«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazakdyryş» birleşiginiň öňdebaryjy önümçilik düzümleriniň biri bolan «Gündogargazakdyryş» müdirliginiň gazçylary ýokary basyşly gaz geçirijileri, gaz paýlaýjy beketleri, gaz sazlaýjy düwünleri güýz-gyş möwsümine meýilnamada bellenilen möhletinde birkemsiz taýýar etdiler. Munuň özi sarp edijileri döwletimiz tarapyndan halkymyza berilýän eşretiň biri — tebigy gaz bilen ýeterlik möçberde üpjün etmeklige şert döredýär.
Ýurdumyzyň Mary hem-de Lebap welaýatlarynyň ilatyny, edara-kärhanalaryny «mawy ýangyç» bilen ýylyň bütin dowamynda bökdençsiz üpjün edýän «Gündogargazakdyryş» müdirliginiň hünärmenleridir işçileri şu welaýatlaryň çäklerinde umumy uzynlygy 2570 kilometrdenem köpräk bolan ýokary basyşly gaz geçirijilerine hyzmat edýärler.