HNGU türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli dabara geçirdi

HNGU türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli dabara geçirdi

Türkmen bedewiniň ýakynlaşyp gelýän baýramy mynasybetli Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň çäginde aýdym-sazly dabara gurady.

Açyk asmanyň astynda guralan ýöriteleşdirilen meýdançada ýokary okuw mekdebiniň «Gara altyn» talyplar döredijilik topary çykyş etdi diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň hünärmenleri sahnanyň iki tarapyndan ýerleşen tematiki ekspozisiýany guradylar. Gatnaşyjylara döredijilik we amaly-haşam sungatynyň önümleri görkezildi.

Bu ýerde türkmen suratkeşleriniň, halyçylarynyň, zergärleriniň, atçylyk esbaplaryny taýýarlaýjylaryň işleri görkezildi.

Teletomaşaçylar bu baýramçylyk çäresine Miras milli teleýaýlymyndan tomaşa edip bilerler.

Nebitgaz №38
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№38

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 22-si

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993