Nebiti gaýtadan işleýjiler oňat görkezijileri gazanýarlar
20.10.20 - 11:24Ýetip gelýän şanly senäni — Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyny mynasyp sowgatlar bilen garşylaýanlaryň hatarynda Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň agzybir we ruhubelent işgärleri hem bar. Olar şanly baýramyň giňden belleniljek ýylynyň her bir gününi zähmet üstünliklerine besleýärler. Senagat kärhanasy boýunça şu ýylyň geçen dokuz aýynyň maliýe-ykdysady netijeleri hem bu sözlere ynandyryjylykly şaýatlyk edýär.
Žurnalyň täze sany çap edildi
20.10.20 - 11:21«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Türkmenistanyň nebiti, gazy we mineral serişdeleri» atly jemgyýetçilik-syýasy we ylmy publisistik žurnalynyň täze sany çap edilip, okyjylara gowuşdy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» kitabynyň XII jildiniň tanyşdyrylyşy geçirildi
22.10.20 - 10:04Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň Merkezi binasynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» kitabynyň XII jildiniň tanyşdyrylyşy geçirildi.
Hormatly Prezidentimiziň täze kitaby bilen tanyşdyryldy
20.10.20 - 11:19Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýiti zehininden çykan «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň XII jildi halkymyza, aýratyn hem saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň işgärlerine ajaýyp sowgat boldy.
Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň wirtual sergisi 1-nji noýabrdan işläp başlar
22.10.20 - 10:06Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan ýurdumyzyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde, Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň wirtual sergisiniň taslamasy işlenip taýýarlanyldy. Serginiň şu ýylyň 1-nji noýabryndan Internet ulgamynda öz işine başlamagy meýilleşdirilýär.
Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň ykdysady hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary maslahatlaşyldy
19.10.20 - 23:03Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministri Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Katsumata Takahiko bilen geçiren duşuşygynda döwletara gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy, diýip Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Geçen hepdäniň birža täzelikleri
19.10.20 - 12:37Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 52-si hasaba alyndy.
Türkmenistanyň we Hindistanyň Prezidentleri ykdysady hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmagyň meselelerini maslahatlaşdylar
16.10.20 - 20:49Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowindiň arasynda telefon arkaly geçirilen söhbetdeşlikde energetika ulgamy hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugry hökmünde görkezildi.
«OGT- 2020» XXV Halkara maslahaty Aşgabatda onlaýn görnüşde geçiriler
19.10.20 - 09:46«Türkmenistanyň nebiti we gazy 2020» XXV halkara maslahaty 28-29-njy oktýabrda Aşgabatda geçiriler. Çäräniň guramaçylary hökmünde «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri «Turkmen Forum» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda çykyş edýärler.
Gurbanguly Berdimuhamedow: Türkmenistan Fransiýa bilen gatnaşyklaryny ösdürmäge taýýar
16.10.20 - 15:23Türkmenistan Fransiýa bilen ikitaraplaýyn, şonuň ýaly-da, köpugurly görnüşde, şol sanda Ýewropa Bileleşigi bilen ýola goýlan netijeli gatnaşyklaryň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmäge çalyşýar. Bu barada Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Fransiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Izabel Ginel bilen geçiren duşuşygynda belledi.
«Çöllük» önümçilik edarasynda
13.10.20 - 14:37«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Daşoguzgazakdyryş» müdirliginiň «Döwletabat — Derýalyk» Baş gaz geçirijisiniň ugrunda ýerleşýän «Çöllük» önümçilik edarasynyň gazçylary «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň her bir aýyny zähmet rowaçlyklaryna beslemek bilen, barha golaýlaşýan hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk senesini mynasyp zähmet sowgatly garşylamaklygy maksat edinýärler.
Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Fransiýanyň täze ilçisi bilen döwletara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
15.10.20 - 15:47Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Fransiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hanym Izabel Ginel bilen geçiren duşuşygynda ýokary derejedäki saparlaryň gurnalmagynyň wajyplygy barada bellenildi, diýip Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Zähmet soňy rähnet
13.10.20 - 14:33Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramynyň şanly 29 ýyllygy mynasybetli hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň «Lebapgazüpjünçilik» müdirliginiň gaz dolduryjy bekediniň ussasy Rustamjan REJEPOW Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» diýen medal bilen sylaglandy. Biz gürrüňdeşimizi eýe bolan döwlet sylagy bilen gutlap, ondan zähmet ýoly hakynda gürrüň bermegini haýyş etdik.
Gruziýa 9 aýda Türkmenistandan 56 müň tonna golaý dizel ýangyjyny satyn aldy
15.10.20 - 15:422020-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aralygynda Türkmenistandan Gruziýa iberilen dizel ýangyjynyň mukdary 55,9 müň tonna (umumy möçberiň 13,3%) barabar boldy. Bu barada Gruziýanyň nebit önümlerini import edijiler birleşmesine salgylanyp “Interfaks-Azerbaýjan” habarlar agentligi sişenbe güni habar berdi.
Ylma bagyşlanan ömür
13.10.20 - 14:31Öz arassa zähmeti, tebigy zehini bilen ylym ummanyna aralaşyp bilen ilkinji türkmen alymlarynyň biri, «Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy», «Türkmenistanyň at gazanan senagat işgäri» diýen hormatly atlaryň, «Altyn asyr» ordeniniň III derejesiniň, «Gaýrat» we «Watana bolan söýgüsi üçin» medallarynyň eýesi, görnükli alym, geologiýa-mineralogiýa ylymlarynyň doktory, «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazylmytaslama» institutynda uzak ýyllar ýolbaşçy we baş ylmy işgär bolup işlän Mars AŞYRMÄMMEDOW ýatlanylmaga diýseň mynasyp adam.