Türkmenistanyň wekiliýeti «EKSPO-2020» sergisinde Milli gününi geçirmäge taýýarlyk görýär

15:32 05.10.2021 7104

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/3039/original-1615add945ba74.jpeg

Şu günlerde Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde 1-nji oktýabrda öz işine başlan «EKSPO-2020» Bütindünýä sergisiniň çäklerinde Türkmenistanyň Milli gününi geçirmek boýunça taýýarlyk işleri dowam edýär.

Forumda Türkmenistanyň Milli güni 9-njy oktýabrda geçiriler. Bu senede BAE-niň wekilleri bilen ýokary derejedäkki duşuşyklary geçirmek, şeýle hem birnäçe resminamalara gol çekmek meýilleşdirilýär. Şeýle hem milli sergi meýdançamyzda ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary meýilleşdirilýär.

Bütindünýä ähmiýetli bu sergi Türkmenistanyň gazananlaryny hem-de eksport kuwwatyny açyp görkezmäge, tejribe alyşmafa, özara bähbitli hyzmatdaşlyk meselelerini çözmäge uly mümkinçilik berer.

Serginiň myhmanlary we wekilleri Türkmenistanda öndürilen önümler, sowgatlyklar bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik alarlar.

Türkmenistanyň sergi pawilýony «Ykjamlyk» zolagynda ýerleşýär. Pawilýona girelgede bäş sany ahalteke bedewinden ybarat heýkel kompozisiýasy oturdyldy.

Türkmen milli pawilýonynyň mowzugy: «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany». Türkmenistanyň pawilýonyny«Tekmil» kompaniýasy gurnady.

Serginiň geçýän döwründe 190-dan gowrak döwlet tehnika, ylym we sungat ulgamlarynda ýeten sepgitlerini görkezerler.

Dubaýyň häkimi şeýh Muhammed ben Raşid Al Maktum «EKSPO-2020» sergisiniň açylyşynda «Al-Baýan» gazetine «bu çäräniň özboluşly waka bolup, adamzadyň aňynda galjakdygyny» belledi. Ol BAE-niň bu çäräni «adamzadyň mätäçlik çekýän halkara hyzmatdaşlygynyň esasynda ählumumy meseleleriň çözgüdini tapmak üçin guraýandygyny» belledi.

Dubaýyň Hökümeti bu çäre üçin 7 milliard dollara golaý sarp etdi.

«EKSPO» — dünýäde iň meşhur sergi. Ol her bäş ýyldan dürli ýurtda geçirilýär. Onuň geçiriljek ýeri Halkara Sergiler býurosynyň Baş Assambleýasynda ses berişlik arkaly kesgitlenilýär. Ilkinji Bütindünýä seri 1851-nji ýylda Londonda geçirildi.

Başga makalalar
16503fe4c18d7c.jpg
Serdar Berdimuhamedow Duşenbedäki duşuşykda Merkezi Aziýa Söwda palatasyny döretmekligi teklip etdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Duşenbe şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynda eden çykyşynda Merkezi Aziýa Söwda palatasyny döretmekligi teklip etdi.


16507de0898dda.jpg
«Türkmengaz» DK-da öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak we döwrebaplaşdyrmak boýunça işler geçirilýär

Şenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.


16507f2f4ab219.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin Nýu-Ýorka ugrady

Ýekşenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçirilýän 78-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna ugrady.


1650968b05727d.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti we ÝB-niň Başlygy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmegiň meselelerini maslahatlaşdylar

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Nýu-Ýorkda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Başlygy Şarl Mişel bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.


16503fe9eeb09b.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa ýurtlarynyň täze tehnologiýalar boýunça Geňeşini döretmekligi teklip etdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Duşenbe şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň täze tehnologiýalar boýunça Geňeşini döretmekligi teklip etdi.