Türkmen-hytaý işewürlik forumy we sergisi 2026-njy ýylyň aprelinde Aşgabatda geçiriler
29.12.25 - 13:12Aşgabatda 2026-njy ýylyň 28–30-njy aprelinde geçirilmegi meýilleşdirilýän giň gerimli türkmen-hytaý işewürlik forumyna we sergisine taýýarlyk işleri başlandy. Öňde boljak çäreler iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin möhüm halkara meýdança bolar.
Bezeg bäsleşigi geçirildi
29.12.25 - 22:43Täze — 2026-njy ýyly mynasyp garşylamak maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebimizde talyp toparlarynyň arasynda baýramçylyk bezeg işleri boýunça bäsleşik geçirildi. Bu bäsleşik talyplaryň döredijilik ukyplaryny we täze ýyl arçasyny bezemekdäki başarnyklaryny ýüze çykarmak maksady bilen guraldy.
Geljekki nebitçiler okuw-önümçilik tejribeligini üstünlikli geçdiler
29.12.25 - 13:11Balkanabat nebit kollejiniň talyplary «Türkmennebit» döwlet konserniniň düzüm bölümlerinde okuw-önümçilik tejribeligini üstünlikli geçdiler. Okuw meýilnamasyna laýyklykda guralan bu tejribe talyplara nazary bilimlerini amaly tejribe bilen utgaşdyrmaga mümkinçilik berdi. Tejribäniň dowamynda talyplar konserniň kärhanalarynyň dürli bölümlerinde önümçilik işleriniň dürli tapgyrlary bilen tanyşdylar.
Türkmenistanyň Mejlisi 2026-njy ýylyň şygaryny yglan etdi
27.12.25 - 12:002026-njy ýyl Türkmenistanda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» şygary astynda geçer. Şeýle Karary Türkmenistanyň Mejlisiniň 26-njy dekabrda kabul etdi.
Türkmenistanyň gazçylary täze ulag serişdelerini aldylar
27.12.25 - 13:35Türkmenistanyň gündogar sebitiniň gaz senagaty milli ykdysadyýetiň binýadyny berkitmek bilen, yzygiderli ösmegini dowam etdirýär. Bu ugurdaky amaly ädimleriň biri hökmünde, pudak hünärmenleriniň iş şertleriniň amatlylygyny we howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen «Lebapgazçykaryş» müdiriýetiniň ulag infrastrukturasynyň täzelenmegini görkezmek bolar.
Türkmen türgenleriniň dünýä derejesinde ýeňşi – milli buýsanjyň nyşany
27.12.25 - 13:34Häzirki zaman sporty diňe bir adamyň fiziki taýýarlygynyň däl, eýsem onuň erk-isleginiň, häsiýetiniň durnuklylygynyň we ýokary maksatlara ýetmäge bolan ymtylyşynyň möhüm görkezijisidir. Häzirki döwürde sport işi döwletleriň halkara derejesindäki oňyn abraýyny kemala getirmekde, şeýle hem ýaşlary watançylyk we Watanyň öňündäki jogapkärçilik ruhunda terbiýelemekde möhüm orun eýeleýär.
TOPH gaz geçirijisi: Serhetabat-Hyrat bölegi üns merkezinde
25.12.25 - 18:202025-nji ýylyň dekabrynda "Türkmengazgurluşyk" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti ("Türkmengaz" döwlet konserniniň düzümi) Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň Serhetabat-Hyrat bölegini gurmak üçin kömekçi materiallary we metal önümlerini üpjün etmek boýunça halkara bäsleşik yglan etdi. Bu Merkezi we Günorta-Gündogar Aziýa sebitiniň işjeň ykdysady ösüşi üçin güýçli itergi berjek transmilli taslamany mundan beýläk-de amaly taýdan durmuşa geçirmekde nobatdaky möhüm ädim boldy.
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda 2025-nji ýylyň iň möhüm wakalary
25.12.25 - 18:19Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk ýubileý senesi we "Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly" diýlip yglan edilen 2025-nji ýyl tamamlanyp barýar. Bu ýylyň netijeleri san görkezijilerinde entek doly jemlenmedik hem bolsa, milli ykdysadyýetiň esasy bölegi we ýurduň strategik resursy bolan nebitgaz pudagynyň ösüşindäki iň ähmiýetli wakalary eýýäm bellemek bolar.
«Döwletabatgazçykaryş» müdirligi innowasiýalaryň hasabyna gaz çykaryşyň möçberini artdyrýar
25.12.25 - 18:18Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynda iş alyp barýan «Döwletabatgazçykaryş» müdirligi Türkmenistanyň gaz pudagynyň öňdebaryjylarynyň biri hökmünde öz ornuny tassyklady. Türkmenistan Halkara habarlar merkeziniň habar bermegine görä, kärhana 2025-nji ýylyň 11 aýynyň jemleri boýunça tebigy gazyň we kondensatyň çykarylyşynda durnukly ösüş görkezdi.
Hazarly-2 täze gaz guýusy Lebap welaýatynyň gaz çykaryş kuwwatyny berkidýär
24.12.25 - 16:48Lebap welaýatynda “Lebapgazçykaryş” müdirligi tarapyndan täze gurlan “Hazarly–2” gaz guýusynyň senagat taýdan özleşdirmek işleri başlandy diýip, Türkmenistan Halkara habarlar portaly habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygyna gatnaşdy
24.12.25 - 16:5022-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna iş saparynyň çäklerinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň ýokary derejeli resmi däl duşuşygyna gatnaşdy diýip, TDH habar berýär.
Hormatly Prezidentimiziň täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy
23.12.25 - 09:05Geçen çarşenbede nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Oňa nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary we işgärleri gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Prezidenti iş sapary bilen Russiýa Federasiýasyna bardy
22.12.25 - 21:3521-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň ýokary derejeli resmi däl sammitine gatnaşmak maksady bilen, Russiýa Federasiýasyna iş sapary bilen bardy. Bu barada TDH habar berýär.
Türkmen-ýapon hyzmatdaşlygy hakynda birnäçe resminamalara gol çekildi
20.12.25 - 22:3219-njy dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýa iş saparynyň çäklerinde öňdebaryjy ýapon kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen işewürlik duşuşygy boldy. Duşuşygyň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekildi.
Serdar Berdimuhamedow ýapon kompaniýalaryny Türkmenistanda täze taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmaga çagyrdy
20.12.25 - 22:3019-njy dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýa iş saparynyň çäklerinde öňdebaryjy ýapon kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen işewürlik duşuşygynda birnäçe özara bähbitli taslamalara gatnaşmagy teklip etdi diýip, TDH habar berýär.