Türkmenistan Hytaý Halk Respublikasy bilen özara ynanyşmak we uzak möhletleýin durnuklylyk ýörelgeleri esasynda giň gerimli hyzmatdaşlygy ösdürmek arkaly Ýewraziýanyň esasy energetika merkezleriniň biri hökmündäki ornuny yzygiderli pugtalandyrýar. Bu strategik hyzmatdaşlygyň binýadyny pugtalandyrmakda gözleg we çig mal gazyp almakdan başlap, halkara bazarlara ýangyç ibermäge çenli iri infrastruktura taslamalarynyň netijeli amala aşyrylmagyny üpjün edýän «Türkmengaz» döwlet konserni çykyş edýär.
Gaz pudagyndaky onýyllyklara niýetlenen bu hyzmatdaşlyk özara bähbitlilik, tehnologik hyzmatdaşlyk we berk maliýe düzgünleri ýörelgelerine esaslanýar.