Garagumuň jümmüşindäki tebigy baýlygy il bähbitli önüme öwürmek gazçylaryň gündelik zähmetiniň baş maksadydyr. Naýybyň suwuklandyrylan gazy öndürýän kärhanasynda şu ýylyň oktýabr aýynda gazanylan netijeler hem bu asylly işiň rowaçlanýandygyna şaýatlyk edýär. Bu ýerde suwuklandyrylan gaz hem-de gaz kondensatyny öndürmek boýunça aýlyk tabşyryklar artygy bilen berjaý edildi.
Has takygy, geçen aýda kärhanada 7 müň 692 tonna suwuklandyrylan gaz öndürmek meýilleşdirilip, hakyky öndürilen önüm 8 müň 51 tonna ýetdi. Şeýlelikde, meýilnama 104,7 göterim ýerine ýetirildi. Bellenilen tabşyrykdan artyk öndürilen önümiň möçberi 359 tonna barabar boldy.