Makalalar
1619355ca0f610.jpeg
«Gara altynyň» önümçiligine sementleýjileriň goşandy
16.11.21 - 16:55

Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösüşine «Türkmennebit» DK-nyň müdirlikleri saldamly goşant goşýarlar. Şolaryň arasynda «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Nebit we gaz guýularyny berkitmek boýunça müdirligi hojalyk hasaplaşygyndaky edara bolup, işi üznüksiz önümçilik bilen baglydyr.


1619355f6561b2.jpeg
Halypa sarpasy belent
16.11.21 - 16:55

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata Watanymyzyň ösüşlerinde mynasyp paýy bolan işgärlerdir hünärmenler sanardan kän. Şeýle işgärleriň biri «Döwletabatgazçykaryş» müdirliginiň Awtoulaglar kärhanasynyň önümçilik tehniki bölüminiň başlygy Hangeldi Jumageldiýew.


16193563028e97.jpeg
Önüm bolçulygy döredilýär
16.11.21 - 16:56

Ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny ösdürmek we milli maksatnamalarymyzy durmuşa geçirmek üçin «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň alymlary we hünärmenleri tarapyndan şertnamalar esasynda her ýylda pudagyň önümçiligi bilen baglanyşykly işleriň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýän ylmy-barlag we taslama işleri amala aşyrylýar hem-de netijeleri önümçilige giňden ornaşdyrylýar.


1618a157dc8219.jpeg
Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri: milli we halkara tejribesi
09.11.21 - 16:30

Gaýtadan dikeldilýän çeşmelerden energiýa almagyň adaty işe öwrülip, ýola goýlanyndan bäri köp wagt geçmedik hem bolsa, ol eýýämden sarp edijileriň aglabasy üçin energiýa üpjünçiliginiň ileri tutýan çeşmesine öwrülip, ýokary depginler bilen meşhurlyga eýe bolýar. Dünýä boýunça ösen we ösýän ýurtlarda mese-mälim duýulýan höweslendirişiň we islegiň artyş meýilleriniň utgaşykly sazlaşygy Gün-ýel energetikasynyň adaty energetika bilen üstünlikli bäsdeşligini şertlendirýär.


1618a15c8602c1.jpeg
Uzynadada ýene bir guýy önüm berdi
09.11.21 - 16:31

Ýurdumyzyň uglewodorod serişdeleriniň goruny artdyrmak işine «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Lebapnebitgazgözleg» ekspedisiýasynyň başarjaň işgärleri saldamly goşant goşýarlar. Golaýda baýlyk agtaryjylaryň Uzynada meýdançasynda burawlan gözleg-barlag guýusyndan çig malyň senagat akymy alyndy.


1618a160b56e5e.jpeg
Burawlaýjylaryň ýakyn hemaýatkärleri
09.11.21 - 16:32

«Türkmennebit» DK-nyň «Burnebitgazhyzmat» müdirligi şu ýylyň başyndan bäri «Nebitdag», «Goturdepe», «Körpeje» we «Ekerem» buraw işleri müdirlikleri boýunça müňlerçe metre barabar dag jynslarynyň gazylyp, nebitgazly guýularyň onlarçasynyň senagat taýdan özleşdirilip başlanmagyna aýgytly täsirini ýetirdi. Aslynda, konserniň düzümindäki bu buraw işleri müdirliklerini gazuw, oturtma hem-de ulanyş turbalary bilen öz wagtynda we bökdençsiz üpjün etmek şu kärhananyň hünärmenleriniň çekýän netijeli zähmetine baglydyr.


16180cd0aceb4d.jpeg
Bellenilen meýilnamalar möhletinde amala aşyrylýar
02.11.21 - 15:30

Mary welaýatynyň ilatynyň hem-de onuň çäklerindäki edara-kärhanalaryň ýylyň bütin dowamynda «mawy ýangyç» bilen bökdençsiz üpjün edilmeginde «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň beýleki gaz üpjünçilik, gaz hojalyk edaralary bilen birlikde Gazlaşdyrmak boýunça gurluşyk-gurnaýyş ülşüniň gaz gurluşykçylarynyň hem saldamly goşandy bar.


16180cd7e0e9be.jpeg
«Mawy ýangyjyň» höziri
02.11.21 - 15:32

«Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň «Gurbansoltanejeetrapgaz» gaz hojalygy edarasynyň gazçylary etrabyň ilatyny we edara-kärhanalaryny milli baýlygymyz bolan gymmatly «mawy ýangyç» bilen bökdençsiz üpjün etmek ugrunda bagtyýarlyk döwrümiziň belent ruhuna mahsus işleri durmuşa geçirýärler. Bu ugurda şu ýylyň on aýyny netijeli jemlän edaranyň işçi-hünärmenleri häzirki döwürde noýabr aýynyň işlerine guramaçylykly girişdiler.


16177a503daf55.jpeg
Kaşaň öýli — bagtdan paýly
26.10.21 - 16:49

Täze döreýän maşgala üçin özbaşdak öýli bolmak iň bir möhüm meseleleriň biridir. Ýurdumyzda ýaş maşgalalar giňden goldanylýar. Olara döwletimiz tarapyndan dürli ýeňillikler döredilýär. Şeýle oňyn çemeleşme maşgalanyň berk bolmagyna uly ýardam berýär.


16177a5fcd52f5.jpeg
Elektrodefolýatoryň şowly tejribesi
26.10.21 - 16:53

Türkmenleriň «Akyl akyldan sowaşyk» diýen pähimi bar. Bu gezek hem şeýle boldy. «Gara altyn» bilen iş salyşýan ussatlar, has takygy, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat bölüminiň mugallymlary ekin meýdanynda ösdürilip ýetişdirilen bol pagta hasylyny ýygnamak üçin «ak altyn» ussatlaryna kömege baranlarynda, olar birnäçe meselelere aýratyn üns berdiler.


1616e67f90bf8b.jpeg
Ýylyň belent sepgitleri nazarlanylýar
19.10.21 - 16:38

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Daşoguzgazakdyryş» müdirliginiň gazçylary «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda dowam edýän şu ýylyň 9 aýyny netijeli jemlediler. Munuň şeýledigine müdirligiň agzybir işçi-hünärmenleriniň welaýatyň ilatyny we edara-kärhanalaryny milli baýlygymyz bolan gymmatly «mawy ýangyç» bilen bökdençsiz üpjün etmek hem-de daşary bazarlara çykarylýan tebigy gazyň üznüksiz akdyrylmagyny gazanmak ugrunda şu günler durmuşa geçirýän nusgalyk işleriniň mysalynda-da aýdyň göz ýetirmek bolýar.


1616e6841a2566.jpeg
Geologiýa pudagynda alnyp barylýan we meýilleşdirilýän işler
19.10.21 - 16:40

Garaşsyzlyk ýyllarynda «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň geologlary Gahryman Arkadagymyzyň goldawy esasynda ýurduň ýerasty gurluşyny we onuň baýlyklaryny öwrenmekde, mineral çig mal binýadyny döretmekde, ösdürmekde ägirt uly meýilnamalaýyn işleri amala aşyrýarlar. Ýurdumyzyň mineral çig mal serişdeleriniň ýagdaýy hereket edýän senagat kärhanalarynyň geljekde uzak wagtlap we ygtybarly işlemegini hem-de olaryň kuwwatlylygynyň ýokarlandyrylmagyny üpjün edýär.



1615be613708dd.jpeg
Gaz geçirijileriň ulanyş möhleti artýar
05.10.21 - 15:43

Döwletimiziň milli ykdysadyýetiniň esasy pudagy bolan ýurdumyzyň nebitgaz ulgamynyň beýleki önümçilik düzümleri bilen birlikde «Türkmengazakdyryş» birleşiginiň «Gündogargazakdyryş» müdirliginiň gazçylary hem Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramçylygyna özleriniň zähmet goşantlaryny goşdular.


1615be68a4f1c3.jpeg
«Kenardaky» döwrebap işler
05.10.21 - 15:45

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy dünýäniň iň kuwwatly desgalarydyr kämil tilsimatlaryna eýe bolmak bilen, ýokary hil ülňülerine laýyk gelýän nebit we nebithimiýa önümlerini taýýarlamakda we ýerleşdirmekde uly sepgitlere eýe bolýar.