Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa bilen hyzmatdaşlygy berkitmäge ynam bildirdi
04.10.25 - 12:18Prezident Serdar Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýere, Federal Kansleri Fridrih Merse we ýurduň ähli halkyna German bitewüliginiň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi diýip, 3-nji oktýabrda TDH habar berýär.
Ýurdumyzdaky özgertmelerde zenanlaryň möhüm orny bar
03.10.25 - 15:00Ýurdumyzyň nebitgaz toplumynda «Ösüşlere beslenen parahat, asuda Watanyň buýsançly zenanlary» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi, «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň ilkinji zenanlar guramalary tarapyndan geçirilen çärä degişli toplumyň önümçiliklerinden zenanlar gatnaşdylar. Maslahatda nebitgaz senagatynyň, bilim, saglygy goraýyş, hukuk ulgamlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri çykyş etdiler.
Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy AÖB-niň hemişelik wekilhanasynyň direktory bilen hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdy
03.10.25 - 11:33Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Aziýa ösüş bankynyň (AÖB) Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň direktory Artur Andrisýak bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.
Türkmenistan Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary bilen strategik hyzmatdaşlyk üçin gapylaryny açýar
03.10.25 - 11:3530-31-nji oktýabrda Maýn boýundaky Frankfurt şäherinde Türkmenistanyň Ykdysadyýetiniň günleri işewürlik çäresi geçiriler. Onuň esasy maksady Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň hem-de dünýäniň beýleki döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek we söwda-ykdysady gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmak bolup durýar.
OGT 2025: ählumumy energetika dialogyna 30 ýyl
03.10.25 - 11:37«Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2025» 30-njy halkara maslahatyna we sergisine taýýarlyk işleri barha giň gerim alýar. Çäreler 2025-nji ýylyň 22–24-nji oktýabry aralygynda Aşgabat şäherinde geçiriler. Maslahatyň guramaçylary bolup — «Türkmennebit» we «Türkmengaz» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy hem-de «Türkmen Energetika Forumy» hyzmatdaşlykda çykyş edýär.
Budapeşt Türkmenistany energetika ulgamynda ygtybarly hyzmatdaş hökmünde görýär
02.10.25 - 12:18Wengriýanyň Gündogar bilen gatnaşyklary ösdürmek boýunça Döwlet sekretarynyň orunbasary Adam Ştifter Türkmenistanyň energetika pudagynda ygtybarly hyzmatdaş hökmünde görülýändigini aýtdy. Bu barada ol Aşgabatda geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-wenger toparynyň mejlisinden soň çykyşynda aýtdy.
Energetika meselesi Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-wenger toparynyň üns merkezinde boldy
02.10.25 - 12:1729–30-njy sentýabrda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-wenger toparynyň altynjy mejlisi geçirildi. Wengriýanyň wekiliýetine Daşary işler we söwda ministrliginiň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek boýunça döwlet sekretary Boglarka Illeş ýolbaşçylyk etdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmeklige ynam bildirdi
01.10.25 - 13:35Prezident Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine, Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Sýana, şeýle hem ýurduň dostlukly halkyna Hytaý Halk Respublikasynyň jar edilen güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi diýip, TDH 1-nji oktýabrda habar berdi.
Türkmenistan GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy
01.10.25 - 12:1929-njy sentýabrda Minsk şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.
TDHÇMB-niň söwdalarynda daşarky bazara suwuklandyrylan gaz, içerki bazara binýatlyk ýag ýerlenildi
30.09.25 - 20:20Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 18-si hasaba alyndy.
Ykdysady ösüşde «ýaşyl» energetikanyň orny
30.09.25 - 09:05«Ýaşyl» energetikanyň dünýä ykdysadyýetine ýetirýän oňyn täsiri eýýämden duýulýar. Bu pudak täze iş orunlaryny döretmäge, gazylyp alynýan serişdelere garaşlylygy peseltmäge, innowasiýalaryň işlenip taýýarlanmagyny hem-de ornaşdyrylmagyny çaltlandyrmaga uly goşant goşýar.
Elektromobiller ekologiýa goragynda
29.09.25 - 12:53Elektromobil önümçiligi ekologiýa goragynda möhüm ädim. Bu Arkadag şäheriniň mysalynda hem aýdyň görünýär.
Türkmenistanyň Prezidenti “Toyo Engineering Corporation” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
29.09.25 - 15:3528-nji sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen “Toyo Engineering Corporation” ýapon kompaniýasynyň prezidenti, baş ýerine ýetiriji direktory, wekilçilik müdiri Eiji Hosoini kabul etdi diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanda Garaşsyzlygyň 34 ýyllygy bellenilip geçildi
29.09.25 - 15:3927-nji sentýabrda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygynyň bellenilýän gününde Prezident Serdar Berdimuhamedow Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna, şeýle hem Döwlet münberi toplumynyň öňündäki meýdançada geçirilen baýramçylyk ýörişine gatnaşdy diýip, TDH habar berýär.
Gahryman Arkadagymyz Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany bilen duşuşdy
29.09.25 - 15:3627-nji sentýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Watanymyzyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşdy. Bu barada TDH habar berýär.