«Nebitgazçykaryş» tresti nebitiň we gazyň çykarylyşynyň möçberlerini artdyrýar
10:34 03.09.2021 8204
«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazçykaryş» trestiniň işgärleri guýulary düýpli abatlamak hem-de olary ulanyşa girizmek netijesinde nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmaga düýpli goşant goşdular. Bu işleriň netijesinde 2021-nji ýylyň ýedi aýynda konsern boýunça goşmaça çykarylan nebitiň möçberi meýilleşdirilen 96 müň 585 tonna derek120 müň tonna barabar boldy.
Bellenilen döwürde «Nebitgazçykaryş» tresti boýunça burawçylar tarapyndan meýilleşdirilen 299 guýa derek 313 sany guýy ulanyşa girizilip, abatlanylan guýularyň umumy sany 380 birlige ýetdi.
Bu döwürde «Goturdepe» nebitgazçykaryş müdirligi boýunça goşmaça çykarylan «gara altynyň» möçberi 59 müň tonna barabar boldy. «Nebitdagnebit» NGÇM boýunça bu görkeziji 28 müň tonna deň boldy.
«Türkmennebit» DK-nyň zähmet düzümleriniň hünärmenleri tarapyndan amala aşyrylýan işlerde öňdebaryjy kompaniýalaryň döwrebap tehnikalary we buraw enjamlary ulanylýar. Netijede, konserniň ygtyýarynda nemesleriň «Bentek», hytaýlylaryň «ZJ-70 DS», ruslaryň «Uralmaş» we beýleki enjamlary bar.
Öňdebaryjy tehnologiýalaryň ulanylmagy netijesinde hünärmenler guýulary abatlamak we işe girizmek boýunça hil taýdan täze derejä çykdylar. Şu ýylyň ýedi aýynda trest boýunça meýilleşdirilen 4,7 mln kub metre derek 50 mln kub metr «mawy ýangyç» çykaryldy. Bu ýokary netijeleriň gazanylmagynda guýulary düýpli abatlamak boýunça «Gamyşlyjanebit» NGÇM-niň aýratyn hyzmaty bardyr.
2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy
2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy. Bu barada Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti bilen duşuşygyna taýýarlanylan materiallarda aýdylýar. Duşuşyk 15-16-njy sentýabrda Samarkandda ŞHG sammitiniň çäklerinde meýilleşdirildi diýip, RIA Nowosti ýazýar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa saparynyň jemleri boýunça resminamalaryň toplumyna gol çekildi
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýa amala aşyran saparynyň jemleri boýunça hyzmatdaşlyk hakynda resminamalaryň toplumyna gol çekildi. 15-nji aprelde Serdar Berdimuhamedowyň ýapon işewürleri bilen geçiren duşuşygynyň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň täze ilçisi bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
17-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Amer bin Ali Al-Şehrini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy diýip, TDH habar berýär.
Kuala-Lumpur TEIF 2025 halkara maýa goýum forumyny geçirmäge taýýarlyk görýär
2025-nji ýylyň 23–24-nji aprelinde Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde geçiriljek “TEIF 2025” Türkmenistanyň halkara maýa goýum forumynyň açylmagyna az wagt galdy. Forumyň Guramaçylyk toparynyň habar bermegine görä, bu möhüm waka gatnaşmak üçin hasaba alyş eýýäm tamamlandy. Foruma jemi 42 ýurtdan 355-den gowrak wekil gatnaşar.
Türkmenistanyň we Russiýanyň Prezidentleri ŞHG-niň sammtiniň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyk geçirerler
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyk geçirerler. Bu barada Russiýanyň öňdebaryjy habarlar agentlikleri RF-niň Prezidentiniň halkara işleri boýunça kömekçisi Ýuriý Uşakowa salgylanyp habar berýär.