Türkmenistan we Özbegistan 2023-2024-nji ýyllar üçin Hyzmatdaşlyk «Ýol kartasyna» gol çekdiler
02.11.23 - 12:24Türkmenistanyň we Özbegistanyň Daşary işler ministrleri R.Meredow we B.Saidow 2023-2024-nji ýyllar üçin Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça bilelikdäki çäreleriň Meýilnamasyna (“Ýol kartasyna”) gol çekdiler. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär.
Dragon Oil 2027-nji ýylda Türkmenistanda gazyň nul dereje ýakylyşyna geçer
01.11.23 - 10:49Dragon Oil kompaniýasy 2027-nji ýylda Türkmenistanda gazyň nul derejede ýakylyşyna geçmegi meýilleşdirýär. Bu barada kompaniýanyň baş direktory Ali Raşid Al-Jarwan habar berdi. Ol şeýle hem bu çäräniň uglewodorodlaryň çykarylyşyny ekologiýa taýdan howpsuz etjekdigini nygtady.
HNGU-nyň Wodorod energetikasy merkezinde suwy elektroliz etmek arkaly wodorod ýangyjy alyndy
31.10.23 - 13:30Türkmenistanyň alymlary ilkinji bolup suwy elektroliz etmek arkaly wodorod ýangyjyny aldylar. Bu barada Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň wodorod energetikasy merkeziniň direktory Hakberdi Hoşdurdyýew 25-27-nji oktýabrda Aşgabatda geçen «Türkmenistanyň nebiti we gazy 2023» Halkara maslahatynda eden çykyşynda belledi.
TNGIZT-de iki sany täze gaz turbinaly elektrik bekedi işe giriziler
31.10.23 - 13:24Balkan welaýatynda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda innowasion tehnologiýalar esasynda gurlan elektrik energiýasyny öndürýän iki sany gaz turbina desgasy ulanyşa girizler.
Türkmenistan we Pakistan TOPH-nyň owgan böleginiň gurluşygyny tizleşdirmek boýunça gepleşikleri dowam etdirer
31.10.23 - 13:22Türkmenistan we Pakistan TOPH gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyny tizleşdirmek boýunça gepleşikleri dowam etdirer diýip, ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
TDHÇMB-niň söwdalarynda daşary ýurtlara awiakerosin, polipropilen we motor ýaglary ýerlenildi
30.10.23 - 12:48Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 44-si hasaba alyndy.
Türkmenistanyň Prezidenti SNGIZ-niň öndürijiligini ýokarlandyrmagy tabşyrdy
30.10.23 - 12:45Geçen şenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
OGT 2023 Halkara forumynyň gatnaşyjylaryna alty ugur boýunça baýraklar gowşuryldy
30.10.23 - 12:4425-27-nji oktýabrda Aşgabatda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy 2023» (OGT 2023) Halkara sergisi we maslahaty Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň iň iri hem üstünlikli çäreleriniň biri boldy. Forum 700-den gowrak milli we daşary ýurt wekillerini, 400-den gowrak kompaniýalary we 10 müň töweregi sergä gatnaşyjylary özüne çekdi.
TOPH gaz geçirijisi: parahatçylygyň we durnuklylygyň taslamasy
31.10.23 - 08:56Bu günki gün dünýäde köplenç birek-birege gapma-garşy gelýän üç sany çagyryşy ylalaşdyrmak zerurlygy turýar: energetika howpsuzlygy, energetiki adalatlylyk we ekologiýa durnuklylygy. TOPH gaz geçirijisiniň taslamasy ekologiýa durnuklylygyny saklap, sebitiň energetika hoowpsuzlygyna düýpli goşant goşup biler. Bu mowzuk TAPI Pipeline Company Ltd-niň baş ýerine ýetiriji direktory Muhammetmyrat Amanowyň Aşgabatda 25-27-nji oktýabrda geçen «Türkmenistanyň nebiti we gazy 2023» Halkara maslahatynda eden çykyşynyň esasyny düzdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýä Bilelikdäki maýa goýum fonduny döretmegi teklip etdi
27.10.23 - 11:57Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna resmi saparynyň çäklerinde Ankarada geçirilýän Türkmen-türk işewürlik maslahatynyň açylyş dabarasyndaky eden çykyşynda Bilelikdäki maýa goýum fonduny hem-de Maýa goýumlary boýunça Bilelikdäki iş toparyny döretmegi teklip etdi. Bu barada TDH habar berdi.
Serdar Berdimuhamedow: Türkmenistan energetika ulgamynda Türkiýe bilen hyzmatdaşlyk etmäge açyk
27.10.23 - 11:58Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna resmi saparynyň çäklerinde Ankarada geçirilýän Türkmen-türk işewürlik maslahatynyň açylyş dabarasyndaky eden çykyşynda Türkmenistan Türkiýeli hyzmatdaşlar bilen energetika ulgamynda özara hereketlere açykdygyny aýtdy diýip, TDH belledi.
OGT – 2023-e tas 50 ýurtdan rekord derejede gatnaşyjy bardy
27.10.23 - 17:43“Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2023” atly halkara konferensiýa we sergä rekord derejede gatnaşyjy bardy. Bu barada çäräniň jemi boýunça geçirilen metbugat konferensiýasynda forumyň guramaçylary aýtdy.
«Türkmengaz» 2023-nji ýylda Russiýa, şertnamada göz öňünde tutulyşy ýaly, 5 mlrd kub metr gaz iberer
27.10.23 - 17:44“Gazprom” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen baglaşylan şertnamada göz öňünde tutulyşy ýaly, 2023-nji ýylda Russiýa, takmynan, 5 mlrd kub metr türkmen gazynyň iberilmegine garaşylýar. Bu barada žurnalistlere “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew Aşgabatda geçirilen OGT – 2023 sergisiniň jemi boýunça metbugat konferensiýasynda aýtdy.
Türkmenistanyň we Türkiýäniň Prezidentleri nebitgaz, ulag we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar
27.10.23 - 11:36Penşenbe güni Ankara şäherinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda gepleşikler geçirildi diýip, TDH habar berýär.
OGT-2023 forumyna gatnaşyjynyň we onuň hemaýatkäriniň interwýusy
29.10.23 - 10:05Aşgabatda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda “Türkmenistanyň nebiti we gazy” (OGT 2023) atly XXVIII Halkara maslahaty we sergisi geçirildi