TDHÇMB-niň söwdalarynda nebithimiýa önümleri uly islegden peýdalandy
13.06.23 - 14:11Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 57-si hasaba alyndy.
Nebitgaz toplumynda bäş aýyň jemlerine garaldy
12.06.23 - 15:3812-nji iýunda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň geçen bäş aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Onda 10-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlap sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de bu ugurda işleri has-da ilerletmegiň anyk ýollary kesgitlenildi.
Hökümet mejlisinde 2023-nji ýylyň ýanwar-maý aýlarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi
12.06.23 - 15:07Geçen şenbe güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde şu ýylyň bäş aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna garaldy we döwlet durmuşynyň käbir meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistan Bütindünýä metan borçnamasyna goşulmaga gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygynynyň «Ýol kartasyny» taýýarlaýar
12.06.23 - 15:07Geçen şenbe güni geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Bütindünýä metan borçnamasyna goşulmagyny öwrenmek meselesine gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça 2023-2024-nji ýyllar üçin “Ýol kartasynyň” taslamasy barada hasabat berdi.
«Nebitgaz pudagyny ösdürmekde ylmyň we bilimiň ileri tutulýan ugurlary»
09.06.23 - 12:54Şeýle at bilen «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda Ylymlar güni mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa «Türkmengaz» DK-nyň, «Türkmengeologiýa» DK-nyň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň, Tehnologiýalar merkeziniň alymlary, hünärmenleri, şeýle-de Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Türkmen-wenger gepleşikleriň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi
09.06.23 - 12:33Şu gün Aşgabatda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň we düýn ýurdumyza resmi sapary bilen gelen Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orbanyň arasynda gepleşikler geçirildi.
Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti bilen Wengriýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirilýär
09.06.23 - 12:32Şu gün Aşgabatda Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen ýurdumyza iş sapary amala aşyrýan Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orbanyň arasynda gepleşikler geçirildi diýip, TDH habar berýär.
Halk Maslahatynyň Başlygy Wengriýanyň Premýer-ministri bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
09.06.23 - 12:32Penşenbe güni Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban iki günlük resmi sapar bilen Türkmenistana geldi, diýip Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.
Türkmenistanyň wekiliýeti Ýewraziýa hökümetara geňeşiniň we GDA-nyň Hökümet baştutanlarynyň geňeşiniň mejlislerine gatnaşýar
08.06.23 - 11:027-nji iýunda Russiýa Federasiýasynyň Soçi şäherinde Ýewraziýa hökümetara geňeşiniň we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisleri başlandy. Bu çärelerde Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Hojamyrat Geldimyradow ýolbaşçylyk edýär diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.
Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Ylymlar gününiň öň ýanynda maslahat geçirildi
08.06.23 - 06:45Ýurdumyzda 12-nji iýunda giňden bellenilýän Ylymlar gününiň öňüsyrasynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde «Halkara nebitgaz pudagynda türkmen ylmynyň orny» atly tema boýunça maslahat geçirildi.
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň Hökümetleriniň arasynda Ylalaşygy tassyklady
08.06.23 - 11:03Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan we Türkiýe bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşygy tassyklaýan Kanuna gol çekdi. Kanunyň teksti şu gün resmi türkmen metbugatynda çap edildi.
Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň hyzmatdaşlygyny berkitmegiň ileri tutulýan meseleleri maslahatlaşyldy
07.06.23 - 12:46Türkmenistanyň Daşary işler ministri, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-Ýapon komitetiniň başlygy Raşid Meredowyň Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Ýapon-Türkmen komitetiniň başlygy, «Itochu Corporation» kompaniýasynyň dolandyryjy direktory Hiroýuki Tsubaý bilen wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
Türkmenistan we Gruziýa energetika we ulag ulgamynda hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrýar
07.06.23 - 12:455-6-njy iýunda Tbiliside geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gruzin toparynyň dördünji mejlisinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda energetika we ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlyk bellenildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
«Galkynyş» känindäki täze guýudan gazyň senagat akymy alyndy
08.06.23 - 06:32«Galkynyş» käninde 4 müň 665 metr çuňlukda burawlanan № 271 täze ulanyş gaz guýusyndan tebigy gazyň senagat akymy alyndy. «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň gazçylary üstünlikli buraw işlerini geçirdiler.
TDHÇMB-niň söwdalarynda dizel ýangyjy, ECO-93 benzini we suwuklandyrylan gaz ýerlenildi
06.06.23 - 12:49Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 52-si hasaba alyndy.