Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň imperatoryny bilelikdäki energetiki taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň imperatoryny bilelikdäki energetiki taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen gutlady

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito iberen hatynda ony netijeli türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň nobatdaky nyşanyna öwrülen Türkmenistanyň Lebap welaýatynda gazturbinaly elektrik stansiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen gutlady.

Bu taslama meşhur ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda durmuşa geçirilip, onda öňdebaryjy işläp taýýarlamalar we täze tehnologiýalar ornaşdyryldy. Bu desga geljekde diňe ýurdumyzyň energetika kuwwatyny ýokarlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, tutuş sebiti, hususan-da, goňşy Owganystany durnukly we ygtybarly energiýa bilen üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky anyk maksada gönükdirilen dost-doganlyk gatnaşyklarynyň netijesinde durmuşa geçirilen bu halkara ähmiýetli elektrik stansiýasynyň ulanmaga berilmegi bilen Sizi gutlaýaryn.

Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky ynanyşmak we birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklarymyzyň halklarymyzyň bähbidine geljekde hem ösdüriljekdigine we kämilleşdiriljekdigine ýürekden ynanýaryn.

«Bilelikde taslamalary amala aşyrmak we maýa goýum hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak iki ýurduň ykdysady gün tertibinde möhüm orny eýeleýär. Türkmenistanda ýapon kompaniýalarynyň we maliýe institutlarynyň gatnaşmaklarynda nebitgaz toplumynda, himiýa senagaty we energetika pudaklarynda birnäçe iri taslamalaryň durmuşa geçirilendigini, bu babatda oňyn tejribe toplanandygyny nygtamak isleýärin» diýlip hatda bellenilýär.

Gurbanguly Berdimuhamedow ýurtlaryň arasyndaky ynanyşmak we birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň halklaryň bähbidine geljekde hem ösdüriljekdigine we kämilleşdiriljekdigine ýürekden ynam bildirdi.

Öň habar berlişi ýaly, Energetika ministrliginiň “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasy tarapyndan daşary ýurtly hyzmatdaşlar — Ýaponiýanyň «Sumitomo Corporation» we «Mitsubishi Power Ltd», Türkiýäniň «Rönesans Holding» kompaniýalary bilen bilelikde amala aşyrylan GES-iň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat döwlet ministri Kiýoşi Ejimanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistana geldi.