Seýdiniň NGIZ 2021-nji ýylda 220 müň tonnadan gowrak benzin öndürdi

Seýdiniň NGIZ 2021-nji ýylda 220 müň tonnadan gowrak benzin öndürdi

Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody 2021-nji ýylda 220 müň 83 tonna benzin öndürdi. Bu barada «Türkmengündogary» welaýat gazeti habar berýär.

Mundan başga-da, geçen ýylda zawodda şeýle hem 135 müň 95 tonna dizel ýangyjy, 22,5 müň tonna mazut, 34 müň 991 tonna ýol bitumy we nebiti gaýtadan işlemegiň beýleki önümleri öndürildi.

Ýokary oktanly düzümleri almak üçin ЛК 35-11/1000 katalitik riforming desgasynyň oturdylmagy netijesinde zawodyň önümçilik kuwwaty ýylda 500 müň tonna çenli benzin öndürmäge niýetlenildi.

Nebitgaz №38
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№38

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 22-si

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993