CIET-2025: HNGU-nyň alymlary özboluşly plazma-himiýa desgasyny döretdiler
05.11.25 - 12:144-nji noýabrda Awazada geçirilen CIET-2025 halkara maslahatynda Türkmenistanyň az uglerodly energetika ulgamy boýunça tehnologiýa üstünliklerini tassyklanyldy diýip, THP habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ iş sapary bilen ugrady
04.11.25 - 15:18Prezident Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa + ABŞ» formatyndaky Sammite gatnaşmak üçin iş sapary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna ugrady. Bu barada 4-nji noýabrda TDH habar berýär.
Ahmet Çalyk: “Türkmenistan – maýa goýumlary üçin ygtybarly we geljegi uly ugur”
04.11.25 - 14:24«Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk Awazada geçirilýän CIET 2025 halkara maslahatyna gatnaşdy. Ol «Durnukly maýa goýumlaryň geljegi» atly umumy mejlisinde çykyş edip, onda senagaty döwrebaplaşdyrmak we durnukly ösüş boýunça hyzmatdaşlyk meselelerine üns çekdi.
CIET 2025: Tebigy gazdan benzin öndürýän dünýäde ilkinji zawod Türkmenistanyň senagatyny berkidýär
04.11.25 - 14:23CIET 2025 halkara maslahatynda «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasynyň Türkmenistandaky wekiliýetiniň direktory Tomohiro Takaşina kompaniýanyň Türkmenistan bilen 20 ýyllyk hyzmatdaşlygy barada gürrüň berdi. Ol, hususan-da, tebigy gazdan benzin öndürýän GTG-1 zawodyny ýapon-türkmen hyzmatdaşlygynyň hem-de ekologiýa innowasiýalarynyň nyşany hökmünde aýratyn belledi.
TDHÇMB-niň söwdalarynda daşary ýurtly we ýerli işewürler ýangyç-energetika toplumynyň önümlerini satyn aldylar
04.11.25 - 13:35Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 13-si hasaba alyndy.
Awazada CIET – 2025 halkara sergisi we maslahaty geçirilýär
04.11.25 - 13:39«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýylyň esasy işewürlik wakalarynyň birine öwrülen «Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy — CIET 2025» atly halkara sergi we maslahat öz işine başlady. Forum 2025-nji ýylyň 3-4-nji noýabry aralygynda geçirilip, oňa Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ykdysadyýetiniň öňdebaryjy pudaklarynyň wekilleri gatnaşýarlar. Bu barada Türkmenistan halkara habarlar portaly habar berýär.
Balkan welaýatynda karbamid öndürýän täze toplumyň düýbi tutuldy
04.11.25 - 13:372-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş saparynyň çäklerinde Türkmenbaşy etrabynyň çäginde kuwwatlylygy ýylda 1 million 155 müň tonna karbamid öndürýän toplumyň gurluşygynyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti: CIET-2025 halkara forumy ýurdumyzyň senagat mümkinçiliklerini görkezmekde uly ähmiýete eýe
04.11.25 - 13:343-nji noýabrda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara sergi we maslahat öz işine başlady. Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklaryna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegi, şeýle hem halkara we sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýän bu forum iki gün dowam eder.
Ýagty geljegi nazarlaýan ädimler
04.11.25 - 09:05Tebigatyň adamzadyň ýaşaýyş-durmuşy we saglygy bilen aýrylmaz baglanyşygy baradaky ýörelgeler ynsanperwerligiň binýadydyr. Ynsanyň we tebigatyň sazlaşygy hakynda ýazmak, onuň aslyna düşünmek, täzelik, açyş etmek, zerur bolan ýakynlygy, birligi, bitewüligi saklamak maksady bilen XXI asyrda iňňän uly taslamalar durmuşa geçirilýär.
Frankfurtda Türkmenistanyň Ykdysadyýet günleri geçirildi
04.11.25 - 13:3630–31-nji oktýabr aralygynda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Maýn boýundaky Frankfurt şäherinde Türkmenistanyň Ykdysadyýet günleri geçirildi.
Hökümet mejlisinde 2025-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda ýangyç-energetika toplumynyň işiniň netijeleri maslahatlaşyldy
01.11.25 - 16:2231-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň on aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Bu barada TDH habar berýär.
Türkmenistanyň we Litwa Respublikasynyň diplomatlary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar
31.10.25 - 17:06Litwa Respublikasyna amala aşyran saparyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Litwa Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary Widmant Werbiskas bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.
Frankfurtda “Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň günleri” başlanýar: Ýewropa bilen hyzmatdaşlygyň täze sepgitleri
31.10.25 - 11:542025-nji ýylyň 30–31 oktýabrynda Frankfurtda halkara ykdysady forum — «Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň günleri» geçirilýär. Bu forum Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň döwletleriniň arasyndaky işewür gatnaşyklary berkitmek üçin iri dialog meýdançasyna öwrüler.
Daewoo E&C — CIET 2025 halkara maslahatynyň altyn hemaýatkäri
31.10.25 - 11:55Günorta Koreýanyň Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd. kompaniýasy 2025-nji ýylyň 3–4 noýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek CIET 2025 halkara maslahatynyň we sergisiniň altyn hemaýatkäri hökmünde çykyş eder diýip, çäräniň guramaçylary habar berýärler.
Aşgabatda Türkmenistanda Ählumumy metan borçnamasyny durmuşa geçirmegiň meseleleri maslahatlaşyldy
31.10.25 - 11:5627-nji oktýabrda Aşgabatda Ählumumy metan borçnamasy (GMP) we ony Türkmenistanda ornaşdyrmak boýunça amaly ädimler boýunça esasy okuw seminary gibrid formatda geçirildi.