«Nebitgazçykaryş»: 11 aýda 503 sany guýy abatlanyldy
28.12.21 - 10:36«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkan welaýatynyň «Nebitgazçykaryş» müdirliginiň işgärleri 2021-nji ýylyň başyndan bäri ýokary zähmet üstünliklerini gazandylar. Kärhana ýanwar-noýabr aýlarynda 503 sany guýyny abatlap, ulanyşa girizdi.
Hökümet mejlisinde Balkan welaýatyndaky nebitgaz kärhanalarynyň işine garaldy
28.12.21 - 10:37Geçen anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow Balkan welaýatynda ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynyň işi hakynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berdi.
Türkmenistanyň biržasynda geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 90 million dollaryndan gowrak boldy
28.12.21 - 10:38Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 68-si hasaba alyndy.
2021-nji ýylda «Gazprom» türkmen gazynyň satyn alnyşyny iki esse artdyrar — RF-niň Türkmenistandaky ilçisi
26.12.21 - 10:532021-nji ýylda «Gazprom» tarapyndan Türkmenistandan satyn alynýan gazyň möçberi iki esse artyp, takmynan, 10 mlrd kub metre barar. Bu barada anna güni RF-niň Türkmenistandaky ilçisi Aleksandr Blohin türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň ýyllyk jemlerine bagyşlanyp, ilçihanada geçirilen metbugat-maslahatynda beýan etdi.
Türkmenistan ýanwar-noýabr aýlarynda Hytaýa 6,1 mlrd dollarlyk tebigy gaz eksport etdi
26.12.21 - 10:54Türkmenistan Hytaýa turba geçiriji arkaly «mawy ýangyjy» eksport etmek boýunça öňdeligi saklap gelýär. HHR-nyň Baş gümrük müdirliginiň maglumatlaryna görä, 2021-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda Hytaýa Türkmenistan – Hytaý gaz geçirijisi arkaly 6,1 mlrd dollarlyk 21,91 mln tonna möçberde türkmen tebigy gazy iberildi.
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Pakistana we Hindistana iş saparlarynyň jemleri jemlenildi
23.12.21 - 20:2722-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen bolan iş duşuşygynyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow hökümet wekiliýetiniň şu ýylyň 18-20-nji dekabry aralygynda Pakistan Yslam Respublikasyna we Hindistan Respublikasyna guralan saparlarynyň jemleri boýunça hasabat berdi.
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň üstünlikleri
23.12.21 - 12:03Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody ynamly ädimler bilen ösüşiň täze belentliklerine barýar. Muňa kärhananyň şu ýylda gazanýan üstünlikleri aýdyňlygy bilen şaýatlyk edýär.
Ýewropada gazyň bahasy 1 müň kub metrine 2000 dollardan geçdi
23.12.21 - 12:04Ýewropada gazyň spotlaýyn bahasy müň kub metri üçin 2000 dollardan geçdi.
2021-nji ýylda açylan nebitgaz ýataklarynyň möçberi 75 ýylda iň az sanlysy boldy — Rystad
23.12.21 - 20:282021-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda nebit-gaz ýataklarynyň açylyşlarynyň geçen 75 ýylyň dowamynda iň pes derejä ýetmegine garaşylýar. Bu barada energiýa pudagy boýunça seljerme geçirýän “Rystad Energy” kompaniýasy tarapyndan toplanan maglumatlara salgylanyp, Interfaks habar berdi.
Aşgabat we Yslamabat TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyny işjeňleşdirer
22.12.21 - 09:28Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça, duşenbe güni Yslamabat şäherinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Arif Alwi bilen duşuşygy geçirildi diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Nebitgaz we ulag — Türkmenistanyň hem-de Gazagystanyň hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary
22.12.21 - 09:30Nebitgaz we ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlyk Türkmenistan bilen Gazagystanyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn özara gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugry hökmünde bellenildi. Bu barada Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky 11-nji mejlisinde belledildi. Mejlis 20-nji dekabrda Aşgabatda geçirildi diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Türkmenistan owgan halkyna ynsanperwer goldaw bermäge çagyrdy — DIM
21.12.21 - 10:21Türkmen tarapy dünýä jemgyýetçiligini, ilkinji nobatda bolsa, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň döwletlerini owgan halkyna goldaw bermäge çagyrdy. Bu barada Pakistanyň paýtagty Yslamabat şäherinde geçirilen «Owganystandaky ynsanperwerlik ýagdaýlary» mowzugy boýunça Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň nobatdan daşary mejlisinde beýan edildi diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Türkmenistanyň, Hindistanyň we Pakistanyň daşary işler ministrleri energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar
21.12.21 - 10:2318-20-nji dekabrda türkmen wekiliýetiniň Pakistana we Hindistana iş saparynyň çäklerinde energetika ulgamynda, hususan-da, Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygy ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Uçar kerosini — birža söwdalarynyň öň hatarynda
21.12.21 - 10:24Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 6-sy hasaba alyndy.
ÝB liderleri energiýa serişdeleriniň gymmat bahalaryny maslahatlaşdylar, umumy ylalaşyklary gazanyp bilmediler — Mişel
19.12.21 - 12:14Ýewropa Bileleşigi ýurtlarynyň Liderleri energiýa serişdeleriniň gymmat bahalaryny maslahatlaşdylar, emma jedeller zerarly bu mowzuk boýunça gutarnykly beýannama taýýarlap bilmediler diýip, Ýewropa geňeşiniň başlygy Şarl Mişel belledi. Muny Interfaks habar berýär.