Türkmenistan we Mongoliýa söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegi ylalaşdylar
13:34 14.10.2024 4746
12-nji oktýabrda Aşgabatda Mongoliýanyň Prezidentiniň Türkmenistana ilkinji döwlet saparynyň çäklerinde iki dostlukly ýurduň Baştutanlary Serdar Berdimuhamedowyň we Uhnaagiýn Hurelsuhyň arasynda ýokary derejedäki gepleşikler geçirildi diýip, TDH habar berýär.
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Mongoliýa bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky gatnaşyklary yzygiderli ösdürmegi, iri halkara guramalaryň çäklerinde ýakyndan özara hyzmatdaşlyk etmegi maksat edinýändigini belledi.
Gepleşikleriň dowamynda söhbetdeşler türkmen-mongol gatnaşyklarynyň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
- Biz Türkmenistanyň Hazar deňzindäki port kuwwatlyklaryny Mongoliýanyň bähbitlerine ulanmak meselesine seretmäge-de taýýar. Şeýle hem energetika pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleriniň bardygyny görýäris diýip, Türkmenistanyň Prezidenti aýtdy. Şol bir wagtda ýurdumyz Mongoliýanyň Türkmenistandan Gündogara energiýa serişdelerini ibermegiň gatnaşyjylarynyň biri bolmagy bilen bagly meselelere garamaga taýýardyr. Mongoliýa üçin nebit we gazhimiýa harytlarynyň giň sanawy boýunça önümlerini ibermegiň ugurlaryny ýola goýmak babatda Türkmenistanda mümkinçilikleriň bardygyndan ugur almak zerurdyr. Umuman, Türkmenistan Mongoliýa bilen giň gerimli we dürli ugurlarda söwda hyzmatdaşlygyna başlamak ugrunda çykyş edýär.
“Türkmenistan we Mongoliýa bu ugurlarda özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmak üçin mümkinçiliklere eýedir. Biz Mongoliýanyň hem-de Merkezi Aziýanyň çäkleriniň üstünden Gündogar — Günbatar ulag geçelgesiniň taslamasyny amala aşyrmagyň mümkinçiliklerini gyzyklanma bildirip ara alyp maslahatlaşdyk. Şunuň bilen baglylykda, men mongoliýaly hyzmatdaşlarymyza Türkmenistanyň Hazar deňzindäki port üpjünçilik ulgamlaryny özara bähbitli ulanmak mümkinçiligine seretmegi hem teklip etdim” diýip, Serdar Berdimuhamedow nygtady. Döwlet Baştutany gepleşikleriň dowamynda medeni, ynsanperwer, ylym-bilim, sport ulgamlarynda giň gerimli gatnaşyklara ýardam bermek we ony höweslendirmek barada ylalaşygyň gazanylandygyny aýtdy.
Mongoliýanyň Prezidentiniň Türkmenistana taryhda ilkinji döwlet saparyna örän üstünlikli we netijeli sapar hökmünde baha berýärin. Saparyň jemleri boýunça möhüm ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekildi. Şu günki duşuşygymyz hyzmatdaşlygyň düýpli mümkinçiliklere eýedigini, olary amala aşyrmak üçin ähli zerur işleri durmuşa geçirmek babatda iki döwletiň Baştutanlarynyň uly erk-isleginiň bardygyny tassyklady diýip, Türkmenistanyň Prezidenti belledi.
Mongoliýanyň Prezidenti Aşgabatda bolmagynyň çäklerinde Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşdy, şeýle hem beýleki daşary ýurtly belent mertebeli myhmanlar bilen bilelikde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp paýtagtymyzda geçirilen «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara foruma gatnaşdy.
Türkmenistan we Halkara sergiler býurosy hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýar
Halkara sergiler býurosynyň (HSB) Baş sekretary Dmitriý Kerkentzes Türkmenistan bilen gatnaşyklara ýokary baha berýär we halkara sergi işinde özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýarlygyny mälim etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berdi.
Serdar Berdimuhamedow: Türkmenistan Hytaý bilen hyzmatdaşlygynyň ösdürmäge taýýar
Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen telefon arkaly söhbetdeşliginde Hytaý bilen köpugurly gatnaşyklaryny mundan beýläk hem ösdürmäge taýýarlygynyny ynandyrdy diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
Suwuklandyrylan gazyň eksportynyň çägi giňeýär
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Lebap welaýatynda suwuklandyrylan gaz öndürmek boýunça müdirliginiň işi suwuklandyrylan gazyp önümçilik möçberlerini giňeltmeklige we ony eksport edijileriň sanawyny artdyrmaklyga gönükdirilendir. Häzirki zaman desgalarda öndürilen bu gymmatly önüm üçin täze eksport ugurlary kesgitlenildi.
Daşary ýurt döwletleriniň Liderleri Serdar Berdimuhamedowy öz ýurtlaryna sapar bilen gelmäge çagyrýar
Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň we Gyrgyzystanyň Liderleri hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşmak üçin Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy öz ýurtlaryna sapar bilen gelmäge çagyrýarlar.
Serdar Berdimuhamedow: halkyň ýokary durmuş derejesini üpjün etmeklige gönükdirilen maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi dowam eder
Türkmenistanda halkyň ýokary durmuş derejesini üpjün etmeklige gönükdirilen maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi dowam etdiriler. Bu barada sişenbe güni Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde eden çykyşynda belledi.