TNGIZT «An-2» kysymly uçarlar üçin awiabenziniň önümçiligini ýola goýdy

19:45 06.09.2021 7259

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/2863/original-16135ba5674a83.jpeg

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy tarapyndan oba hojalygynda giňden peýdalanylýan «An-2» kysymly uçarlar üçin awiabenzininiň önümçiligi ýola goýuldy. Bu barada geçen anna güni wise-premýer Şahym Abdrahmanow Hökümet mejlisinde habar berdi.

Bellenilişi ýaly, täze ýangyç «Türkmenhowaýollary» agentliginiň ýüztutmasy esasynda öndürilip başlandy. Şunuň bilen baglylykda, suwuklandyrylan gazdan awtomobil ýangyjy üçin ýokary oktanly goşundysyny alýan desgada benzinleriň ýokary oktanly komponenti öndürildi. “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugy tarapyndan bu önüme laýyklyk güwänamasy resmileşdirildi.

Zawodlar toplumy tarapyndan ýurdumyzyň oba hojalygynda giňden ulanylýan “An-2” kysymly uçarlary milli ýangyç serişdeleri bilen doly üpjün etmek hem-de ýangyjyň bu görnüşini sebitiň ýurtlaryna eksport etmek meýilleşdirilýär.

Gurbanguly Berdimuhamedow  hasabaty diňläp, bu möhüm ugurda geçirilen işleri makullap, milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri hökmünde ýangyç-energetika toplumyny hemmetaraplaýyn ösdürmegiň wajypdygyny nygtady. Türkmen Lideri nebitgaz ulgamyny mundan beýläk-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň hem-de daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan, ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda uly isleg bildirilýän önümleriň öndürilişini artdyrmagyň zerurdygyny belledi.

Döwlet Baştutany wise-premýere nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynda bellenen wezipeleri çözmek babatda pudagyň önümçilik düzümini yzygiderli döwrebaplaşdyrmak we maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Başga makalalar
16710c48dc56fd.jpg
Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Pakistanyň Prezidenti bilen energetika we ulag ulgamyndaky taslamalary maslahatlaşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardariniň arasynda geçirilen duşuşykda energetika we ulag ulgamyndaky taslamalar boýunça işleri işjeňleşdirmegiň ähmiýeti barada gürrüň edildi diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýtynda aýdylýar.


1650144cb1deef.png
Birža söwdalarynda içerki we daşaky bazarlara polipropilen ýerlenildi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 23-si hasaba alyndy.


16710c4c94d93e.jpg
Özbegistanyň energetika ministri OGT – 2024 halkara forumyna gatnaşar

Özbegistanyň energetika ministri Žurabek Mirzamahmudow 23-25-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek “Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2024” (OGT 2024) halkara maslahatyna hormatly myhman hökmünde gatnaşar. Ol “Ählumumy energetika bazarynyň täze ugurlary we özara bähbitli hyzmatdaşlyk” atly umumy mejlisde çykyş eder diýip, forumyň guramaçylary habar berýär.


1688c9d65baf93.jpg
Hyzmatdaşlyk arkaly ösüş Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň esasy mazmunyny kesgitlär

Ýene sanlyja günden Türkmenistan BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny — dürli yklymlarda ýerleşýän 32 döwletde ýaşaýan 570 milliondan gowrak adamyň durmuşyndaky özgertmeler bilen baglanyşykly dünýä ähmiýetli çäräni kabul eder.


16502db2d8d910.jpg
Zähmeti goramak sagdynlygyň we howpsuzlygyň girewidir

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň mejlisler zalynda konserniň garamagyndaky edara-kärhanalaryň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlygy boýunça hünärmenleriniň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirildi.