TNGIZT-niň düzüm gurluşy we Tertipnamasy kämilleşdiriler

TNGIZT-niň düzüm gurluşy we Tertipnamasy kämilleşdiriler

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň önümçilik kuwwatyny doly derejede herekete girizmek maksady bilen, onuň düzüm gurluşyny we Tertipnamasyny kämilleşdirmek meýilleşdirilýär. Bu barada geçen anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde habar berildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyny doly kuwwatynda işletmek, ony çig mal serişdeleri bilen üpjün etmek, tehnologik desgalaryň bökdençsiz işlemegini gazanmak bilen bagly meseleleriň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, onuň düzüm gurluşyny we Tertipnamasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada-da aýdyldy.

Häzirki wagtda hereket edýän Tertipnama 2006-njy ýylda tassyklanyldy. 2021-nji ýylda nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna sanly ulgamy ornaşdyrmak hem-de maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek bilen bagly üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi.

Häzirki wagtda bu kärhananyň düzüm gurluşyny döwrebaplaşdyrmak zerur bolup durýar. Munuň bilen bagly toplumyň önümçilik desgalarynyň doly kuwwatynda işledilmegini üpjün etmek, uglewodorod serişdelerini gaýtadan işlemegi artdyrmak, ýokary hilli nebit önümlerini öndürmek we olary dünýä bazarlaryna çykarmak maksady bilen, toplumyň önümçilik desgalarynyň kuwwatlyklaryny doly güýjünde işletmek zerur bolup durýar.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň düzüm gurluşynyň we Tertipnamasynyň rejelenen görnüşdäki taslamasyny döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürledi.

Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak esasynda ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny ösdürmäge we döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen energetika strategiýasyny durmuşa geçirmegiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtady.

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň önümçilik kuwwatyny artdyrmagyň, nebit önümleriniň halkara bazarlaryny içgin öwrenmegiň hem-de ygtybarly daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň zerurdygy bellenilip, wise-premýere bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etmek bilen baglanyşykly birnäçe anyk tabşyryklar berildi.

Nebitgaz №38
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№38

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 22-si

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993