«Şatlyk» şypahanasy halkyň hyzmatynda
09.08.22 - 20:24Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklary esasynda tomus paslynyň dowam edýän häzirki günlerinde ýurdumyzyň dynç alyş, sagaldyş merkezlerinde, şeýle hem pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna degişli şypahanalarda raýatlarymyzyň göwnejaý dynç almaklary hem-de saglygyny pugtalandyrmaklary üçin döredilýän oňaýly şertler hemmelerde kanagatlanma duýgusyny döredýär.
Işleri ileri gazçylar
09.08.22 - 20:27«Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň baýry kärhanalarynyň biri bolan «Boldumsazetrapgaz» gaz hojalygy edarasynyň işgärleriniň şu günler alyp barýan wajyp işleri aýratyn bellenmäge mynasypdyr.
Sargytlar berjaý edilýär
03.08.22 - 23:17Hormatly Prezidentimiziň döwrebap çözgütleri bilen barha rowaçlyklara beslenýän Diýarymyzyň milli ykdysadyýetiniň nebitgaz pudagynyň iri önümçilik düzümleriniň biri bolan «Türkmennebit» döwlet konserniniň zähmet toparlary «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda täze belentliklere ynamly gadam urýarlar.
Talyplar önümçilik tejribeliginde boldular
03.08.22 - 23:18Şu günler Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary döwletimiziň nebitgaz pudagynyň edara-kärhanalarynda önümçilik tejribeliklerini geçýärler. Önümçilik tejribelikleriniň ýangyç-energetika ulgamynyň ýokary tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan döwrebap kärhanalarynda geçirilmegi olaryň nazaryýetde öwrenenlerini önümçilikde pugta özleşdirmeklerine ýardam berýär.
Eşretli ertirleri nazarlap
03.08.22 - 23:14Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň bahasyz baýlygy bolan tebigy gazy okgunly ösüşleriň, eşretli ýaşaýşyň hyzmatynda goýup, bu babatda il-ýurt bähbitli syýasaty ýöredýär. Şeýle möhüm işe «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň «Lebapgazüpjünçilik» müdirliginiň agzybir işgärleri netijeli gatnaşýarlar. Olar agzybirlik bilen zähmet çekip, sarp edijileriň tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün edilmegini gazanýarlar.
Döwrüň ruhuna mahsus işler
26.07.22 - 15:29Halkymyzy ýokary hilli nebit we nebit önümleri bilen üpjün etmekde döwrümiziň ruhuna mahsus işleri alyp barýan «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň Gubadag nebit kärhanasynyň agzybir işgärleri şu ýylyň alty aýyny üstünlikli jemlediler.
Şerepli gaz ýatagyndan tebigy gazyň akymy alyndy
26.07.22 - 15:30Hormatly Prezidentimiz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň sebitlerinde täze gaz ýataklaryny açyp, olary senagat taýdan özleşdirip, tebigy gazyň çykarylyşyny düýpli artdyrmak barada möhüm tabşyryklary berýär.
Binýatlyk toplumdaky buýsançly işler
19.07.22 - 16:44Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwlet derejesindäki geçirýän mejlislerinde, maslahatlarynda edýän çuň many-mazmunly we maksatnamalaýyn çykyşlarynda, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli kabul edýän Kararlarydyr çözgütlerinde Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzyň ykdysady kuwwatynyň barha belende göterilmeginde
Ýurdumyzyň sebitleri we pudaklary toplumlaýyn özgerdilýär
19.07.22 - 16:45Häzirki döwürde ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş-ykdysady syýasatyň baş ugurlary, esasan, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» öz aýdyň beýanyny tapdy. Şoňa görä-de, ýokary depginli ykdysady ösüşi gazanmakda, ykdysadyýetiň pudaklaýyn düzümini diwersifikasiýalaşdyrmakda, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmakda, bazar-ykdysady özgertmeleri çuňlaşdyrmakda, ýurduň sebitleriniň we pudaklarynyň gyradeň ösüşini gazanmakda netijeli işleriň durmuşa geçirilýändigini aýratyn bellemek gerek.
Jogapkärli möwsüme taýýarlyk
18.07.22 - 15:46«Marygazüpjünçilik» müdirliginiň şäher hem-de etrap gaz hojalyk edaralarynyň işgärleri ýörite düzülen iş meýilnamasyna laýyklykda gaz geçirijileri, gaz paýlaýjy hem-de gaz sazlaýjy enjamlary güýz-gyş möwsümine taýýarlamak işlerini guramaçylykly alyp barýarlar.
Ýokary hilli, geçginli önümler
17.07.22 - 22:21Garaşsyzlyk ýyllarynda Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda düýpli özgerişlikler bolup geçdi. Önümçiligiň durkunyň düýpli täzelenilmegi, täze önümçilik desgalarynyň gurlup, ulanylmaga berilmegi işleriň netijeliligini has ýokarlandyrmak bilen birlikde, içerki we daşarky bazarlarda ösen islegden peýdalanýan önümleri köp möçberlerde öndürmäge-de amatly şertleri döretdi.
Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy dostlukly döwletleriň bähbidine gönükdirilendir
17.07.22 - 22:23Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda gadymy Lebap topragynyň Farap etrabyndaky «Gadyn» gaz käninde «Internasional Ltd» Hytaý milli nebitgaz kompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasynyň (CNPCIT) hünärmenleriniň täze gaz ýygnaýjy bekedi işe girizmegi «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň möhüm wakalarynyň birine öwrüldi.
Nebiti gaýtadan işleýjileriň ynamly gadamlary
29.06.22 - 00:34Häzirki zaman dünýäsiniň ykdysady babatda güýçli depginlerde ösýän döwleti hökmünde ykrarnama eýe bolan eziz Diýarymyzda uglewodorod çig mallarynyň çykarylyşyny artdyrmak, olary gaýtadan işläp, ýokary hilli taýýar harytlara öwürmek, iň bir kämil enjamlardyr tilsimatlary önümçilikde netijeli peýdalanmak bilen bu ulgamyň kärhanalarynyň tehniki binýadyny düýpli pugtalandyrmak, önümçilik düzümlerini ygtybarly döwrebaplaşdyrmak işleri yzygiderli alnyp barylýar.
Belent maksatly gazçylar
21.06.22 - 16:19Şu ýylyň 5 aýyny netijeli jemlän «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Daşoguzgazakdyryş» müdirliginiň «Döwletabat-Derýalyk» baş gaz geçirijisiniň ugrunda ýerleşýän edara-kärhanalaryň arasynda bu halkara ähmiýetli gaz geçirijisiniň ýurdumyzyň demirgazygynda ýerleşýän iň soňky gaz gysyjy desgasy bolan «Derýalyk» önümçilik edarasy aýratyn orny eýeleýär.
Ýolöten nebit önümleri kärhanasy online arkaly dabaraly açyldy
21.06.22 - 16:20Ýakynda Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynda «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň garamagyndaky täze gurlup, ulanyşa berilýän Ýolöten nebit önümleri kärhanasynyň açylyş dabarasy boldy.