«Mawy ýangyjy» ilatly ýerlere ýetirmek, gaz üpjünçilik ulgamlarynyň ygtybarly işlemegini gazanmak gündelik durmuşyň möhüm aladalarynyň biridir. Bu ugurda çekilýän her bir gaz geçiriji şäherleriň we obalaryň inženerçilik üpjünçiligini berkitmäge hyzmat edýär. «Lebapgazüpjünçilik» müdirligi boýunça üstümizdäki ýylyň Milli maksatnamasynyň çäklerinde ýerine ýetirilen işleriň görkezijileri hem welaýatyň dürli künjeklerinde giň gerimli işleriň alnyp barlandygyny aýdyň görkezýär.
Şu ýyl welaýat boýunça jemi 44 kilometr 148 metr gaz geçiriji çekildi. Meýilnamada bolsa 44 kilometr 140 metr göz öňünde tutulypdy. Şeýlelikde, bellenilen tabşyryk artykmajy bilen berjaý edildi. Bu görkezijiniň 16 kilometr 118 metri eltiji gaz geçirijileriniň, 28 kilometr 30 metri bolsa içerki gaz geçirijileriniň paýyna düşýär. Diýmek, ýerine ýetirilen işleriň 63,5 göterimi içerki gaz torlaryna degişlidir.