Türkmen hünärmenleri Germaniýada «ýaşyl» tehnologiýalar ugry boýunça tejribelik geçýärler
07.08.26 - 12:00Ýewropa Bileleşiginiň we Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ) strategik taslamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň energetika pudagynyň we ylmy jemgyýetçiliginiň wekilleri Klaustal tehnologiýa uniwersitetinde (Germaniýa Federatiw Respublikasy) halkara ylmy-barlag tejribeligini geçýärler. Maksatnama şu ýylyň 25-nji iýulyndan 16-njy awgusty aralygynda amala aşyrylýar we gaýtadan dikeldilýän energetika, metan zyňyndylaryny azaltmak hem-de senagata emeli intellekti ornaşdyrmak babatda häzirki zaman tehnologiýalaryny öwrenmäge gönükdirilendir.
“Kenar” kärhanasy ýylyň başyndan bäri sarp edijilere 1,8 mln tonnadan gowrak nebit önümlerini iberdi
06.08.26 - 14:12Türkmenistanyň nebiti gaýtadan işleýän senagaty milli ykdysadyýetiň durnukly ösüşini üpjün etmekde möhüm orun eýeleýär. «Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň (TNGIZT) önümleri halkara bazarlarda barha uly meşhurlyga eýe bolýar. Bu toplumda öndürilýän ýokary hilli nebit we nebithimiýa harytlary dünýä bazarlarynda durnukly ýokary islegden peýdalanýar.
Goturdepe käninde nebitiň çykarylyşy artdyrylýar
05.08.26 - 14:12Türkmenistanyň nebitgaz senagatynyň işgärleri döwlet Baştutanynyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramyny mynasyp garşylamak boýunça öňde goýan wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirip, önümçilik depginini yzygiderli ýokarlandyrýarlar. Bu barada «Neýtralnyý Türkmenistan» gazeti habar berýär.
Energetika toplumy Merkezi Aziýanyň we Koreýa Respublikasynyň hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna goşuldy
04.08.26 - 12:58Astanada «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň ýokary derejeli wezipeli adamlarynyň üçünji mejlisinde «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» sammitine taýýarlyk meseleleri, şol sanda jemleýji resminamanyň taslamasy maslahatlaşyldy.
TDHÇMB-niň söwdalarynda içerki bazar üçin polipropilen satyn alyndy
04.08.26 - 12:02Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 14-si hasaba alyndy.
Gubadagda gaz ulgamlary güýz-gyş möwsümine taýýarlanýar
03.08.26 - 10:11«Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň düzüm birligi bolan «Gubadagetrapgaz» gaz hojalygynyň işgärleri Gubadag etrabynda gaz geçirijilerini we gaz sazlaýjy enjamlary düýpli abatlamak hem-de döwrebaplaşdyrmak işlerini alyp barýarlar. Bu işler Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň öňümizdäki 35 ýyllygyna gabatlanyp, şu senä zähmet goşandy hökmünde garalýar.
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda ýedi aýyň jemlerine garaldy
02.08.26 - 16:522-nji awgustda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň geçen ýedi aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Onda 1-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň geçen ýedi aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlap, sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hökümet mejlisinde ýangyç-energetika toplumynyň işiniň ýedi aýynyň jemleri jemlenildi
02.08.26 - 10:101-nji awgustda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň geçen ýedi aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi diýip, TDH habar berýär.
Hazar deňzinde nebitiň dökülmegine we ýangyna garşy göreş çäreleri iş ýüzünde synagdan geçirildi
31.07.26 - 13:57Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy Hazar deňziniň türkmen böleginde nebitgaz gazyp çykarýan platformalarda we beýleki dürli maksatly desgalarda tehnogen heläkçilikleriň öňüni almak we olary ýok etmek boýunça toplumlaýyn türgenleşik okuwlaryny geçirdi. Toplumlaýyn türgenleşik okuwlary Türkmenistanyň Adatdan daşary ýagdaýlar baradaky döwlet toparynyň 2026-njy ýylyň iş meýilnamasyny ýerine ýetirmek maksady bilen guraldy.
«Çemmerli» gaz känindäki täze senagat gaz akymy Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň nobatdaky üstünligi boldy
31.07.26 - 11:50Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly baýramyna taýýarlyk görülýän günlerde ýurdumyzyň Merkezi Garagumda ýerleşýän «Çemmerli» gaz käninde tebigy gazyň täze akymynyň alnandygy baradaky hoş habar «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň taryhy ähmiýetli wakalarynyň üstüni ýetirdi. Munuň özi pudagyň düzümlerinde alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolýandygyny äşgär edýär.
Birža söwdalarynda ýerli telekeçiler «Türkmennebit» DK-nyň önümlerini satyn aldylar
30.07.26 - 20:1829-njy iýulda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilen söwda gününde içerki bazarda ýurduň nebitgaz toplumynyň önümlerini satyn almak boýunça söwdalar geçirildi.
Türkmenistanda 2026-njy ýylyň oktýabr aýynda TIF 2026 Halkara maýa goýum forumy geçiriler
30.07.26 - 13:35Türkmenistanda 2026-njy ýylyň 1-2-nji oktýabrynda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän 2026-njy ýylyň Halkara maýa goýum forumyna (TIF 2026) taýýarlyk görlüp başlandy.
Türkmenistan bilen ÝTÖB hyzmatdaşlyk barada birnäçe resminama gol çekdiler
29.07.26 - 15:2928-nji iýulda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝTÖB) ýolbaşçysy Odil Reno-Basso bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň netijeleri boýunça birnäçe ugurlarda, şol sanda energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda resminamalara gol çekildi.
Türkmenistanyň Prezidenti ÝTÖB-niň ýolbaşçysy bilen energetika, ulag we beýleki ugurlarda taslamalary maslahatlaşdy
29.07.26 - 15:2428-nji iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy hanym Odil Reno-Bassony kabul etdi. Bu barada TDH habar berýär.
Mynasyp goşant
29.07.26 - 09:05Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy dabaraly belleniljek «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň başyndan bäri «Türkmennebit» döwlet konserni boýunça önümçiligiň ösüş depgininiň ep-esli ýokarlanmagynda «Goturdepenebit» nebit-gaz çykaryş müdirliginiň zähmet toparlarynyň mynasyp paýy bar.