdyrmak ugrundaky möhüm işde «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň Kükürtli liniýa önümçilik böleginiň hünärmenleri ýokary başarnyk we yhlaslylyk görkezýärler. Olaryň birleşen tagallalary arkaly üstümizdäki ýylyň tamamlanan döwri üstünliklere beslendi. Şol sebäpli bölegiň işgärleri müdirligiň öňdebaryjylary hasaplanýar.
Abatlaýjylaryň abraýy artýar
18.06.24 - 04:00Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny ýylsaýyn täze belentliklere götermekde we ýer jümmüşinden alynýan uglewodorod çig mallarynyň möçberlerini artdyrmakda «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazdüýpliabatlaýyş» trestiniň müdirlikleri hem Balkan welaýatyndaky ojaklarda netijeli işleri amala aşyrýarlar.
III. Türkmenistanyň gaz senagaty: geçmişden şu güne
11.06.24 - 07:13Merkezi Aziýada iň uly birönümli gatlakly Şatlyk (Gündogar we Günbatar) gazkondensat käni 1973-nji ýylda ulanyşa goýberildi.
II. Türkmenistanyň gaz senagaty: geçmişden şu güne
04.06.24 - 06:03Türkmençilikde aýdylyşy ýaly, Ojak gaz käniniň höwri köp boldy. Amyderýanyň hekdaş gatlaklaryny düýe boýnuny döredip kesip geçýän ýerinde, Şyharyk obasynyň ýanynda 1966-njy ýylda türkmen gazçylarynyň merkezi Gazojak şäheriniň düýbi tutuldy.
Maksatlary myrat tapýan gazçylar
28.05.24 - 04:15«Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň «Daşoguzşähergaz» gaz hojalyk edarasynyň gazçylary welaýat merkezi — gojaman Şabady etekläp oturan Daşoguz şäheriniň ilatyny we edara-kärhanalaryny tebigy gaz bilen üznüksiz üpjün etmekde ýokary netijelere eýe bolýarlar. Munuň şeýledigine edaranyň agzybir zähmet köpçüliginiň şu ýylyň ilkinji 5 aýynyň jemleri boýunça gazanan guwandyryjy zähmet netijeleri hem doly güwä geçýär.
Bäsdeşlige ukyply we islegli önümler
21.05.24 - 06:02Döwletimiziň ýangyç-energetika pudagynyň kerwenbaşysy bolan «Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda alnyp barylýan ägirt uly işler bu ulgamyň täze belentliklere göterilýändiginden habar berýär.
I. Türkmenistanyň gaz senagaty: geçmişden şu güne
14.05.24 - 06:18Biz ýurdumyzyň gaz senagatynyň ýarym asyrdan gowrak döwri öz içine alýan ösüş ýoluna bagyşlanan makalalar toplumyny okyjylara hödürlemegi makul bildik. Olarda ýurdumyzyň gaz senagatynda uly işleri bitiren alymlaryň we hünärmenleriň, hususan-da, şu makalada Gurbanguly Ýazyýewiň maglumatlaryndan peýdalanyldy.
Nebiti gaýtadan işleýjileriň üstünligi
14.05.24 - 06:05Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda üstümizdäki ýyly üstünliklere beslemek, çig mallary çuňňur gaýtadan işlemegiň hasabyna geçginli nebit önümlerini öndürmek ugrunda gaýratly zähmet çekilýär. Agzybir we başarjaň nebiti gaýtadan işleýjileriň birleşen tagallalarynyň ýerine düşýändigine bolsa «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň üç aýynyň görkezijilerine nazar aýlanyňda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar.
Meniň şäherim — ikinji öýüm
07.05.24 - 09:21Döwletimiziň okgunly ösýän döwründe Mary welaýatynyň Şatlyk şäherem giňelip, barha täze keşbe girýär. «Marygazçykaryş» müdirliginiň Ýaşaýyş jaý jemagat kontorasynyň işgärleri tarapyndan gazçylar şäherini abadanlaşdyrmak, köçeleriň gyralaryna, seýilgählerine bag nahallaryny, dürli gülleri ekmek, ýanýodalaryny döwrebaplaşdyrmak, ýaşaýjylar üçin oňaýly ýaşaýyş-durmuş şertlerini döretmek boýunça alnyp barylýan meýilnamalaýyn işler hem bellärliklidir.
Maksatlar bir bolanda
07.05.24 - 09:20Ýurdumyz uglewodorod serişdeleriniň gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlarynyň birini eýeleýär. Bu bolsa gymmatly önümleriň çykarylyşyny, olaryň içerki we daşarky bazarlara ugradylýan möçberlerini artdyrmaga mümkinçilik berýär. Gazanylýan üstünlige «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazgeofizika» müdirliginiň Lebap meýdançasyndaky önümçilik-tehnologik gullugynyň agzybir we başarjaň hünärmenleri hem mynasyp goşant goşýarlar.
«Mawy ýangyç» bilen üznüksiz üpjün edilýär
30.04.24 - 10:18«Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň welaýatyň Saparmyrat Türkmenbaşy, Ruhubelent, Köneürgenç, Şabat we Görogly etraplaryndaky gaz hojalyk edaralarynyň gazçylary medeni zolakdan uzakda ýerleşýän obalaryň ilatyny hem-de Garagum sährasynyň jümmüşinde, Sarygamyş kölüniň boýlarynda we Bötendag sebitlerinde bar bolan öri meýdanlarynda häzirki günlerde ýazlaga çykan, çarwaçylyk bilen meşgullanýan maldarlarymyzy suwuklandyrylan gaz bilen ýeterlik derejede üpjün etmek ugrunda netijeli işleri alyp barýarlar.
Täze ýangyç guýuş beketleri halkyň hyzmatynda
30.04.24 - 10:16Mary welaýatynyň Mary etrabynyň çäginde Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň 309,7-nji kilometrliginde «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň Wekilbazar nebit önümleri kärhanasynyň buýurmasy esasynda täze gurlan awtoulaglara ýangyç guýuş beketleriniň ikisi ulanmaga berildi. Munuň özi sürüjiler üçin döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygynyň şanly toýunyň belleniljek ýylynda ajaýyp toý sowgady boldy.
Bilelikde işlemek — üstünligiň kepili
23.04.24 - 05:14Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň uglewodorod serişdeleriniň gorlarynyň üstüni ýetirmek, tebigy gazyň gazylyp alynýan möçberlerini artdyrmak boýunça anyk we jogapkärli wezipeleri kesgitledi. Ol wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, il-ýurt bähbitli meselelerde ýokary netijeleri gazanmak üçin tagallalary birleşdirmek, maksada okgunly zähmet çekmek talap edilýär.