Türkmenistanyň Prezidenti halkara nebitgaz forumyna gatnaşyjylara Gutlag iberdi
09:54 28.10.2020 10068
«Sizi «Türkmenistan - Bitaraplygyň mekany» ýylynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň öňüsyrasynda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» atly XXV halkara maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Ýurdumyzyň nebitgaz senagatynyň gazananlaryny dünýä ýaýmak maksady bilen geçirilýän bu halkara maslahatyň işine uly üstünlikleri arzuw edýärin!» - diýlip, Aşgabatda geçirilýän ugurdaş sergä gatnaşyjylara Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň iberen Gutlagynda aýdylýar.
Gutlagda bellenilişi ýaly, uglewodorod serişdeleriniň uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistanyň energetika strategiýasy ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge hem-de dünýäniň energetika ulgamyna sazlaşykly goşulmaga gönükdirilendir. Köpugurly gaz geçiriji ulgamyň döredilmegini, türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ugratmagyň ugurlarynyň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegini bu ugurda geçirilýän möhüm işler hökmünde görkezmek bolar.
Häzirki döwürde Garaşsyz döwletimiz Ýewropa, Merkezi Aziýa we Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlaryna «mawy ýangyjy» eksport edýän ýurtlaryň hataryna girýär. Türkmenistan hem-de sebit üçin strategik taýdan möhüm taslama bolan Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň durmuşa geçirilip başlanmagy bu taslama gatnaşyjy döwletlerde gyzyklanmany has-da güýçlendirdi. Bu gaz geçirijiniň gurlup, ulanmaga berilmegi türkmen tebigy gazynyň uly möçberini daşarky bazarlara ibermek bilen bir hatarda, sebitde durnukly ösüşi we parahatçylygy berkitmäge uly itergi berer, ykdysady hyzmatdaşlygyň has-da berkemegine möhüm şert döreder.
Ýurdumyz energetika pudagynda däp bolan strategik hyzmatdaşlygy saklamak bilen bir hatarda, Ýewropa, Aziýa, Uzak Gündogar, Günorta-Gündogar ugurlary boýunça energetika babatda hyzmatdaşlygy barha giňeldýär, dünýäniň öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalary, abraýly maliýe düzümleri bilen işjeň hyzmatdaşlygy ösdürýär.
Ýurdumyzda nebitiň we gazyň çykarylýan hem-de gaýtadan işlenilýän möçberlerini artdyrmak, dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän önümleriň möçberini artdyrmak babatda köp işler alnyp barylýar.
Bu gün Türkmenistan Watanymyz energiýa serişdelerini diňe bir öndürmek ýa-da daşary ýurtlara ibermek bilen çäklenmän, eýsem, dünýä bazarynda uly islegden peýdalanýan nebit we gazhimiýa önümleriniň eksportynyň möçberlerini ýylsaýyn artdyrýar.
«Biz ýakynda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda iki sany täze gaz turbina desgasynyň gurluşygyna badalga berdik. Bu bolsa, öz gezeginde, nebiti gaýtadan işleýän pudagyň geljekde has-da ilerlemegine goşant goşar. Biz tebigy gazy gaýtadan işläp, täze önümleri öndürmegi ýola goýmaga uly ähmiýet berýäris. Bu babatda Balkan welaýatynda hem-de Ahal welaýatynda gurlup, ulanmaga berlen döwrebap gazhimiýa toplumlaryny görkezmek bolar» diýlip bellenilýär.
Bütin dünýäde energiýa serişdeleriniň sarp edilişiniň has-da artýan döwründe dünýäniň birnäçe döwletleri Türkmenistan bilen energetika babatda hyzmatdaşlyk etmäge uly gyzyklanma bildirýär. Bu bolsa ýurdumyzyň halkara abraýynyň barha artýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.
Bu halkara maslahatyň ýurdumyzyň hünärmenleri bilen daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyzyň özara tejribe alyşmagynda, geljekde giň gerimli hyzmatdaşlygy ýola goýmakda hem-de özara bähbitli taslamalary ara alyp maslahatlaşmakda uly ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýaryn – diýip Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär.
«Size berk jan saglyk, uzak ömür, abadan we bagtyýar durmuş hem-de Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň işini ösdürmek babatda alyp barýan işleriňizde rowaçlyklary arzuw edýärin!» diýip döwlet Baştutany Gutlagyny jemleýär.
2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy
2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy. Bu barada Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti bilen duşuşygyna taýýarlanylan materiallarda aýdylýar. Duşuşyk 15-16-njy sentýabrda Samarkandda ŞHG sammitiniň çäklerinde meýilleşdirildi diýip, RIA Nowosti ýazýar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa saparynyň jemleri boýunça resminamalaryň toplumyna gol çekildi
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýa amala aşyran saparynyň jemleri boýunça hyzmatdaşlyk hakynda resminamalaryň toplumyna gol çekildi. 15-nji aprelde Serdar Berdimuhamedowyň ýapon işewürleri bilen geçiren duşuşygynyň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň täze ilçisi bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
17-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Amer bin Ali Al-Şehrini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy diýip, TDH habar berýär.
Kuala-Lumpur TEIF 2025 halkara maýa goýum forumyny geçirmäge taýýarlyk görýär
2025-nji ýylyň 23–24-nji aprelinde Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde geçiriljek “TEIF 2025” Türkmenistanyň halkara maýa goýum forumynyň açylmagyna az wagt galdy. Forumyň Guramaçylyk toparynyň habar bermegine görä, bu möhüm waka gatnaşmak üçin hasaba alyş eýýäm tamamlandy. Foruma jemi 42 ýurtdan 355-den gowrak wekil gatnaşar.
Türkmenistanyň we Russiýanyň Prezidentleri ŞHG-niň sammtiniň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyk geçirerler
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyk geçirerler. Bu barada Russiýanyň öňdebaryjy habarlar agentlikleri RF-niň Prezidentiniň halkara işleri boýunça kömekçisi Ýuriý Uşakowa salgylanyp habar berýär.