Gadamlary batly nebitçiler
12.08.25 - 09:05Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 11-nji iýulynda geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde nebiti we gazy çykarmak işlerini yzygiderli kämilleşdirmegi we nebitgaz toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyryp, bäsdeşlige ukyply we ekologik taýdan arassa önümleri öndürmegi dowam etmegi aýratyn tabşyrdy.
Gazçylar üçin işçi aýakgaplary
05.08.25 - 04:15Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Röwşen» aýakgaplary hususy kärhanasynyň paýly gatnaşygy esasynda Mary şäheriniň ozalky Gön kärhanasynyň binýadynda esaslandyrylan «Mary deri — aýakgap» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň önümçilik bölümlerinde döwletimiziň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň sargytlary esasynda esgerler üçin aýakgaplar, egin-eşikler, emeli sütükli gulakjynlar we beýleki önümler öndürilýär.
Sarpasy belent halypa
05.08.25 - 04:10Geçen asyryň 70 — 80-nji ýyllarynda paýtagtymyzdaky öňki Türkmen politehniki institutynda (häzirki Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty) nebitçiniň, gazçynyň hünärini alyp gelen ýokary bilimli ýaşlaryň hasabyna pudakda ilkinji milli hünärmenlerimiz ösüp ýetişdi.
Şanly seneler mynasyp garşylanar
29.07.25 - 04:15Ýurdumyzyň senagat kärhanalarynda şanly seneleri, baýramçylyklary mynasyp garşylamak ugrunda yhlasly zähmet çekmek asylly däbe öwrüldi. Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň başarjaň işgärleri hem şeýle ýörelgä eýerip, ýokary önümçilik görkezijilerini gazanýarlar. Munuň şeýledigine Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň geçen alty aýynyň netijeleri hem bütin aýdyňlygy bilen şaýatlyk edýär.
Ruhlary belent, gadamlary batly
22.07.25 - 04:15«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazakdyryş» birleşiginiň «Gündogargazakdyryş» müdirliginiň hünärmenleridir işçileriniň arkalaşykly, egin-egne berip çekýän zähmeti arkaly ýurdumyzyň Mary hem-de Lebap welaýatlarynyň ilaty, şol sebitleriň çäklerinde ýerleşýän edara-kärhanalar «mawy ýangyç» bilen üznüksiz üpjün edilýär.
Abadan ýaşaýşyň hyzmatynda
22.07.25 - 04:05Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, Lebap welaýatynyň ilaty hem «mawy ýangyjyň» hözirini görüp, abadan durmuşda ýaşaýar. Häzirki wagtda welaýat boýunça bu eşretden peýdalanýan hojalyklaryň sany 217,4 müňden gowrakdyr.
Gadamlary batly gazçylar
15.07.25 - 04:20Döwletimiziň nebitgaz toplumynyň baýry kärhanalarynyň biri bolan «Daşoguzgazakdyryş» müdirliginiň «Döwletabat — Derýalyk» baş gaz geçirijisiniň ugrunda ýerleşýän «Derýalyk» önümçilik edarasynyň gazçylary Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ikinji ýarymynyň işlerini guramaçylykly dowam edýärler.
«Nebitçi» şypahanasyndaky ruhubelentlik
15.07.25 - 04:10«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat şäherindäki «Nebitçi» şypahanasy ýurdumyzyň nebitgazçylaryna ýeňillikli ýollanmalar bilen lukmançylyk hyzmatlaryny göreldeli ýola goýmagy başarýan şypahanalaryň biridir. Şeýle hem bu ýerde milli ykdysadyýetimiziň beýleki ulgamlarynda zähmet çekýän ýurdumyzyň raýatlary hem dynç alyp, saglygyny berkidip bilýärler.
Hünär kämilligi — döwrüň talaby
08.07.25 - 04:10Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, ýurdumyzyň nebitgaz pudagynda hünärmenleriň, işçileriň hünär derejesini ýokarlandyrmak işini täzeçe, döwrebap guramak maksady bilen geçen ýylyň sentýabr aýynda Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň çäginde «Türkmengaz» döwlet konserniniň okuw merkeziniň Mary welaýaty boýunça okuw bölümçesi açyldy.
Gurluşyk işleriniň gerimi giňelýär
01.07.25 - 04:10«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmenýöritenebitgazgurnama» ýöriteleşdirilen gurnama trestiniň Balkanabatdaky 1-nji ýöriteleşdirilen gurnama edarasynyň hünärmenleri Balkan welaýatynyň çägindäki baýlyklar känlerini özleşdirmek, täze ýangyç geçirijilerini çekmek, öňki bar bolanlaryň durkuny täzelemek, şeýle hem medeni-durmuş maksatly desgalary gurmak işlerini ýokary hilli berjaý edýärler.
Talyplar önümçilik tejribeliginde
01.07.25 - 04:05«Türkmengaz» döwlet konserniniň Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň okuw otaglary, tejribehanalary okuw-görkezme esbaplary, döwrebap enjamlar, kämil tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylandyr.
Halypa hormaty
24.06.25 - 04:15Ýurdumyzda gaz senagatynyň peýda bolmagyna we bu pudagyň ösüşlere beslenmegine ildeşlerimiziň müňlerçesi gatnaşdy we möhüm işe saldamly goşandyny goşdy. Olar hakynda gürrüň gozgalanda, Murat Hojaniýazowyň ady hem ilkinjileriň hatarynda agzalýar. Ol köp ýyllaryň dowamynda gaz pudagynda abraý bilen zähmet çekip, täze pudagyň ösüşlere beslenmeginde önjeýli işleri bitirdi.
«Gara altyn» kadaly akdyrylýar
24.06.25 - 04:05«Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanalarynyň zähmet toparlary şu günler has-da gaýratly zähmet çekip, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk, hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramçylyklarynyň dabaraly belleniljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny täze üstünliklere beslemegi başarýarlar.
Işleri ileri gazçylar
17.06.25 - 04:25«Türkmengaz» döwlet konserniniň baýry kärhanalarynyň biri bolan «Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň «Saparmyrat Türkmenbaşyetrapgaz» gaz hojalyk edarasynyň gazçylary welaýatyň günbatar etrabynyň ilatyny we edara-kärhanalaryny tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmekde şu ýylyň bäş aýynyň iş meýilnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler.
Burawlaýjylaryň belent sepgitleri
10.06.25 - 04:15«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň «Ekerem» buraw işleri müdirliginiň burawlaýjylary Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny ýokary zähmet üstünliklerine besläp, hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýuna mynasyp zähmet sowgatly barýarlar.