Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy nebitiň gaýtadan işlenilişiniň çuňlugyny 86%-den 92%-e çenli artdyrar. Munuň özi TNGIZT-niň nebiti gaýtadan işlemek boýunça dünýäniň öňdebaryjy liderleri bilen bir hatara çykmagyna getirer. Bu barada TNGIZT-niň baş direktory Döwran Çişiýew penşenbe güni «Türkmenistanyň nebiti we gazy 2020» halkara forumynda eden çykyşynda belläp geçdi.
Onuň bellemegine görä, nebitiň gaýtadan işlenilmeginiň şu hili ýokarlandyrylmagyna TNGIZT-de gurulýan haýalladylan kokslaşdyrma we gudronyň deasfaltizasiýasy täze desgasynyň işe girizilmegi ýardam eder.
TNGIZT-niň ulgamlaýyn hem hemişelik döwrebaplaşdyrylmagynyň çäklerinde täze tehnologiýalaryň mundan beýläk hem ornaşdyrylmagy ekologiýa taýdan arassa awtomobil benzinleriniň we Ýewro-5 ülňülerine laýyk gelýän dizel ýangyjynyň işlenilip taýýarlanmagyna doly geçmäge gönükdirilendir, diýip D.Çişiýew belledi.
Häzirki wagtda toplumyň düzümine nebiti başlangyç hem gaýtadan işleýän birnäçe desga girýär — olar ELOU-AT desgalary, katalitik kreking we riforming, reaktiw ýangyjy arassalaýyş, dizel ýangyjyny gidroarassalaýyş, olefinleri alkilirleniş hem-de ýeňil benzinleriň izomerizasiýasy desgalary girýär.
TNGIZT-ni döwrebaplaşdyrmagyň barşynda polipropilen örtükleriniň, haltalarynyň, bitumyň, koksuň we taplanan koksuň önümçiligi boýunça desgalar, çalgy ýaglarynyň we polipropileniň önümçiligi boýunça seh işe girizildi.
Onuň önümçiliginiň sanly özgerdilmegi boýunça işler hem dowam edýär —gözegçilik desgalary we dolandyryş barada maglumatlary toplamak, gaýtadan işlemek, görkezmek we arhiwleşdirmek boýunça ulgamlar ornaşdyrylýar.
TNGIZT-de ekologiki normalara doly laýyk gelýän nebiti gaýtadan işleýän we nebit himiýa pudaklarynyň önümleriniň ähli esasy görnüşleri öndürilýär. Esasy düzüm — bu ýokary oktanly etillendirilmedik awtomobil benzini, awiasion ýagtylandyryjy we tehniki kerosin, suwuklandyrylan nebit gazy, dizel ýangyjynyň dürli görnüşleri, şol sanda ECO-4 we ECO-5, 30-dan gowrak görnüşli çalgy ýaglary, polirpopilen, elektrod taplanan koks, ýokary hilli ýol we gurluşyk bitumlary, azkükürtli mazutlar we beýlekiler bar.
Türkmenistanda iň iri kärhana bolmak bilen, TNGIZT gerimi boýunça öňdebaryjy nebiti gaýtadan işleýän konsernlere barabardyr. Onuň düzümine iki sany zawod, köp sanly nebit ýataklar we beketler bar.