Serdar Berdimuhamedow “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024” halkara forumynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy

09:35 19.10.2024 7934

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/12161/original-167134e3ad7080.jpg

18-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine garaldy.

Mejlisiň barşynda wise-premýer B.Amanow şu ýylyň 23 — 25-nji oktýabry aralygynda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024” atly XXIX halkara maslahata we sergä görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bu çärä gatnaşmak üçin köp sanly daşary ýurtly kompaniýalary, ýurdumyzyň kärhanalarydyr telekeçileri hasaba alyndy. Halkara sergiň işine Türkmenistanyň Hökümet agzalarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň, daşary ýurt we ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarynyňdyr wekilleriniň gatnaşmagy meýilleşdirilýär. 

Ýyl-ýyldan bu çäräniň geriminiň giňemegi dürli ýurtlaryň işewür toparlarynyň ýurdumyz bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanmalarynyň artýandygyny görkezýär. Halkara maslahat “Ählumumy energetika bazarynda täze depginler we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegi” atly plenar mejlisden we alty sany bölümçeden ybarat bolar.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, «Türkmenistanyň nebiti we gazy» atly halkara maslahatyň we serginiň her ýyl geçirilýändigini, bu çäräniň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary, nebitgaz pudagyna täze tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ugurlary barada pikir alyşmaga ýardam berýändigini belledi we forumy ýokary derejede guramagy wise-premýere tabşyrdy.

Başga makalalar
163916f1074b11.jpeg
GlobalPetrolPrices: Türkmenistan — benziniň iň arzan ýurtlarynyň onlugynda

Türkmenistan benziniň iň arzan ýurtlarynyň ilkinji onlugynda galmagyny dowam edýär. GlobalPetrolPrices-yň maglumatlaryna görä, 5-nji dekabra çenli ýagdaýa görä, Türkmenistan oktan mukdary 95 belgili benziniň elýeterliligi boýunça reýtingde ýedinji orny eýeleýär. 1 litr benziniň bahasy ýurtda 0,433 dollar.


167d29c904a9d9.jpg
Türkmenistanda keramika önümlerini öndürýän iri zawod ulanyşa girizildi

12-nji martda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda täze desganyň — Bäherden keramiki önümler kärhanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy diýip, TDH habar berýär.


161d7d3d05697c.jpeg
Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisi ulanylyp başlany bäri, 320 mlrd kub metr türkmen gazy iberildi — CNPC

2009-njy ýylda Türkmenistan — Hytaý halkara gaz geçirijisiniň ulanylmaga tabşyrylanyndan bäri, jemi 320 milliard kub metrden hem gowrak türkmen gazy Hytaýa iberildi. Bu barada Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň Türkmenistandaky şahamçasynyň (CNPC) baş direktory Çen Huaýlun beýan etdi. Muny «Watan» habarlar gepleşiginde habar berdiler.


161d7e6c4b374f.jpeg
Awgust aýyndan OPEC-e Kuweýtiň wekili başlyklyk eder

OPEC-iň nobatdan daşary mejlisinde ministrler guramanyň täze baş sekretary wezipesine — 2022-nji ýylyň 1-nji awgustyndan başlap üç ýyl möhlete Kuweýtden Haýtam Al-Gaýsy (Haitham Al-Qais) saýladylar diýip, Interfaks habar berýär.


1651bb00be56a6.jpg
Türkmenistanyň energetika toplumy Dubaýda ADIPEC – 2023 sergisine gatnaşyjylaryň köp sanlysynyň ünsüni çekdi

Abu-Dabide ADIPEC – 2023 sergisiniň barşynda Türkmenistanyň energetika toplumy Norwegiýa, Şweýsariýa, BAE, Katar, Azerbaýjan, Hindistan, Pakistan, ABŞ, Kanada we beýleki köpsanly döwletlerden ýüzlerçe kompaniýanyň ünsüni çekdi. Türkmen energetika toplumyna gyzyklanma bildiren iri halkara kompaniýalarynyň hatarynda - Sinopec, Rime, CGG, EGS, Xiat, ICA-Finance, S&P Global we beýlekiler bar.