TESC 2026 maslahatynyň çäklerinde metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça halkara tegelek stol geçiriler

TESC 2026 maslahatynyň çäklerinde metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça halkara tegelek stol geçiriler

Aşgabatda dekabr aýynda «Metan zyňyndylaryny azaltmak: halkara hyzmatdaşlygy, tehnologiýalar we amaly çözgütler» atly mowzukda tegelek stol geçiriler. Çäre paýtagtymyzda 14–15-nji dekabrda geçiriljek «Turkmen Energy» (TESC 2026) Halkara ylmy-amaly maslahatynyň çäklerinde meýilleşdirilýär.

Bu duşuşyk energetika pudagynda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak we halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak babatda tejribe alyşmak üçin hünärmenler meýdançasy bolar.

Tegelek stoluň işine milli energetika kompaniýalarynyň, halkara guramalaryň, diplomatik wekilhanalaryň we tehnologiýa kompaniýalarynyň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Mejlisiň barşynda metan zyňyndylaryny ölçemegiň we gözegçilikde saklamagyň döwrebap usullary, hemra tehnologiýalarynyň mümkinçilikleri, tebigy gazyň syzyp çykýan ýerlerini anyklamak we aradan aýyrmak meseleleri, hasabat ulgamlaryny kämilleşdirmek, şeýle hem tehniki hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi uly ugurlary ara alnyp maslahatlaşylar.

Tegelek stola gatnaşyjylar energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak, tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak we daşky gurşawy goramak maksady bilen öndürijilige innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň ähmiýetine aýratyn üns bererler. Geňeşmeler metan zyňyndylaryny azaltmak babatda dünýäniň öňdebaryjy tejribesini öwrenmäge we ony amaly ulanmagyň mümkinçiliklerini seljermäge gönükdiriler.

Metan zyňyndylaryny azaltmak meselesi Türkmenistanyň ekologiýa durnuklylygyny üpjün etmäge, howanyň üýtgemegine garşy göreşmäge we energetika pudagynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlarynyň üns merkezinde durýar.

Tegelek stoluň geçirilmegi bu ugurda döwrebap ekologiýa çözgütleriniň ornaşdyrylmagyna, ylmy-tehniki hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine we bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine ýardam eder diýlip garaşylýar.

Nebitgaz №47
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№47

2026-njy ýylyň Noýabr aýynyň 24-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993