Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara foruma gatnaşyjylara
29.03.22 - 07:37Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçirilýän Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Ýurdumyzyň nebitgaz senagatynyň gazananlaryny dünýä ýaýmak maksady bilen geçirilýän bu halkara maslahatyň işine uly üstünlikleri arzuw edýärin.
Energetika Hartiýasy we Gazy eksport edijileriň forumy Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge taýýar
30.03.22 - 09:19Energetika Hartiýasynyň we Gazy eksport edijileriň forumynyň ýolbaşçylary Prezident Serdar Berdimuhamedowa iberen hatynda gaz ulgamynda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge taýýardygyny mälim etdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Hökümetiň täze düzümini tassyklady
28.03.22 - 11:59Anna güni geçirilen Minsitrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Hökümetiň täze düzümini tassyklady. Döwlet Baştutany täze saýlanan Prezidentiň wezipesine girişmeginden soň, wezipe ygtyýarlyklaryny tabşyran Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryny wezipesinde dikeltdi.
Türkmenistanyň biržasynda nebitgaz toplumynyň önümleri daşarky we içerki bazarlara iberildi
28.03.22 - 12:02Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 52-si hasaba alyndy. Olaryň jemi bahasy ABŞ-nyň 62 million 199 müň dollaryna barabar boldy.
Şahym Abdrahmanow Türkmenistanyň nebitgaz toplumyna gözegçilik edýän wise-premýeri wezipesine gaýtadan bellenildi
28.03.22 - 12:04Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Şahym Abdrahmanowy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine bellemek hakynda resminama gol çekdi. Degişli resminama döwlet Baştutany anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda gol çekdi.
Döwranguly Atahanow - “Türkmen Milli nebitgaz kompaniýasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Marketing we logistika bölüminiň başlygy
27.03.22 - 21:10- Ýurdumyzda amala aşyrylýan demokratik özgertmelere hil taýdan täze itergi berildi. Döwletimiziň ösüşiniň täze döwründe ata Watanymyzyň we halkymyzyň ykbaly üçin jogapkärçiligi üstüne almaga ukyply ýaş ýolbaşçylara giň ýol açyldy.
Merdan Orazmuhammedow - “Türkmennebitönümleri” baş müdirliginiň başlygynyň orunbasarynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji
27.03.22 - 19:33Merdan Orazmuhammedow - Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zwodlar toplumynyň “Türkmennebitönümleri” baş müdirliginiň başlygynyň orunbasarynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji:
Serdar Nurýagdyýew - «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň baş geofizigi
26.03.22 - 12:35- 19-njy martda Ruhyýet Köşgüniň ajaýyp zalynda biz möhüm wakanyň – Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň wezipä girişmek dabarasynyň şaýatlary bolduk. Bu çäre örän dabaraly bolup, onda gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan däp-dessurlaryň öz beýanyny tapmagy özüňi halkyň köpasyrlyk ýyl ýazgysyna dahyllylygyňy duýup, buýsanjyňy has-da artdyrýar. Şol ýyl ýazgysyna bolsa bu gün ýene-de bir möhüm sahypa ýazyldy.
«Lebapgazçykaryş» müdirliginiň işgärleri guýularyň öndürijiligini artdyrýar
25.03.22 - 22:07«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň hünärmenleri üçin geçen ýyl üstünliklere beslendi. 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende tebigy gazyň önümçiliginiň ösüş depgini 144%-e deň boldy.
«Türkmenistanyň nebiti we gazy» Forumyna taýýarlyk görülýär
25.03.22 - 14:25Geljek hepdede — 29-30-njy martda «Türkmenistanyň nebiti we gazy» Halkara maýa goýum forumy geçiriler. Onuň guramaçylary bolup, «Türkmengaz», «Türkmennebit» we «Türkmenhimiýa» döwlet konsernleri hem-de «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy «Turkmen Forum» we GaffneyCline britan kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda çykyş edýär.
Täzemyrat Myradow - «Türkmennebit» döwlet konserniniň Baş energetigi - Baş energetika bölüminiň başlygy
24.03.22 - 20:26- 12-nji martda ýurdumyzda geçirilen Prezident saýlawlarynda gazanylan ynamly ýeňiş halkymyzyň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanda geçirilýän syýasata hem-de ozal işlän ähli jogapkärli wezipelerinde özüni hemmetarapdan zehinli, iş başarjaň ýolbaşçy hökmünde görkezen Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowa bildirýän ynamynyň ýokary derejesini görkezdi.
Gurbangeldi Aýmämedow – «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň Baş direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi
24.03.22 - 15:4219-njy martda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedow wezipesine girişdi. Täze saýlanylan döwlet Baştutanynyň wezipesine girişmek dabarasyna ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň edara-kärhanalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Olaryň birnäçesi bu taryhy wakanyň özlerinde galdyran täsiri barada okyjylarymyza gürrüň berdiler.
Türkmenistanda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümi badalga aldy
24.03.22 - 10:18Geçen ýekşenbe güni Türkmenistanda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine badalga berildi.
Ýokary hil — zawodyň işiniň esasy görkezijisi
25.03.22 - 14:24«Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary astynda geçýän ýylda «Türkmennebit» DK-nyň abatlaýyş-mehaniki zawodynyň işine ussat hünärmenleri ýetilen sepgit bilen çäklenmeýärler. Zawod öndürilýän önümleriň möçberini artdyrýar, täze önümleriň nümçiligini özleşdirýär.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
24.03.22 - 10:11Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.