Gubadagda gaz ulgamlary güýz-gyş möwsümine taýýarlanýar
03.08.26 - 10:11«Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň düzüm birligi bolan «Gubadagetrapgaz» gaz hojalygynyň işgärleri Gubadag etrabynda gaz geçirijilerini we gaz sazlaýjy enjamlary düýpli abatlamak hem-de döwrebaplaşdyrmak işlerini alyp barýarlar. Bu işler Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň öňümizdäki 35 ýyllygyna gabatlanyp, şu senä zähmet goşandy hökmünde garalýar.
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda ýedi aýyň jemlerine garaldy
02.08.26 - 16:522-nji awgustda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň geçen ýedi aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Onda 1-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň geçen ýedi aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlap, sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hökümet mejlisinde ýangyç-energetika toplumynyň işiniň ýedi aýynyň jemleri jemlenildi
02.08.26 - 10:101-nji awgustda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň geçen ýedi aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi diýip, TDH habar berýär.
Hazar deňzinde nebitiň dökülmegine we ýangyna garşy göreş çäreleri iş ýüzünde synagdan geçirildi
31.07.26 - 13:57Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy Hazar deňziniň türkmen böleginde nebitgaz gazyp çykarýan platformalarda we beýleki dürli maksatly desgalarda tehnogen heläkçilikleriň öňüni almak we olary ýok etmek boýunça toplumlaýyn türgenleşik okuwlaryny geçirdi. Toplumlaýyn türgenleşik okuwlary Türkmenistanyň Adatdan daşary ýagdaýlar baradaky döwlet toparynyň 2026-njy ýylyň iş meýilnamasyny ýerine ýetirmek maksady bilen guraldy.
«Çemmerli» gaz känindäki täze senagat gaz akymy Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň nobatdaky üstünligi boldy
31.07.26 - 11:50Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly baýramyna taýýarlyk görülýän günlerde ýurdumyzyň Merkezi Garagumda ýerleşýän «Çemmerli» gaz käninde tebigy gazyň täze akymynyň alnandygy baradaky hoş habar «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň taryhy ähmiýetli wakalarynyň üstüni ýetirdi. Munuň özi pudagyň düzümlerinde alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolýandygyny äşgär edýär.
Birža söwdalarynda ýerli telekeçiler «Türkmennebit» DK-nyň önümlerini satyn aldylar
30.07.26 - 20:1829-njy iýulda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilen söwda gününde içerki bazarda ýurduň nebitgaz toplumynyň önümlerini satyn almak boýunça söwdalar geçirildi.
Türkmenistanda 2026-njy ýylyň oktýabr aýynda TIF 2026 Halkara maýa goýum forumy geçiriler
30.07.26 - 13:35Türkmenistanda 2026-njy ýylyň 1-2-nji oktýabrynda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän 2026-njy ýylyň Halkara maýa goýum forumyna (TIF 2026) taýýarlyk görlüp başlandy.
Türkmenistan bilen ÝTÖB hyzmatdaşlyk barada birnäçe resminama gol çekdiler
29.07.26 - 15:2928-nji iýulda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝTÖB) ýolbaşçysy Odil Reno-Basso bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň netijeleri boýunça birnäçe ugurlarda, şol sanda energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda resminamalara gol çekildi.
Türkmenistanyň Prezidenti ÝTÖB-niň ýolbaşçysy bilen energetika, ulag we beýleki ugurlarda taslamalary maslahatlaşdy
29.07.26 - 15:2428-nji iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy hanym Odil Reno-Bassony kabul etdi. Bu barada TDH habar berýär.
Mynasyp goşant
29.07.26 - 09:05Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy dabaraly belleniljek «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň başyndan bäri «Türkmennebit» döwlet konserni boýunça önümçiligiň ösüş depgininiň ep-esli ýokarlanmagynda «Goturdepenebit» nebit-gaz çykaryş müdirliginiň zähmet toparlarynyň mynasyp paýy bar.
Ýangyç-energetika toplumy türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmagynda galýar
28.07.26 - 11:1527-nji iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şähergurluşyk ministri hanym Farzane Sadeg Malwajerdi kabul etdi. Bu barada TDH habar berýär.
Oktýabr aýynda Aşgabatda Maýa goýum forumy geçiriler
27.07.26 - 11:05Prezident Serdar Berdimuhamedowyň 24-nji iýulda geçiren Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň maýa goýum forumyny geçirmäge görülýän taýýarlyk meseleleri maslahatlaşyldy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmengeologiýa” DK-nyň daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça teklibi goldady
25.07.26 - 13:3724-nji iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi diýip, TDH habar berýär.
«Türkmennebit» DK-nyň kärhanalary birinji ýarym ýyllykda uglewodorodlary çykarmak boýunça meýilnamany artygy bilen berjaý etdiler
24.07.26 - 18:12«Türkmennebit» döwlet konserni boýunça 2026-njy ýylyň geçen alty aýynda ýeriň astyndan çykarylan «gara altynyň» möçberi 2 million 53 müň tonna golaýlady.
Belli žurnalist Jon Defterios OGT 2026 maslahatynyň esasy alyp baryjysy bolar
24.07.26 - 08:35«Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» (OGT 2026) 31-nji halkara maslahatyna we sergisine taýýarlyk işleri täze tapgyra girdi. Giň gerimli forum «Energiýa. Sazlaşykly hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda 21–23-nji oktýabr aralygynda Aşgabatda geçiriler. Guramaçylar dünýä belli žurnalist, ykdysady synçy we moderator Jon Defteriosyň sebitiň esasy pudaklaýyn forumlarynyň birinde esasy halkara moderator hökmünde çykyş etjekdigini tassykladylar.