26-njy noýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Hytaý Halk Respublikasynyň ýurdumyzdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Szi Şumin bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň resmi internet sahypasynda habar berilýär.
Duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady, energetika, ulag we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerine, gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň meselelerine aýratyn üns berildi.
Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejesini hem-de strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ygrarlydyklaryny nygtadylar.
Söhbetdeşler sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyp, netijeli dialogy mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.