Lebapdaky täze GES elektrik energiýasynyň eksportyny artdyrmaga mümkinçilik berer
19:43 06.09.2021 16644
Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda kuwwatlylygy 432 megawat bolan gazturbinaly elektrik stansiýasy ulanyşa girizildi. Täze desga Merkezi Aziýa ýurtlaryna, şol sanda Özbegistana, Gyrgyz Respublikasyna we Owganystana elektrik energiýasynyň iberilişiniň möçberini artdyrmaga mümkinçilik berer.
Täze desga ozal hereket edýän Lebap döwlet elektrik stansiýasynyň çäginde bina edildi. Bu taslama Energetika ministrliginiň “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasy tarapyndan daşary ýurtly hyzmatdaşlar — Ýaponiýanyň «Sumitomo Corporation» we «Mitsubishi Power Ltd», Türkiýäniň «Rönesans Holding» kompaniýalary bilen bilelikde amala aşyryldy. Taslamany Halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça Ýapon banky Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady banky bilen ylalaşygyň üsti bilen maliýeleşdirdi.
Elektrik stansiýasy Ýaponiýanyň meşhur “Mitsubishi Power Ltd” kompaniýasynyň gazturbina enjamlary bilen enjamlaşdyryldy. Ýurdumyzyň elektroenergetika pudagynyň taryhynda bu kompaniýanyň tehnologiýalary ilkinji gezek ulanylýar. Bu ýerde her biriniň kuwwatlylygy 144 megawat bolan gazturbinalaryň üçüsi oturdyldy. Täze desganyň ulanylmaga berilmegi bilen, ýurdumyzyň energoulgamynyň bellenen kuwwatlylygy ýene-de 432 megawat artar, öňden hereket edýän Lebap döwlet elektrik stansiýasynyň kuwwatlylygy bolsa 581,2 megawata deň bolar. Lebap welaýatynyň sarp edijileriniň energiýa üpjünçiliginiň ygtybarlylygy artar, täze iş orunlary dörediler.
Mundan öň, Türkmenistandaky ähli gaz elektrik stansiýalary General Electric amerikan kompaniýasynyň turbina desgalary bilen enjamlaşdyrylýardy.
Lebap döwlet elektrik stansiýasynyň täze desgasyna “Mitsubishi Power Ltd” kompaniýasy tarapyndan öndürilýän M701DA görnüşli gazturbinalaryň Merkezi Aziýada ilkinji gezek gurnalandygyny tassyklaýan “Sumitomo” korporasiýasynyň güwänamasy hem-de Şweýsariýanyň Federal Tehnologiýa institutynyň “Innowasion täze tehnologiýalar” güwänamasy we Germaniýanyň “Max Planck” institutynyň “Täsiri ýokary we dowamly bolmagy üçin” güwänamasy dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
GES-iň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat döwlet ministri Kiýoşi Ejimanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistana geldi.
Dabaranyň barşynda Kiýoşi Ejima şu ýylyň iýul aýynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň resmi açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Ýaponiýa saparynyň barşynda gazanylan täze ylalaşyklar barada agzap geçdi. Şonda “ITOCHU” korporasiýasy bilen Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň arasynda “Komatsu” gurluşyk tehnikalaryny getirmek hakynda hem-de “Sumitomo” korporasiýasy bilen “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň arasynda “Toyota” kysymly ýeňil awtoulaglaryň we awtobuslaryň getirilmegi hakynda ylalaşyklara gol çekildi.
Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Pakistanyň Prezidenti bilen energetika we ulag ulgamyndaky taslamalary maslahatlaşdy
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardariniň arasynda geçirilen duşuşykda energetika we ulag ulgamyndaky taslamalar boýunça işleri işjeňleşdirmegiň ähmiýeti barada gürrüň edildi diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýtynda aýdylýar.
Birža söwdalarynda içerki we daşaky bazarlara polipropilen ýerlenildi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 23-si hasaba alyndy.
Özbegistanyň energetika ministri OGT – 2024 halkara forumyna gatnaşar
Özbegistanyň energetika ministri Žurabek Mirzamahmudow 23-25-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek “Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2024” (OGT 2024) halkara maslahatyna hormatly myhman hökmünde gatnaşar. Ol “Ählumumy energetika bazarynyň täze ugurlary we özara bähbitli hyzmatdaşlyk” atly umumy mejlisde çykyş eder diýip, forumyň guramaçylary habar berýär.
Hyzmatdaşlyk arkaly ösüş Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň esasy mazmunyny kesgitlär
Ýene sanlyja günden Türkmenistan BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny — dürli yklymlarda ýerleşýän 32 döwletde ýaşaýan 570 milliondan gowrak adamyň durmuşyndaky özgertmeler bilen baglanyşykly dünýä ähmiýetli çäräni kabul eder.
Zähmeti goramak sagdynlygyň we howpsuzlygyň girewidir
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň mejlisler zalynda konserniň garamagyndaky edara-kärhanalaryň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlygy boýunça hünärmenleriniň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirildi.