Hoşallyk maslahaty geçirildi
13:52 04.09.2021 16163
Şu gün — 4-nji sentýabrda Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň merkezi binasynyň mejlisler zalynda hormatly Prezidentimiziň 1-nji sentýabrda paýtagtymyzyň Maslahat köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy okuw sapagy mynasybetli hoşallyk maslahaty geçirildi. Oňa nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary, hünärmenleri, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky halkara nebit we gaz uniwersitetiniň professor-mugallymlary we ýaşlar gatnaşdylar.
Maslahatyň dowamynda çuň mazmunly çykyşlara giň orun berildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň asylly başlangyçlary esasynda ýurdumyzda milli bilim, ylym ulgamy dünýä derejesinde ösdürilýär, ýaşlaryň döwrebap şertlerde okamagy, öwrenmegi, sport bilen meşgullanmagy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Milli bilim, ylym ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylmagy, bu ugurda halkara gatnaşyklarynyň ösdürilmegi, okuw-terbiýeçilik işiniň döwrebaplaşdyrylmagy netijesinde türkmen ýaşlary dünýä derejesinde geçirilýän ylmy bäsleşiklere, olimpiadalara gatnaşyp, öňdäki orunlary eýeleýärler. Bular dogrusynda «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygynyň orunbasary Bezirgen Berdiýewiň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky halkara nebit we gaz uniwersitetiniň uly mugallymy Jemal Sapargulyýewanyň, «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň laboratoriýasynyň müdiri Hatyja Çopanowanyň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň geologiki maglumatlar merkeziniň guýy maglumatlary toparynyň başlygy Arslan Annamyradowyň we beýleki gatnaşyjylaryň çykyşlarynda giňişleýin bellenip, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli bilim, ylym ulgamyny halkara derejesine ýetiren Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk sözleri aýdyldy.
Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Pakistanyň Prezidenti bilen energetika we ulag ulgamyndaky taslamalary maslahatlaşdy
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardariniň arasynda geçirilen duşuşykda energetika we ulag ulgamyndaky taslamalar boýunça işleri işjeňleşdirmegiň ähmiýeti barada gürrüň edildi diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýtynda aýdylýar.
Birža söwdalarynda içerki we daşaky bazarlara polipropilen ýerlenildi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 23-si hasaba alyndy.
Özbegistanyň energetika ministri OGT – 2024 halkara forumyna gatnaşar
Özbegistanyň energetika ministri Žurabek Mirzamahmudow 23-25-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek “Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2024” (OGT 2024) halkara maslahatyna hormatly myhman hökmünde gatnaşar. Ol “Ählumumy energetika bazarynyň täze ugurlary we özara bähbitli hyzmatdaşlyk” atly umumy mejlisde çykyş eder diýip, forumyň guramaçylary habar berýär.
Hyzmatdaşlyk arkaly ösüş Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň esasy mazmunyny kesgitlär
Ýene sanlyja günden Türkmenistan BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny — dürli yklymlarda ýerleşýän 32 döwletde ýaşaýan 570 milliondan gowrak adamyň durmuşyndaky özgertmeler bilen baglanyşykly dünýä ähmiýetli çäräni kabul eder.
Zähmeti goramak sagdynlygyň we howpsuzlygyň girewidir
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň mejlisler zalynda konserniň garamagyndaky edara-kärhanalaryň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlygy boýunça hünärmenleriniň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirildi.