Duşuşyk geçirildi
14.10.25 - 09:05«Türkmennebit» DK-nyň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde raýat goranyş gullugynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda talyplara raýat goranyşy boýunça zerur maglumatlar, adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni alyş çäreleri, tehnogen we tebigy betbagtçylyklarda howpsuzlyk düzgünleri giňişleýin düşündirildi. Şeýle hem talyplaryň soraglaryna jogap berlip, amaly görkezmeler geçirildi.
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde çykyş etdi
12.10.25 - 13:0010-njy oktýabrda Täjigistana iş saparynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy diýip, TDH habar berýär.
Serdar Berdimuhamedow GDA döwletleriniň Baştutanlaryny Aşgabatdaky halkara foruma çagyrdy
12.10.25 - 13:01Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň Aşgabatda şu ýylyň dekabrynda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak foruma çagyrdy. Bu barada döwlet Baştutany Duşenbede geçirilen GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde çykyşynda aýtdy diýip, TDH habar berýär.
OGT 2025-iň Guramaçylyk topary foruma gyzyklanmanyň ýokary bolmagy sebäpli bellige alyş möhletini uzaltdy
12.10.25 - 13:02“Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2025” atly 30-njy halkara maslahatynyň we sergisiniň Guramaçylyk topary ýüzlenmeleriň aşa köp bolmagy sebäpli hasaba alyş möhletiniň 2025-nji ýylyň oktýabrynyň 13-ine çenli — duşenbe gününe çenli — uzaldylandygyny habar berdi.
Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa — Russiýa» ikinji sammitinde hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny aýtdy
10.10.25 - 14:519-njy oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Täjigistanda Duşenbe şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa — Russiýa» ikinji sammitine gatnaşdy. Bu barada TDH habar berýär.
Türkmenistanyň DIM-nde Malaýziýanyň wekiliýeti bilen köp ýyllyk gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň meseleleri maslahatlaşyldy
10.10.25 - 14:509-njy oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň Malaýziýanyň Premýer-ministriniň Baş syýasy sekretary Datuk Seri Şamsul Iskandar Mohd Akiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada türkmen daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär.
Türkmenistanyň we Täjigistanyň Prezidentleri hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdylar
09.10.25 - 21:149-njy oktýabrda Duşenbe şäherine iş sapary bilen baran Prezident Serdar Berdimuhamedow Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen ikitaraplaýyn duşuşyk geçirdi diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti TNGIZT-niň desgasyny döwrebaplaşdyrmak teklibini goldady
09.10.25 - 12:168-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, TDH habar berýär.
Gahryman Arkadagymyz: Türkmenistan Türki Döwletleriň Guramasynyň döwletleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge möhüm ähmiýet berýär
09.10.25 - 12:19Türkmenistan Türki Döwletleriň Guramasyna girýän ýurtlar bilen köptaraplaýyn we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Bu barada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XII sammitinde eden çykyşynda belledi diýip, TDH habar berýär.
Halk Maslahatynyň Başlygy Azerbaýjanyň Prezidentini Türkmenistana resmi sapar bilen çagyrdy
09.10.25 - 12:18Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewi Türkmenistana resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy. Bu barada TDH habar berýär.
Serdar Berdimuhamedow Wladimir Putini Aşgabatda geçiriljek halkara foruma çagyrdy
09.10.25 - 12:177-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Bu barada TDH habar berýär.
TDHÇMB-niň söwdalarynda daşarky bazara suwuklandyrylan gaz, içerki bazara polipropilen ýerlenildi
08.10.25 - 12:00Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 35-si hasaba alyndy.
Türkmenistanyň Prezidenti we Horwatiýanyň DIM-niň ýolbaşçysy döwletara hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar
09.10.25 - 12:157-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Horwatiýa Respublikasynyň daşary we Ýewropa işleri ministri Gordan Grliç-Radmany kabul etdi. Bu barada TDH habar berýär.
Serdar Berdimuhamedow Wladimir Putini doglan güni bilen gutlady
07.10.25 - 17:19Prezident Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Hatyra güni mynasybetli çärä gatnaşdy
07.10.25 - 17:166-njy oktýabrda Hatyra gününde Prezident Serdar Berdimuhamedow «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna gül goýmak hatyra çäresine gatnaşdy. Bu gün 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalary hem-de söweş meýdanlarynda wepat bolanlar hatyralanylýar. Bu barada TDH habar berýär.