Türkmenistanyň nebitgaz ýokary okuw mekdebinde informatika boýunça birinji halkara olimpiada geçirildi
20.04.23 - 20:54Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde türkmen we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda informatika dersi boýunça I halkara açyk internet olimpiadasy geçirildi.
ABŞ-nyň Energetika ministrligi Türkmenistanda nebitiň çykarylyşynyň durnukly ösüşini çaklady
20.04.23 - 10:39Ýakyn iki ýylda Türkmenistanda nebitiň çykarylyşynyň durnukly ösmegine garaşylýar. Bu barada ABŞ-nyň Energetika ministrliginiň 2023-2024-nji ýyllarda Türkmenistanda nebitiň çykarylyşy boýunça neşir edilen çaklamasynda aýdylýar. Muny Trend agentligi Energetika maglumatlar müdirligine salgylanyp habar berýär.
Aşgabatda türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň, şol sanda gaz ulgamynda hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşyldy
18.04.23 - 15:43Duşenbe güni türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Koreý-türkmen parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçysy Li Dal Gonuň ýolbaşçylygynda ýurdumyza sapar bilen gelen Koreýa Respublikasynyň parlament wekiliýeti bilen duşuşygynda parlamentara, kanun çykaryjylyk we söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Birinji çärýegiň jemleri boýunça Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2 göterim derejede saklanýar
18.04.23 - 15:442023-nji ýylyň birinji çärýeginiň jemleri boýunça Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2% boldy. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedow şenbe güni sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde belledi.
Nebitgaz toplumynda ýylyň birinji çärýeginiň jemlerine garaldy
17.04.23 - 22:42Şu gün Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň» geçen üç aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Onda 15-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde şu ýylyň birinji çärýeginde alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlap sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de bu ugurda işleri has-da ilerletmegiň anyk ýollary kesgitlenildi.
TDHÇMB-niň söwdalarynda nebitgaz toplumynyň 20 mln dollaryndan gowrak bolan önümi ýerlenildi
17.04.23 - 22:14Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 25-si hasaba alyndy.
Türkmenistanyň we Pakistanyň diplomatlary nebitgaz we ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdylar
17.04.23 - 22:14Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň Pakistanyň daşary işler döwlet ministri Rabbani Har bilen geçiren duşuşygynda energetika we ulag ulgamlarynda özara gatnaşyklaryň uly mümkinçilikleri maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň işiniň ýylyň birinji çärýeginiň jemleri jemlenildi
17.04.23 - 22:15Prezident Serdar Berdimuhamedowyň geen şenbe güni sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde şu ýylyň birinji çärýeginde ýurdumyzda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine garaldy.
«Lebapnebitgazgözleg» ekspedisiýasy Uzynada meýdançasynda nobatdaky guýuda buraw işlerini geçirýär
14.04.23 - 17:25«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Lebapnebitgazgözleg» ekspedisiýasynyň işgärleri Uzynada meýdançasynda 16-njy gözleg guýusynda buraw işlerini geçirýärler.
Birža söwdalarynda 40 müň tonnadan gowrak suwuklandyrylan gaz eksporta iberildi
13.04.23 - 16:23Sişenbe güni, 11-nji aprelde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda jemi bahasy 16,5 mln amerikan dollaryna deň bolan 18 geleşik baglaşyldy – diýip, ORIENT habar berýär.
CNPC Türkmenistanyň Dubaýda Halkara forumynyň platina hyzmatdaşy bolup çykyş eder
14.04.23 - 09:57Hytaýyň milli nebit kompaniýasy (CNPC) Türkmenistanyň energetika pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça 2-27-nji aprelde Dubaýda geçjek Halkara forumynyň platina hyzmatdaşy hökmünde çykyş eder.
AÖB 2023-nji ýylda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüşini 6,5% diýip çaklaýar
12.04.23 - 14:28Aziýa ösüş banky (AÖB) 2023-nji ýylda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüş depginini 6,5 % derejesinde çaklaýar. Bu Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda iň ýokary görkeziji bolup durýar. Bu barada AÖB-niň aprel aýy üçin hasabatynda aýdylýar. Hasabat bankyň saýtynda çap edildi.
Hyundai Engineering — Türkmenistanyň Dubaýdaky Halkara maýa goýum forumynyň bürünç hyzmatdaşy
12.04.23 - 16:19Hyundai Engineering 2023-nji ýylyň 26-27-nji aprelinde Dubaýdaky Hyatt Regency myhmanhanasynda geçiriljek Türkmenistanyň energetika pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Halkara forumynyň bürünç hyzmatdaşydyr - diýip, forumyň guramaçylary habar berýär.
Dubaýdaky Halkara forumynyň hyzmatdaşlarynyň sany täze gatnaşyjylar bilen artdy
11.04.23 - 19:11Türkmenistanyň energetika toplumyna maýa goýumlaryny çekmek boýunça Halkara forumyň açylmagyna ýarym aý galdy. Forum 2023-nji ýylyň 26-27-nji aprelinde BAE-niň Dubaý şäherinde Hyatt Regency myhmanhanasynda geçiriler.
Energetika — Türkmenistan bilen Moldowanyň hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugry
11.04.23 - 19:11Moldowa we Türkmenistan söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge we energetika ulgamynda özara gatnaşyk etmäge gyzyklanma bildirýär. Bu barada Moldowanyň daşary işler we ýewropa integrasiýasy ministrliginiň döwlet sekretary Ruslan Bolboçanyň Türkmenistanyň Moldowadaky täze ilçisi Toýly Ataýew bilen duşuşygynda gürrüň edildi diýip, Noi.md portaly ýazýar.