Demirgazyk Gazlydepe hazynasyny eçilýär
03.06.25 - 04:15Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň nebitgaz toplumyny ileri tutup ösdürmäge çynlakaý üns berýär we möhüm çözgütleri kabul edýär. Şeýle taýsyz tagallalar ýerlerde uglewodorod serişdeleriniň goruny artdyrmak ugrunda alnyp barylýan işlere giň gerim bermegi şertlendirýär.
Önümçilik sazlaşykly guralýar
03.06.25 - 04:05Ýurdumyzda tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak boýunça döwletimiz tarapyndan «Türkmengaz» döwlet konserniniň öňünde goýulýan wezipeleriň ýerine ýetirilmegine konserniň iri önümçilik düzümi bolan «Marygazçykaryş» müdirliginiň gazçylary saldamly goşantlaryny goşýarlar.
Kuwwatly toplumda işler ileri
27.05.25 - 04:25«Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda has-da netijeli zähmet çekilýär. Häzirki zaman dünýäsiniň iň bir kuwwatly desgalarydyr kämil tilsimatlaryna eýe bolan bu döwrebap kärhanada ýokary hil ülňülerine doly laýyk gelýän nebit we nebithimiýa önümleri taýýarlanylyp, olary içerki we daşarky bazarlara çykarmakda guwandyryjy sepgitler gazanylýar.
Belent sepgitleri nazarlap
27.05.25 - 04:20Tebigy gazyň öndürilişini artdyrmak, sarp edijileri bu ýangyç bilen ygtybarly üpjün etmek işinde «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň başarjaň we ruhubelent işgärleri tutanýerlilik görkezýärler. Munuň şeýledigine olaryň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň geçen dört aýynda gazanan önümçilik görkezijilerine nazar aýlanyňda hem doly göz ýetirmek bolýar.
Gaz geçirijiler uzalýar
20.05.25 - 04:15Ýurdumyzyň sebitleriniň, şol sanda Mary welaýatynyň etrap-şäherlerindäki gaz hojalyk edaralarynyň işgärleriniň çekýän ýadawsyz zähmeti arkaly bagtyýar ýaşaýjylaryň öýleri «mawy ýangyç» bilen ýylyň bütin dowamynda bökdençsiz üpjün edilýär. «Marygazüpjünçilik» müdirliginiň «Sakarçägeetrapgaz» gaz hojalyk edarasynyň işgärleriniň işleri hem şunuň aýdyň mysalydyr.
Goşa toýa sowgatly barýan gazçylar
06.05.25 - 04:15«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň «Göroglyetrapgaz» gaz hojalyk edarasynyň işçi-hünärmenleri etrabyň ilatyny we edara-kärhanalaryny tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmek bilen bir hatarda, ilat tarapyndan gymmatly «mawy ýangyjyň» aýawly ulanylmagy ugrunda hem netijeli işleri alyp barýarlar.
Burawlaýjylaryň buýsandyryjy üstünlikleri
29.04.25 - 04:15Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 5-nji aprelinde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň geçen üç aýynyň jemlerine bagyşlap sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde uglewodorod çig mallarynyň çykarylyşyny artdyrmak boýunça degişli işleri dowam etdirmegiň, olaryň eksport edilýän möçberini durnukly artdyrmagyň wajypdygyny nygtamak bilen, toplumyň önümçilik kuwwatlyklaryny netijeli peýdalanmak, ýurdumyzyň çägindäki meýdançalarda gözleg-barlag guýularyny burawlamak işlerini yzygiderli dowam etdirmelidigini aýratyn nygtady.
Ösüşlere kuwwat berip
15.04.25 - 04:15Ata Watanymyzyň ösüşleriniň bedew badyna deňeşdirilmeginde uly many, uly mazmun jemlenýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzy senagatlaşdyrmaga, şonuň hasabyna Türkmenistany dünýäniň senagat taýdan ösen döwletleriniň hataryndaky ornuny berkitmäge gönükdirilen düýpli özgertmeleriň başyny başlady.
«Galkynyş» baýlygyny eçilýär
15.04.25 - 04:10Täzelikde «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Marynebitgazgözleg» ekspedisiýasynyň burawlaýjylary «Galkynyş» gaz känindäki 285-nji ulanyş gaz guýusyndan tebigy gazyň senagat ähmiýetli akymyny aldylar. Ekspedisiýanyň gazçylary bu gaz guýusyny burawlamakda gaýratly hem tutanýerli zähmet çekip, guýynyň burawlaýyş işlerini 4 müň 452 metr çuňluga ýetirdiler.
Zähmet gadamy batlanýar
15.04.25 - 04:25«Türkmengazakdyryş» birleşiginiň «Gündogargazakdyryş» müdirliginiň iri önümçilik düzümi bolan «Bagtyýarlyk» önümçilik meýdançasy döwrebap tilsimatly enjamlar bilen enjamlaşdyrylan häzirki zaman senagat kärhanasydyr.
Möhüm işe mynasyp goşant
08.04.25 - 04:20Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň nebitgaz toplumyny ileri tutup ösdürmek boýunça bellän wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirmekde «Türkmengündogarnebitgurluşyk» gurluşyk-gurnama trestiniň agzybir işgärleri guwandyryjy işleri bitirýärler. Olar ykdysadyýetiň binýatlyk pudagynyň önümçilik desgalaryny gurmakda ýokary başarnyk görkezýärler. Şonuň netijesinde täze kuwwatlyklar işe girizilýär, umumy işler düýpli ilerleýär. Gurluşykçylar esasy işleri bilen birlikde bag nahallaryny oturtmak, ozaldan bar bolan baglara ideg etmek işlerinde hem yhlaslylyk görkezýärler.
Nebitçileriň döwrebap işleri
01.04.25 - 04:15Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 7-nji fewralynda bolup geçen giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň kabul edilen we onuň senagat hem-de eksport kuwwatlyklarynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen ösüş maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň zerurdygyny aýratyn belläp geçdi.
Täze guýulardan goşmaça önümler
25.03.25 - 04:25«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň agzybir işgärleri üstümizdäki ýylyň tamamlanýan her bir aýyny şowlulyklara besleýärler. Baýlyk çykaryjylar guýularyň önüm berijiligini artdyrmak bilen birlikde, täze meýdançalary senagat taýdan özleşdirmek işlerini hem üstünlikli alyp barýarlar.
Täze guýularyň hatary artýar
25.03.25 - 04:15Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzyň ykdysady kuwwatynyň barha belende göterilmeginde milli ykdysadyýetiniň ýangyç-energetika toplumynyň önümçilik düzümleriniň netijeli işlemekleri üçin ählitaraplaýyn giň mümkinçiliklerdir şertler döredilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýangyç-energetika ulgamyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça kabul edýän Kararlarydyr çözgütlerinden ruhlanýan türkmen nebitçileri «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmekde tagallalaryny gaýgyranoklar.
Alkyşdan serpaýly gazçy
18.03.25 - 04:10«Çekseň zähmet, ýagar rehnet», «Işleseň, il tanar» ýaly nakyllardyr atalar sözlerini döreden pähimdar pederlerimiz öz halal zähmeti bilen il alkyşyna mynasyp bolýan ynsanlaryň sarpasyny hemişe belent tutupdyr. Öz çärýek asyrlyk zähmet ýolunda uly sylag-hormata mynasyp bolup gelýän işçileriň birine Serdar Baýnazarow diýýärler.