Prezident 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň we beýleki maksatnamalaryň taslamalaryny öz wagtynda işläp düzmegi tabşyrdy
16.05.23 - 11:51Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň we Türkmenistanyň maýa goýum Maksatnamasynyň taslamalaryny öz wagtynda taýýarlamak maksady bilen, Karara gol çekdi.
«Türkmenistanyň nebiti, gazy we mineral serişdeleri» žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy
15.05.23 - 05:21«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Türkmenistanyň nebiti, gazy we mineral serişdeleri» atly syýasy-jemgyýetçilik we ylmy-publisistik žurnalynyň 2023-nji ýyldaky birinji sany çapdan çykdy.
Türkmenistanda nebitgaz toplumyna täze wise-premýer bellenildi
15.05.23 - 09:53Türkmenistanda ýangyç-energetika toplumynyň meseleleri boýunça täze wise-premýer wezipesine Amanow Batyr Amangeldiýewiç bellenildi. Ondan öň ol «Türkmengaz» döwlet konsernine ýolbaşçylyk edýärdi.
«Türkmengaz» döwlet konsernine täze başlyk bellenildi
15.05.23 - 09:55Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy wezipesine Maksat Babaýew bellenildi. Ondan öň, ol konserniň başlygynyň orunbasary wezipesini ýerine ýetirýärdi.
Aşyrguly Begliýew Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi bellenildi
15.05.23 - 09:54Aşyrguly Begliýew Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi wezipesine bellenildi.
Birža söwdalarynda awtobenzin we suwulandyrylan gaz eksporta iberildi
12.05.23 - 13:16Çarşenbe güni, 10-njy maýda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda jemi bahasy $30,8 mln amerikan dollaryna deň bolan 29 geleşik baglaşyldy – diýip, ORIENT habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistanyň Premýer-ministri bilen täze ulag geçelgelerini döretmek meselesini maslahatlaşdy
12.05.23 - 13:15Merkezi we Günorta Aziýa, Ýakyn we Orta Gündogar sebitlerini baglanyşdyrýan täze üstaşyr ulag geçelgeleriniň döredilmeginiň maksadalaýyklygy Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministri Kohir Rasulzoda bilen geçiren duşuşygynda beýan edildi diýip, TDH habar berýär.
Aşgabatda iýunda «Uglewodorod serişdelerini çykarmagyň ekologiýa jähtleri» halkara ylmy maslahaty geçiriler
11.05.23 - 14:01Türkmenistanda «Uglewodorod serişdelerini çykarmagyň ekologiýa jähtleri» atly halkara ylmy maslahatyna taýýarlyk işleri başlandy. Maslahaty iýun aýynyň ortalarynda geçirmek meýilleşdirilýär, häzir bolsa forumyň gün tertibi düzülýär hem-de prezentasiýa teklipleri kabul edilýär.
Serdar Berdimuhamedow: Täjigistan Respublikasy Türkmenistan üçin möhüm hyzmatdaş
11.05.23 - 14:46Çarşenbe güni, 10-njy maýda Duşenbe şäherinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasyna iki günlük döwlet saparynyň çäklerinde Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen ikiçäk görnüşde hem-de giňişleýin düzümde gepleşikleri geçirdi diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Täjigistana döwlet sapary başlandy
10.05.23 - 11:57Çarşenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasyna iki günlük döwlet sapary başlandy. Türkmen-täjik gepleşikleriň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek meýilleşdirilýär diýip, TDH agentligi habar berýär.
«Türkmennebit» we «Türkmenhimiýa» DK-nyň önümleri TDHÇMB-niň söwdalarynyň esasyny düzdi
10.05.23 - 11:56Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 69-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanda Ýeňiş güni mynasybetli dabaralar geçirildi
10.05.23 - 11:559-njy maýda Türkmenistanda «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda 1941—1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli dabaralar geçirildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Ýeňiş gününiň hormatyna Moskwada geçirilen dabaralara gatnaşdy
10.05.23 - 11:549-njy maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow 1941—1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli Moskwada geçirilen dabaraly çärelere hormatly myhman hökmünde gatnaşdy.
Duşenbe şäherinde Türkmenistan bilen Täjigistanyň hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary maslahatlaşyldy
09.05.23 - 06:53Duşenbe güni Täjigistanyň paýtagtynda Türkmen-täjik işewürlik maslahaty, işewürler geňeşiniň birinji mejlisi hem-de iki ýurduň eksport harytlarynyň bilelikdäki sergisi geçirildi. Bu çäreler Türkmenistanyň we Täjigistanyň özara bähbitli gatnaşyklaryny has-da giňeltmäge ýardam bermäge gönükdirilendir.
Serdar Berdimuhamedow türkmenistanlylary Ýeňiş güni bilen gutlady
09.05.23 - 06:53Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyny 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli gutlady.