Alekperow: «Lukoýl» Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň geljegine uly ynam bildirýär

Alekperow: «Lukoýl» Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň geljegine uly ynam bildirýär

«Lukoýl» kompaniýasy Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň geljegine uly ynam bildirýär hem-de bilelikdäki taslamalar üçin hemişe açykdyr, diýip öňdebaryjy rus nebit kompaniýasynyň ýolbaşçysy Wagit Alekperow «Türkmenistanyň nebiti we gazy 2020» XXV halkara maslahatynda eden çykyşynda belledi.

Çarşenbe güni forumyň mejlisiniň çäginde eden çykyşynda Wagit Alekperow ykdysady ösüş ulgamynda Türkmenistanda ýetilýän sepgitlere we gazanylýan üstünliklere çyn ýürekden buýsanýandygyny belledi. Munuň özi türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmaga, ykdysadyýetiň täze ugurlaryny ösdürmäge hem-de daşary ýurtly maýadarlar üçin ýurduň özüne çekijiligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.

Ýurduň ösüşleri ýangyç-energetika toplumynda gazanylan üstünlikler bilen hem aýrylmaz baglanyşyklydyr. Türkmenistan tebigy gazy eksport etmekde dünýäde öň­debaryjy ýurtlaryň sanawynda bolmak bilen, soň­ky birnäçe ýyldan bäri «mawy ýangyjy» çykarmagyň durnukly ösüşini üpjün edýär.

Türkmenistan bilen «Лукойл» kompaniýasyny köpýyllyk hyzmatdaşlygyň taryhy baglanyşdyrýar. Häzirki wagtda biz dürli ugurlar boýunça bilelikdäki taslamalary, şol sanda de­ňizdäki nebit ýataklaryny özleşdirmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşýarys – diýip Alekperow belledi.

Belläp geçsek, 2020-nji ýylda Wagit Alekperow iki gezek — fewralda we sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşdy. Sentýabr aýynda geçirilen duşuşykda Alekperow «Lukoýl» kompaniýasynyň uglewodorodlary çykarmak we gaýtadan işlemek hem-de nebithimiýa ulgamynda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Döwlet Baştutanyny «Lukoýl» kompaniýasynyň Hazar deňzindäki nebitgaz känlerindäki alyp barýan işi bilen tanyşdyryp, Alekperow Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeltmäge taýýardygyny mälim etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti bar bolan teklipleri «Türkmennebit» we «Türkmengaz» döwlet konsernleri bilen işläp taýýarlamagy we hökümetiň garamagyna bermegi maslahat berdi.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993