HPG 2022-nji ýylda nebiti eksport edijileriň girdejileriniň çaklamasyny ýokarlandyrdy

HPG 2022-nji ýylda nebiti eksport edijileriň girdejileriniň çaklamasyny ýokarlandyrdy

Halkara pul gaznasy (HPG) Ýakyn Gündogar we Merkezi Aziýanyň nebiti eksport ediji döwletleriniň girdejileriniň  2022-nji ýylda artmagy barada çaklamasyny ýokarlandyrdy. Bu barada çarşenbe güni neşir edilen HPG-niň sebit çaklamasynda aýdylýar.

Gaznanyň bilermenleriniň garaşmaklaryna gör, nebitiň bahalarynyň has ýokary bolmagyndan alynjak girdejileri netijesinde sebitiň jemi içerki önüminiň derejesi 818 mlrd amerikan dollaryna ýeter. Bu HPG-niň geçen ýylyň oktýabryndaky bahalandyrmasyndan 320 milliard köpdür.

Şunuň bilen baglylykda, HPG sebitiň döwletlerini «hüşgärli» syýasata çagyrýar. Bu hili syýasat olaryň ykdysadyýetiniň bahalaryň ýokarlanyp-aşkalanmagyna baglylygyny azaldar.

HPG-niň çaklamasyna görä, bu ýagdaýlar sebitde fiskal we daşarky saldo görkezijilerini gowulandyrar. Bu ýurtlara 13 sany eksport ediji — Birleşen Arap Emirliklerinden başlap Türkmenistana çenli döwletler girýär.

Çaklanylmagyna görä, nebitiň barreliniň ortaça bahasy 2022-nji ýylda 106,83 dollara, 2023-nji ýylda 92,63 dollara deň bolar. 

Gaznanyň bahalandyrmalaryna görä, sebitiň resmi ätiýaçlyk gorlary ABŞ-nyň 1,3 trln dollaryna barabar bolar, bu bolsa oktýabrda çaklanylanyndan 235 mlrd dollar köpdür.

Nebit «baýragy» — bu «maliýe bazarlaryny çuňlaşdyrmaga, şeýle hem ykdysadyýete goşmaça maýa goýumlary çekmäge» mümkinçilikdir» diýip HPG-niň sebit direktory Jihad Azur belledi.

Nebitgaz №38
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№38

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 22-si

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993