Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda Dostluk we hyzmatdaşlyk hakynda Şertnama ikitaraplaýyn gatnaşyklary durnukly ösdürmek üçin pugta hukuk binýadyny döredýär. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedow russiýaly kärdeşi Wladimir Putine iberen hatynda belleýär.
Serdar Berdimuhamedow hatynda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Wladimir Putine we Russiýa Federasiýasynyň ähli dostlukly halkyna Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda Dostluk we hyzmatdaşlyk hakynda Şertnama gol çekilmegine 20 ýyl dolmagy mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň oňat arzuwlaryny iberýändigini belleýär.
«Geçen döwür Şertnamanyň diňe bir biziň halklarymyzyň dostlugynyň we hoşniýetli goňşuçylygynyň taryhy däplerine laýyk gelmek bilen çäklenmän, eýsem, ikitaraplaýyn gatnaşyklary durnukly ösdürmek üçin hem pugta hukuk binýady döredýändigini aýdyň görkezýär» diýip, Türkmenistanyň Prezidenti nygtaýar.
Serdar Berdimuhamedow hatynda Şertnamada göz öňünde tutulan mümkinçilikleriň amala aşyrylmagynyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlarda türkmen-russiýa hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we giňeltmäge ýardam etjekdigine ynanýandygyny belledi.