Alekperow: «Lukoýl» Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň geljegine uly ynam bildirýär
20:53 31.10.2020 8969
«Lukoýl» kompaniýasy Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň geljegine uly ynam bildirýär hem-de bilelikdäki taslamalar üçin hemişe açykdyr, diýip öňdebaryjy rus nebit kompaniýasynyň ýolbaşçysy Wagit Alekperow «Türkmenistanyň nebiti we gazy 2020» XXV halkara maslahatynda eden çykyşynda belledi.
Çarşenbe güni forumyň mejlisiniň çäginde eden çykyşynda Wagit Alekperow ykdysady ösüş ulgamynda Türkmenistanda ýetilýän sepgitlere we gazanylýan üstünliklere çyn ýürekden buýsanýandygyny belledi. Munuň özi türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmaga, ykdysadyýetiň täze ugurlaryny ösdürmäge hem-de daşary ýurtly maýadarlar üçin ýurduň özüne çekijiligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.
Ýurduň ösüşleri ýangyç-energetika toplumynda gazanylan üstünlikler bilen hem aýrylmaz baglanyşyklydyr. Türkmenistan tebigy gazy eksport etmekde dünýäde öňdebaryjy ýurtlaryň sanawynda bolmak bilen, soňky birnäçe ýyldan bäri «mawy ýangyjy» çykarmagyň durnukly ösüşini üpjün edýär.
Türkmenistan bilen «Лукойл» kompaniýasyny köpýyllyk hyzmatdaşlygyň taryhy baglanyşdyrýar. Häzirki wagtda biz dürli ugurlar boýunça bilelikdäki taslamalary, şol sanda deňizdäki nebit ýataklaryny özleşdirmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşýarys – diýip Alekperow belledi.
Belläp geçsek, 2020-nji ýylda Wagit Alekperow iki gezek — fewralda we sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşdy. Sentýabr aýynda geçirilen duşuşykda Alekperow «Lukoýl» kompaniýasynyň uglewodorodlary çykarmak we gaýtadan işlemek hem-de nebithimiýa ulgamynda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýändigini belledi.
Döwlet Baştutanyny «Lukoýl» kompaniýasynyň Hazar deňzindäki nebitgaz känlerindäki alyp barýan işi bilen tanyşdyryp, Alekperow Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeltmäge taýýardygyny mälim etdi.
Türkmenistanyň Prezidenti bar bolan teklipleri «Türkmennebit» we «Türkmengaz» döwlet konsernleri bilen işläp taýýarlamagy we hökümetiň garamagyna bermegi maslahat berdi.
2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy
2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy. Bu barada Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti bilen duşuşygyna taýýarlanylan materiallarda aýdylýar. Duşuşyk 15-16-njy sentýabrda Samarkandda ŞHG sammitiniň çäklerinde meýilleşdirildi diýip, RIA Nowosti ýazýar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa saparynyň jemleri boýunça resminamalaryň toplumyna gol çekildi
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýa amala aşyran saparynyň jemleri boýunça hyzmatdaşlyk hakynda resminamalaryň toplumyna gol çekildi. 15-nji aprelde Serdar Berdimuhamedowyň ýapon işewürleri bilen geçiren duşuşygynyň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň täze ilçisi bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
17-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Amer bin Ali Al-Şehrini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy diýip, TDH habar berýär.
Kuala-Lumpur TEIF 2025 halkara maýa goýum forumyny geçirmäge taýýarlyk görýär
2025-nji ýylyň 23–24-nji aprelinde Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde geçiriljek “TEIF 2025” Türkmenistanyň halkara maýa goýum forumynyň açylmagyna az wagt galdy. Forumyň Guramaçylyk toparynyň habar bermegine görä, bu möhüm waka gatnaşmak üçin hasaba alyş eýýäm tamamlandy. Foruma jemi 42 ýurtdan 355-den gowrak wekil gatnaşar.
Türkmenistanyň we Russiýanyň Prezidentleri ŞHG-niň sammtiniň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyk geçirerler
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyk geçirerler. Bu barada Russiýanyň öňdebaryjy habarlar agentlikleri RF-niň Prezidentiniň halkara işleri boýunça kömekçisi Ýuriý Uşakowa salgylanyp habar berýär.