BAE-niň işewürleri ABŞ-nyň 11,2 mln dollarlyk EKO-5 kysymly dizel ýangyjyny satyn aldy
02.06.22 - 11:33Sişenbe güni, 31-nji maýda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy 11,4 million dollaryk we 11,1 million manatlyk 5 geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT habar berýär.
Niderlandlaryň we Daniýanyň RF-niň gazyndan ýüz öwürmeginden soň, Ýewropada onuň müň kub metriniň bahasy 1000 dollardan geçdi
02.06.22 - 09:09Ýel parklarynyň generasiýasynyň şowsuzlygy, şeýle hem Niderlandlaryň we Daniýanyň rus gazyna töleg geçmeginiň täze düzgüninden ýüz öwürmegi we ony sarp edijilerine ibermegini bes etmegi netijesinde Ýewropada gazyň spotlaýyn bahasy 1000 kub metrine 1000 dollardan geçdi diýip, Interfaks habar berýär.
Merkezi Aziýa we ÝB ýurtlarynyň wekilleri Owganystanyň ykdysady taýdan dikeldilmeginiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar
02.06.22 - 09:10Merkezi Aziýanyň we Ýewropa Bileleşiginiň ýörite wekilleriniň Owganystan boýunça nobatdaky duşuşygy 31-nji maýda Almaty şäherinde geçirildi. Onuň dowamynda owgan meselesiniň parahatçylykly ýol bilen çözülmegi, sebitiň integrasion ösüşine Owganystanyň işjeň gatnaşdyrylmagy, ýurduň ykdysady taýdan dikeldilmegi we onuň çäklerinde dürli infrastruktura taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi boýunça halkara we sebit tagallalary ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Birža söwdalarynda ABŞ-nyň 90 mln dollaryndan gowrak walýuta geleşikleri baglaşyldy
31.05.22 - 21:07Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 9-sy hasaba alyndy.
Ýewropanyň täze çäklendirmeleriniň mümkinliginiň çäginde nebit gymmatlaýar, Brent-iň bahasy 123 dollardan geçdi
31.05.22 - 22:48Ýewropa Bileleşigi ýurtlarynyň liderleriniň rus nebitine bölekleýin gadaganlyk girizmek hakynda ylalaşandyklary baradaky habardan soň, sişenbe güni nebitiň bahalary ýokarlanýar diýip, Interfaks habar berýär.
Gaýtadan ulanyşa girizilýän guýular «gara altynyň» goşmaça tonnalaryny berýär
01.06.22 - 09:31Şu günlerde «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazdüýpliabatlaýyş» trestiniň guýulary düýpli abatlamak boýunça müdirligi iş depginini barha artdyrýar. Muňa öndürijiligini peselden ýa-da asla bes eden guýulary abatlamak we ulanyşa girizmek boýunça şu ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri hem şaýatlyk edýär.
Maryda geçirilen halkara maslahatynda TOPH taslamasynyň wekilleri onuň durmuşa geçirilişini maslahatlaşdylar
31.05.22 - 10:35Geçen anna güni Maryda Maryda TOPH (Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan) gaz geçirijisiniň gurluşygynyň meselelerine we taslamanyň sebitiň durmuş-ykdysady ösüşine edýän täsirine bagyşlanan halkara maslahat geçirildi – diýip, ORIENT çäräni gurnaýjylara salgylanyp habar berýär.
Tähranda Türkmenistanda geçiriljek VI Hazar sammitine taýýarlyk meseleleri maslahatlaşdy
31.05.22 - 10:36Geçen hepdede Tähranda geçirilen Hazar deňziniň meseleleri boýunça ýokary derejedäki iş toparynyň dördünji mejlisinde Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän altyjy Hazar sammitine taýýarlyk meseleleri maslahatlaşyldy. Bu barada şenbe güni Gazagystanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär.
Daşoguz welaýatyny toplumlaýyn ösdürmegiň çäklerinde nebitgaz toplumyna maýa goýumlar göz öňünde tutuldy
27.05.22 - 17:39Penşenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Daşoguz welaýatyna toý saparynyň barşynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde ýurdumyzyň demirgazyk sebitini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň Hemişelik wekili UNIDO-nyň ýolbaşçysy bilen wodorod energetikasy ulgamyndaky taslamalary maslahatlaşdy
28.05.22 - 12:20Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Wenadaky Edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili BMG-niň Senagat ösüşi boýunça Guramasynyň (UNIDO) täze bellenen Baş direktory Gerd Müller bilen geçirilen duşuşykda bu Gurama bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gün tertibindäki meselelere garaldy.
Kiberbäsleşigiň ýeňijileri
28.05.22 - 21:05«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabatdaky nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde «Türkmenistanyň kiberhowpsuzlygyny üpjün etmegiň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyna» laýyklykda kiberhowpsuzlyk boýunça bäsleşik geçirildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Maliýe we ykdysadyýet ministrligine 1-nji noýabra çenli 2023-nji ýylyň Döwlet býujetiniň taslamasyny taýýarlamagy tabşyrdy
27.05.22 - 09:14Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararyna laýyklykda, Maliýe we ykdysadyýet ministrligine 2022-nji ýylyň 1-nji noýabryna Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamalaryny taýýarlamak tabşyryldy.
Türkmenistanyň we Eýranyň wekilleri ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini maslahatlaşdy
27.05.22 - 09:1623-nji maýda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde netijeliligi ýokarlandyrmak we tanymallygy artdyrmak boýunça geçirilen mejlisiň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mehdi Safari bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Gazçylaryň netijeli işi
26.05.22 - 11:22Şu günlerde «Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje etrabynda ýerleşen gaz hojalyk edaralarynyň hünärmenleri we işgärleri netijeli iş görkezýärler.
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
26.05.22 - 11:23Prezident Serdar Berdimuhamedow sişenbe güni “Türkmenistan — ABŞ” işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty hem-de “Niсklaus Сompanies” kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory we direktorlar geňeşiniň agzasy Jon Rizi kabul etdi.