Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Farýal Legari bilen geçiren duşuşygynda energetika we ulag ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi.
Ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň resmi internet sahypasynda habar berlişi ýaly, 26-njy noýabrda geçirilen duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn gün tertibiniň möhüm meselelerine garaldy, şeýle hem Türkmenistan bilen Pakistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň dostlukly häsiýete eýedigi we olary mundan beýläk-de ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy.
Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek, energetika we ulag-aragatnaşyk ulgamlarynda özara gatnaşyklary ösdürmek hem-de bilelikdäki sebit infrastruktura taslamalaryny ilerletmek meselelerine üns çekildi.
Mundan başga-da, sebit hyzmatdaşlygy we halkara guramalaryň çäklerinde özara gatnaşyklar boýunça pikir alşyldy. Taraplar işjeň syýasy-diplomatik dialogy dowam etdirmäge we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga taýýardyklaryny tassykladylar.