Uglerody tutmak bazary 2050-nji ýyla çenli 4 trln dollara çenli artar

Uglerody tutmak bazary 2050-nji ýyla çenli 4 trln dollara çenli artar

ExxonMobil-yň hasaplamalaryna görä, 2050-nji ýyla çenli kömürturşy gazyny (CO2) tutmak bazarynyň we onuň ýerasty saklanyşynyň gerimi ABŞ-nyň 4 trln dollaryna deň bolar. Bu barada kompaniýanyň şu hepdede geçirilen prezentasiýasynda aýdylýar diýip, neftegaz.ru habar berýär.

Bu nebit we gaz bazarynyň 60%-e golaýyny tutýar. Ol 2050-nji ýyla çenli ABŞ-nyň 6,5 trln dollaryna deň bolar.

Halkara energetika agentliginiň maglumatlaryna görä, uglerody tutmaklyk zyňyndylaryň atmosfera düşmegini azaltmagyň möhüm tehnologiýasy bolup durýar.

CO2-ny tutmaklygyň tehnologiýasy öz içine ýangyjy ýakmak ýa-da senagat tehnologiki prosesler netijesinde emele gelen kömürturşy gazyny tutmaklygy; ony deňiz arkaly ýa-da turba geçiriji arkaly ibermegi; ýerastynda geologiki formasiýalarda saklamaklygy ýa-da önümleri öndürmek üçin çig mal hökmünde ulanmaklygy göz öňünde tutýar. 

Dünýäniň nebitgaz meýjorlary uglerody tutmak we saklamak işiniň döwrebap işewürlik bolmagy üçin serişde maýa goýýarlar. Bu möhümdir, çünki Howanyň üýtgemegi boýunça bilermenleriň hökümetara topary ýaly halkara guramalar bu tehnologiýany global maýlamanyň täsirlerini azaltmagyň açary hökmünde görýärler.

Nebitgaz №38
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№38

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 22-si

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993