Aşgabatda OGT 2020 nebitgaz forumy öz işine başlady
10:50 29.10.2020 8837
28-nji oktýabrda “Türkmenistanyň nebiti we gazy -2020” atly XXV Halkara maslahaty öz işine başlady. Bu halkara maslahaty “Türkmen Forum” hojalyk jemgyýetiniň hyzmatdaşlyk etmekliginde “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleri tarapyndan gurnalýar.
Şu ýylda geçirilýän energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga we ösdürmäge gönükdirilen bu iri ýöriteleşdirilen forum ilkinji gezek diňe bir däp bolan çäklerde geçirilmän, eýsem, Aşgabatdan onlarça ýurtlara onlaýn görnüşde ýaýradylýar.
Umumy mejlis Türkmenistanyň energetika diplomatiýasyna bagyşlanyldy. Ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesi bu diplomatiýanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam edýär.
Çykyşlarda ykdysadyýetiň iri pudagy bolan nebitgaz senagatyna eziz Diýarymyzy innowasion esasda senagatlaşdyrmak, eksport kuwwatyny giňeltmek boýunça iri möçberli maksatnamalary durmuşa geçirmekde uly ornuň degişlidigi bellenildi.
Soňky ýyllarda Türkmenistan sebitiň iri energetika döwletine öwrülmek babatynda uly ýol geçdi. Nebitgaz toplumynda durmuşa geçirilen we amala aşyrylýan iri taslamalar, şol sanda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasynyň gurluşygy munuň aýdyň mysalydyr. Bu iri dünýä döwletleri we abraýly halkara maliýe guramalary tarapyndan goldanylýar.
Häzir täze energetika magistralynyň 214 kilometrlik türkmen böleginde işler tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Onuň kuwwatlylygy ýylda 33 milliard kubmetr gaz geçirmäge barabar bolup, umumy uzynlygy 1 müň 840 kilometre deňdir.
Ýurdumyzyň dünýäniň iri energetiki döwletleriniň biri hökmündäki derejesi tebigy gazyň gorlaryna berlen baha bilen tassyklanyldy. Ägirt uly “Galkynyş” gaz käniniň we beýleki birnäçe iri känleriň açylmagy bilen Türkmenistan “mawy ýangyjyň” tassyklanan gorlary boýunça dünýäde dördünji orny ynamly eýeläp, Azianyň gaz bazarynyň iri agzasyna öwrüldi.
Bu gaz ýatagynyň senagat taýdan özleşdirilmegine girişilmegi gaz pudagynda amala aşyrylýan iň iri möçberli taslamalaryň birine öwrüldi. Bu gün şu ýerde önümçilik kuwwaty ýylda 30 milliard kub metr harytlyk gaza barabar bolan zawodlaryň üçüsi işe girizildi. “Galkynyş” gaz käniniň abadanlaşdyrmak boýunça işler dowam edýär.
Hytaý Halk Respublikasy bu gün türkmen tebigy gazyny iň iri alyjysy bolup durýar. 2009-njy ýylyň dekabrynda ulanylmagy berlen Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý gaz geçirijisiniň üç ugry (A, В we С) boýunça ýylda 40 milliard kub metre golaý gaz iberilýär.
Şunuň bilen birlikde, magistralyň çig mal binýady berkidilýär. Bu häzirki wagtda gaz geçirijiniň gurluşygy anyk netijelere gönükdirilen uzakmöhletleýin, netijeli hyzmatdaşlygyň mysaly bolup durýar. Geljekde türkmen tebigy gazynyň HHR-e iberilýän mukdary ýylda 65 milliard kub metre çenli artdyrylar.
Mundan başga-da, Orta Aziýa-Merkez turba geçirijisi boýunça Russiýa Federasiýasyna gaz iberilýär, ekologiýa taýdan arassa ýangyjy günorta ugry boýunça eksport etmek üçin tehniki şertler we serişde binýady bar.
Kärhana “Türkmengaz” döwlet konserniniň hem-de “Kawasaki Heavy Industries Ltd.” (Ýaponiýa) we “Rönesans Endüstri Tesisleri Inşaat Sanaýi ve Ticaret A.Ş.” (Türkiýe) kompaniýalarynyň konsorsiumynyň bilelikdäki tagallalary esasynda guruldy. Ähli görkezijileri boýunça täsin kärhananyň esasy önümi iň ýokary ekologiýa talaplaryna gabat gelýän ECO-93 görnüşli benzindir.
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Ýelena Panowanyň, Energetika Hartiýasynyň Baş sekretary Urban Rusnagyň we beýleki foruma gatnaşyjylaryň çykyşlarynda global ykdysadyýetiň ornunyň pugtalandyrylmagynyň dünýä energetikasynyň durnuklylygyna gönüden-göni baglydygy aýratyn bellenildi.
Forumyň işi mejlisler arkaly dowam etdi. Şolaryň dowamynda energetika bazarlarynyň häzirki ýagdaýy hem-de ösüşiniň ählumumy ugurlary,
COVID-19 pandemiýasyndan soň, energetika dünýäsinde tebigy gazyň eýeleýän orny seljerildi.
Bilermenleriň pikirine görä, dünýä ykdysadyýetindäki çylşyrymly ýagdaý sebäpli, energiýa serişdelerine bolan islegiň pese gaçmagynda gaz pudagy nebit pudagyna garanda az zyýan çekdi. Geljek barada aýdylanda bolsa, pandemiýa iru-giç tamamlanar, ykdysadyýeti bolsa barybir ýangyç-energetika toplumynyň kömegi arkaly dikeltmeli bolar.
Kömürturşy gazynyň atmosfera goýberilmeginiň azaldylmagy, degişlilikde, tebigy gaza islegiň artmagy dünýä bileleşiginiň howanyň üýtgemegine garşy göreşmek meýilleri bilen baglylykda, dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň uzakmöhletleýin baş ugry bolup durýar.
Ozal hem bolşy ýaly, Hytaýda, Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň beýleki ýurtlarynda tebigy gazyň sarp edilişiniň ýokary depgini çaklanylýar. Gaýtadan dikeldilýän energiýalar, ilki bilen ýel we gün energiýa hem öz işjeň ösüşine eýe bolar.
Nebitgaz işewürliginiň netijeliligini ýokarlandyrmagyň usullarynyň biri hem innowasion tehnologiýalaryny, giňden sanlylaşdyrmagy pudaga ornaşdyrmakdan ybaratdyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyny şu ugra gönükdirýär.
29-njy oktýabrda “Türkmenistanyň nebiti we gazy -2020” atly Halkara maslahaty öz işini dowam eder.
2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy
2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy. Bu barada Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti bilen duşuşygyna taýýarlanylan materiallarda aýdylýar. Duşuşyk 15-16-njy sentýabrda Samarkandda ŞHG sammitiniň çäklerinde meýilleşdirildi diýip, RIA Nowosti ýazýar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa saparynyň jemleri boýunça resminamalaryň toplumyna gol çekildi
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýa amala aşyran saparynyň jemleri boýunça hyzmatdaşlyk hakynda resminamalaryň toplumyna gol çekildi. 15-nji aprelde Serdar Berdimuhamedowyň ýapon işewürleri bilen geçiren duşuşygynyň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň täze ilçisi bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
17-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Amer bin Ali Al-Şehrini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy diýip, TDH habar berýär.
Kuala-Lumpur TEIF 2025 halkara maýa goýum forumyny geçirmäge taýýarlyk görýär
2025-nji ýylyň 23–24-nji aprelinde Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde geçiriljek “TEIF 2025” Türkmenistanyň halkara maýa goýum forumynyň açylmagyna az wagt galdy. Forumyň Guramaçylyk toparynyň habar bermegine görä, bu möhüm waka gatnaşmak üçin hasaba alyş eýýäm tamamlandy. Foruma jemi 42 ýurtdan 355-den gowrak wekil gatnaşar.
Türkmenistanyň we Russiýanyň Prezidentleri ŞHG-niň sammtiniň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyk geçirerler
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyk geçirerler. Bu barada Russiýanyň öňdebaryjy habarlar agentlikleri RF-niň Prezidentiniň halkara işleri boýunça kömekçisi Ýuriý Uşakowa salgylanyp habar berýär.