Öz işiniň ussady

Öz işiniň ussady

Bu işbaşarjaň ýigit bilen meniň ilkinji tanyşlygym geçen ýyl — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk şanly baýramçylygynyň dabaraly bellenilýän pursatlarynda bolupdy. Şonda ol hormatly Prezidentimiziň Permany bilen Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglanypdy. Şol pursatlarda men «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazçykaryş» trestiniň tehniki-önümçilik bölüminiň başlygy bolup işleýän Perman Myradowy bu Şa serpaýy bilen ilkinjileriň hatarynda gutlapdym.

«Nebitgazçykaryş» tresti boýunça nebit we gaz çykarmak barada bellenen tabşyryklaryň ýerine ýetirilmegine gönükdirilen tehniki-guramaçylyk çärelerini işläp taýýarlamaklyga ýakyndan gatnaşýan we olaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik edýän öz işine ussat bilen tanyşmak üçin onuň terjimehalyna ser saldym. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabatdaky bölümini üstünlikli tamamlan P.Myradow «Nebitgazçykaryş» trestiniň dürli düzümlerinde indi 35 ýyl bäri zähmet çekip gelýär. Halypalyga ýetişen P.Myradow özüniň ilkinji halypasy, kakasy Aman Myradowdan nebit-gazly känleri özleşdirmek, ýangyç çig malyny gazyp almak we ony kadaly akdyrmak babatynda köp zatlary öwrenýär. Ýeri gelende aýtsak, A.Myradow 40 ýyl «Gumdagnebit» nebit-gaz çykaryş müdirliginiň nebit taýýarlaýyş we akdyryş uçastogyna ýolbaşçylyk edipdir.

Makala diňe abunaçylar üçin niýetlenen

Habaryň dowamyny okamak üçin

Abuna ýazyl
Nebitgaz №46
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№46

2026-njy ýylyň Noýabr aýynyň 17-si

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993