Merkezi Aziýa-Hytaý gaz geçirijisi boýunça 2022-nji ýylyň birinji çärýeginde HHR 10,07 mlrd kub metr tebigy gaz import etdi. Bu barada PipeChina West Gas Pipeline kompaniýasy habar berdi.
Sinhua habarlar agentliginiň berýän habaryna görä, şol turbageçiriji boýunça 2021-nji ýylda Hytaýa 44,1 mlrd dollarlyk tebigy gaz akdyrylypdy.
2009-njy ýylda ulanyşa girizilen Merkezi Aziýa-Hytaý gaz geçirijisi Türkmenistanyň serhetlerinden başlanýar, soňra Özbegistanyň we Gazagystanyň üstünden geçýär we Hytaýyň demirgazyk-günbataryndaky Sinzýan-Uýgur awtonom etrabynda ýerleşen Horgosda Günbatar-Gündogar gaz geçirijisi bilen birleşýär. Ol HHR-niň ilkinji transmilli gaz geçirijisidir.
Häzirki wagtda Türkmenistan – Hytaý magistral gaz geçirijisi üç sany ugurdaş şahany öz içine alýar (A, B we Ç). Onuň ulanyşa girizileninden bäri, Hytaýa 320 mlrd kub metr türkmen gazy eksport edildi.
Ýakyn geljkde Türkmenistanyň serhedinden Hytaýa gaz geçirmek üçin bu gaz geçirijiniň 4-nji şahasy hem gurlar. Bu bolsa Hytaýa iberilýän tebigy gazyň möçberini artdyrmaga ýardam eder.